Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Internet ýeňillikleri baradaky habardan soň, 'Türkmentelekomyň' Marydaky edarasyna müňlerçe adam bardy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

1-nji fewralda "Türkmentelekom" elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň Mary welaýatynyň Mary şäherindäki edarasyna müňlerçe adam bardy. Bu waka Internet azatlygyny berk çäklendirmekde tankyt edilýän türkmen häkimiýetleriniň 1-nji fewraldan başlap ýurtdaky Internetiň tizligini artdyrýandygy we bu hyzmatyň bahasyny arzanladýandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

"Köp adam tanyş-bilişlerine jaň edip, şu günden başlap 'Türkmentelekomda' Internet güýçlendirilýär we arzanladylýar, ýetişiň, ýakyn günlerde birigip ýetişmeseňiz, onda ýene bukja gutardy ýa-da gymmatlady diýerler diýdi. Irden sagat 8-den tä edaranyň iş wagty tamamlanýança adamlar yzygiderli 'Türkmentelekoma' bardylar. Gelip giden adamlaryň sany müňlerçe boldy" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.

Emma "Türkmentelekoma" baran müňlerçe adam lapykeç boldy. Edaranyň işgärleri olara bu baradaky "buýrugyň çykandygyny, ýöne degişli Internet bukjalarynyň heniz iberilmändigini" aýtdylar.

"Işgärler bukjalaryň ýakyn günlerde gelmeginiň mümkindigini aýdyp, adamlary öýlerine ugratmaga çalyşdylar. Ýöne adamlar 'biz muny ygytbarly maglumat beriş nokatlaryndan eşitdik' diýip, iň bolmanda, bizden öz saýlap alýan Internet bukjamyzyň arzasyny alyp galyň diýdiler. Soňra edaradan bir aýal we bir erkek çykdy. Olar hiç hili arza kabul etmeýändiklerini aýdyp, 'bar bolan Internetiňize şükür ediň, ondan hem galaýmaň' diýip, raýatlar bilen gödek çemeleşdiler. Adamlar öň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halky aldandygyny, indem oglunyň aldaýandygyny aýdyp, sögünip, öýlerine gaýtmakdan başga çäre tapmadylar" diýip, şol ýere baran ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.

31-nji ýanwarda ýarym-resmi türkmen neşirlerinde, TikTok sosial ulgamynda we IMO ýaly messenjerlerde häkimiýetleriň 1-nji fewraldan başlap ýurtdaky Internetiň tizligini artdyrýandygy, şeýle-de onuň bahasyny arzanladýandygy barada maglumatlar peýda boldy.

"Buşluk, buşluk, mähriban dostlar!... 1-nji fewraldan başlap Türkmenistanyň ilatyna, watandaşlarymyza, size, bize 'Türkmenaragatnaşyk' agentliginiň Aşgabat şäher telefon ulgamy täze Internet hyzmatlaryny elýeter bahadan ilatymyza, watandaşlarymyza hödürleýär" diýip, TikTok ulgamyndaky meşhur türkmen bloggerleriniň biri aýtdy.

Şonda 1 mbit/s tizlikli internetiň aýlyk töleginiň 150 manat boljakdygy (ozal 170 manatdy), 2 mbit/s tizlikli internetiň aýlyk töleginiň 200 däl-de, 180 manada çenli arzanladyljakdygy habar berildi.

Şeýle-de, häzire çenli ilata hödürlenýän Internetiň iň ýokary tizligi 2 mbit/s-a deň bolan ýurtda ulanyjylara 4 mbit/s we 6 mbit/s tizlikdäki Internetiň hem elýeterli boljakdygy aýdyldy.

Emma bu wideo bloggeriň sahypasyndan 1-nji fewralda ýitirim boldy. Şeýle-de, hyzmatlar barada maglumat ýerleşdirilen azyndan iki hökümetçi neşirde, şeýle-de IMO messenjerinde bu habar 1-nji fewralda düşündirişsiz elýetersiz boldy.

"Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň garamagyndaky ýurduň ýeke-täk Internet prowaýderi bolan "Türkmentelekom" EAK-nyň saýtynda hem ozalky nyrhlar saklanyp galýar. Azatlygyň bu ýagdaýlar barada "Türkmentelekomdan" maglumat almak synanyşygy hem netije bermedi.

Dünýäde iň haýal we iň gymmat Internetli ýurtlaryň biri bolmagynda galýan Türkmenistanyň bu ýagdaýlary üýtgetmek planlarynyň durmuşa geçip-geçmejekdigi häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar.

Ýöne 1-nji fewralda "Türkmentelekoma" baryp, lapykeç bolup yzyna gaýdan adamlaryň arasyndaky käbir sosial ulgam ulanyjylary ýurtda Internetiň tizliginiň artdyrylýandygy we onuň bahasynyň arzanladylýandygy baradaky maglumatlaryň nädogrydygy barada wideolary çap edýärler.

"Salam, gadyrly dostlar! Düýn "AŞTU-da" tarfileriň üýtgeýändigi barada 'stories' ýerleşdirdim. Ýöne bu nädogry maglumat bolup çykdy. Şol sebäpli hemme zat öňküsi ýaly galýar. Häzirlikçe" diýip, bir sosial ulgam ulanyjysy aýdýar.

Bu aralykda, Lebap welaýatyndaky habarçymyz hem, 1-nji fewralda "Türkmentelekomyň" Türkmenabat şäherindäki edarasyna ýüzlerçe adamyň barandygyny, ýöne olaryň lapykeç bolup yzlaryna gaýdandygyny habar berýär.

Türkmen häkimiýetleri ilatyň Internet arkaly garaşsyz maglumatlary almak mümkinçiliklerini ýyllarboýy çäklendirip gelýärler.

Türkmenistan halkara guramalary tarapyndan düzülýän metbugat we Internet azatlygy görkezijilerinde her ýyl iň soňky setirlerde ýerleşdirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG