Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Türkmentelekom' Internet tizligini ýokarlandyrmagy, bahasyny arzanlatmagy wada berýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Internet ulgamyny berk çäklendirmekde tankyt edilýän türkmen häkimiýetleri, 1-nji martdan başlap, Internet tizligini ýokarlandyrmagy, şol bir wagtda onuň nyrhlaryny arzanlatmagy wada berýär. Bu aralykda, Türkmenistan fiksirlenen Internet torunyň tizligi boýunça dünýäde ýene-de yzdaky orunlary eýeledi.

“Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň 21-nji fewralda çap eden bildirişine görä, 1-nji martdan başlap, ozal 512 Kbit/s tizlikli Internete birikdirilen abonentleriň Internet tizligi awtomatik görnüşde 1 Mbit/s-a çykarylar.

Kompaniýanyň bildirişine laýyklykda, 1 Mbit/s Internet nyrhnamasynyň aýlyk bahasy 150 manat, tizligi sekuntda 2 Mbit, 4 Mbit we 6 Mbit bolan Internet nyrhnamalarynyň bahalary degişlilikde 180, 230 we 280 manat bolar.

Mundan ozal, müşderiler tizligi 1 Mbit bolan Internet nyrhnamasy üçin 170 manat, 2 Mbit/s Internet üçin 200 manat töleg töleýärdi. Maglumata görä, Internet nyrhnamalarynyň bahalary 20 manat möçberinde arzanlaýar.

“Adamlar ýokary tizlik wadalaryna ynanmaýarlar, şu wagt iň ýokary tizlik 2 mbit/s, ýöne sekuntda 2 mbitlik Internetiň tizligi iş ýüzünde sekuntda 500 kilobitden geçmeýär” diýip, bir balkanly ýaşaýjy häkimiýetleriň ýokary tizlik wadalaryna syn berdi.

Biraz öň, 31-nji ýanwarda hökümetçi elektron neşirlerde Türkmenistanda Internet tizliginiň ýokarlandyryljakdygy, şeýle-de Internet nyrhnamalarynyň bahalarynyň 1-nji fewraldan başlap, arzanladyljakdygy barada habarlar peýda boldy. Ýöne bu habarlar soňy bilen birden ulanyjylara elýetersiz boldy.

Türkmenistanda öýe çekilen Internet tizliginiň ýokarlandyrylýandygy baradaky habarlar, ýurtdaky Internet tizliginiň ýene bir gezek dünýä ýurtlarynyň arasynda iň yzdaky orunlary eýeleýän wagtyna gabat gelýär.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän we dünýä ýurtlarynda Internet tizliginiň ýagdaýyny öwrenýän SpeedTest web hyzmatlarynyň 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda çap eden soňky hasabatyna görä, Türkmenistan fiksirlenen Internet ulgamynyň tizligi boýunça, barlag geçirilen 179 ýurduň arasynda, Kubadan we Owganystandan soň, 177-nji orny eýeledi. Türkmenistanda bu sapar fiksirlenen Internet torunyň ortaça tizligi 2,34 Mbit/s-a deň boldy.

Hökümetçi neşirlerde Internet tizliginiň artdyryljakdygy we arzanladyljakdygy barada ýanwaryň ahyrynda çap edilip, munuň yz ýany, okyjylara elýetersiz bolan maglumatlardan soň, ýatlasak, bu habarlar ilat arasynda uly gyzyklanma döretdi.

Internetiň tizligi barada hökümetçi neşirlerde ilki çap edilip, soňra elýetersiz bolan habarlaryň yz ýany, Mary welaýatynda adamlar köpçülikleýin “Türkmentelekom” kompaniýasynyň ýerli edarasyna ýüz tutup başladylar.

Bu habarlar türkmen ulanyjylarynyň arasynda sosial media serişdelerinde hem giňden paýlaşyldy.

"Buşluk, buşluk, mähriban dostlar!... 1-nji fewraldan başlap Türkmenistanyň ilatyna, watandaşlarymyza, size, bize 'Türkmenaragatnaşyk' agentliginiň Aşgabat şäher telefon ulgamy täze Internet hyzmatlaryny elýeter bahadan ilatymyza, watandaşlarymyza hödürleýär" diýip, TikTok ulgamyndaky meşhur türkmen bloggerleriniň biri aýtdy.

Ozal tizligi sekuntda 512 Kbit bolan Internet tizliginiň iki esse ýokarlandyrylmagy baradaky sosial media täzelikleri köp sanly Internet muşdaklarynyň ýerli aragatnaşyk kärhanalaryna baryp, ýokary tizlikli Internet üçin arza bermeklerine alyp geldi.

Ýöne aragatnaşyk işgärleri ilatyň arzalaryny kabul etmekden ýüz öwürdi:

“Bar bolan Internetiňize şükür ediň, ondan hem galaýmaň!” diýip, aragatnaşyk kompaniýasynyň işgärleri 1-nji fewralda Mary welaýatynda ýokary tizlikli Internet sorap, kärhana ýüz tutan adamlara ýüzlendi.

Azatlygyň ýerli habarçylary 8-nji fewralda “Türkmentelekom” aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan tizligi 6 Mbit/s bolan Internet hyzmatynyň hödürlenmegine garaşylýandygyny habar berdi. “Türkmentelekomyň” täze bildirişi bu maglumatlary tassyklaýar.

1-nji martdan başlap, ilata hödürlenmegi göz öňünde tutulýan Internet bukjalary tizligi 4 Mbit/s we 6 Mbit/s bolan Internet bukjalaryny hem öz içine alýar.

Mundan ozal, Türkmenistanda şeýle ýokary tizlikde Internet bukjalary fiziki şahslara hödürlenmeýärdi.

Türkmenistanyň hökümeti Internet ulgamyny berk çäklendirmekde tankyt edilýär. Ýurt içinde garaşsyz habar saýtlarynyň websaýtlary, şeýle-de iri sosial torlaryň sahypalary petikli bolmagynda galýar. Ýurduň howpsuzlyk edaralary Internet ulgamyndaky dürli maglumat serişdelerini berk çäklendirmek bilen borçlandyrylýar. Petikli saýtlara girmek üçin zerur bolan VPN hyzmatlaryny hödürleýän adamlar güýç edaralary tarapyndan yzarlanýar.

Bu aralykda, Türkmenistanda Internet tizliginiň ýokarlandyrylmagy baradaky habarlar türkmen hökümetiniň global Internet toruna bagly bolmadyk Milli sanly toruny işläp düzýän döwürlerine gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG