Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pul ibermekdäki kynçylyklar daşary ýurtda türkmen talyplarynyň okuwdan çykmagyna, gyzlaryň 'ten satmagyna getirýär'


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda ogul-gyzlary daşary ýurtlarda ýokary bilim alýan ene-atalaryň çagalaryna pul ibermekdäki kynçylyklary saklanyp galýar. Balkanly ene-atalar daşary ýurtlardaky türkmen talyplaryna iberip bolýan puluň möçberiniň artdyrylmandygyny aýdýarlar. Mary welaýatynda ene-atalar çagalaryna pul ibermek üçin ençeme gün nobata durmaly ýa-da 1000 manada çenli para bermeli bolýarlar. Belarusda okaýan türkmenistanlylar pulsuzlyk zerarly köp talyp gyzyň ten satmaga mejbur bolýandygyny aýdýarlar.

"Talyplaryna iberip bolýan puluň möçberiniň artdyrylandygy barada geçen hepde peýda bolan maglumatlardan soň, balkanly ene-atalar 'Halkbankyň' we 'Daýhanbankyň' Türkmenbaşy şäherindäki edaralaryna bardylar. Bank işgärleri ene-atalara pul ugratmagyň täze tarifi barada welaýat maliýe ykdysadyýet bölümi tarapyndan Türkmenbaşynyň banklaryna tabşyryk berilmändigini aýtdylar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 28-nji fewralda aýtdy.

Ýatlatsak, 23-nji fewralda garaşsyz neşir "Turkmen.news" Belarusda we Russiýada okaýan türkmen talyplaryna Türkmenistandan her aýda iberip bolýan puluň möçberiniň $50-dan $200-a çenli ýokarlandyrylandygyny habar berdi.

"Bank ýolbaşçylarymyzyň işgärler bilen geçiren ýygnagynda, 1-nji aprelden başlap her talybyň Visa kartyna $150 geçirip bermek barada buýrugyň gelmelidigi dilden aýdyldy. Emma heniz takyk belli bir zat ýok" diýip, 24-nji fewralda 'Halkbanka' baran türkmenbaşyly ene-atalaryň biri bank işgäriniň aýdan sözlerini sitirledi.

Häzirki wagtda balkanly ene-atalar, habarçymyzyň maglumatyna görä, Russiýada, Belarusda, Türkiýede we Gazagystanda okaýan ogul-gyzlaryna her aýda $50 iberip bilýärler.

Şol bir wagtda, Belarusyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde bilim alýan daşoguzly talyp Gubadag etrabyndaky ene-atasynyň fewralyň üçünji ongünlüginde özüne $200 iberip bilendigini, ýöne olaryň munuň üçin bank işgärlerine 500 manat para bermeli bolandygyny aýdýar.

"Ene-atam maňa soňky gezek noýabr aýynda pul iberipdi. Olar maňa pul ibermek üçin dekabr we ýanwar aýlarynda banka baranlarynda "limit ýok" diýip, bank işgärleri kartyma pul salyp bermändirler. Ýöne olar fewral aýynyň ahyrynda baranlarynda, bank resmileri ýene 'limit ýok, ýöne 500 manat pul berseňiz, biz arza ýazyp, welaýatdan limit alýarys' diýipdirler. Ene-atam bu puly bermäge razy bolupdyr. Şeýlelik-de, olar maňa üç aý arakesmeden soň, $200 iberip bildiler" diýip, türkmen talyby aýtdy.

Maryda ene-atalar çagalaryna pul ibermek üçin ençeme gün nobata durmaly ýa-da 1000 manada çenli para bermeli bolýarlar.

"Ähli resminamalar düzüw bolsa-da, dürli bahanalar bilen ene-atalary birnäçe günläp banka gatnadýarlar. Ene-atalar uly nobatlarda durup, zorluk bilen puly geçirmeli bolýarlar. Bu kynçylyklara garamazdan, ene-atalar her aýda pul iberip bilmeýärler. Ýöne bank işgärlerine 700-1000 manat aralygynda para beren ene-atalar çagalarynyň bank kartlaryna nobatsyz, bökdençsiz pul geçirip bilýärler" diýip, Marydaky habarçymyz aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada maglumat almak üçin "Halkbank" we "Daýhanbank" bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 28-nji fewralda telefon arkaly eden synanyşyklary oňyn netije tapmady.

2016-njy ýylyň başynda Türkmenistanda dollaryň resmi söwdasy berk çäklendirildi. Bu çäklendirmeler ýurtda walýutanyň gara bazarynyň emele gelmegine getirdi. Ýurduň Merkezi banky 2015-nji ýylyň ýanwaryndan bäri dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manatlygynda saklap gelýärkä, onuň gara bazardaky nyrhy azyndan bäş esse gymmatlygynda galýar.

Bu çäklendirmäniň fonunda, türkmen hökümeti ene-atalara kesgitli möçberdäki pul serişdesini resmi kursdan walýuta çalyşmak arkaly, daşary döwletlerde okaýan çagalaryna ibermek mümkinçiligini döretdi.

Ýöne ene-atalaryň köpüsi bu mümkinçiligiň kadaly işlemeýändigi we onuň mukdarynyň talyplaryň daşary ýurtlardaky ýaşaýyş şertleri üçin zerur bolan serişdeden juda pesdigini ýyllarboýy aýdyp gelýärler.

Balkanly we maryly ene-atalar hökümetiň döredýän $50 mümkinçiliginden başga-da, gara bazaryň nyrhyndan dollar satyn alyp, her aýda ýene $100-$200 çagalaryna ibermeli bolýandyklaryny aýdýarlar.

Belarusda okaýan türkmenistanly talyplar bolsa, ene-atalaryň öz wagtynda pul iberip bilmeýändigi, pulsuzlyk zerarly köp talybyň dürli işlerde işlemäge, gyzlaryň ten satmaga mejbur bolýandygyny aýdýarlar.

"Biziň okaýan ýokary okuw jaýymyzdaky türkmenistanly talyplaryň 20%-i okuwa gatnaýar, galan 80%-i okuwa gelmän işleýär. Ene-atalaryň pul iberip bilmeýändigi ýa-da ugradylan pullar wagtynda gelmeýändigi sebäpli näçe talyp okuwdan çykaryldy, näçe gyz 'zaýalandy', pula kösenip, ten satmaga mejbur boldy" diýip, türkmen talyby aýtdy.

Ol Belarusda okaýan türkmen talyplarynyň köplenç gara işde işleýändigini hem belläp, olaryň gurluşykda, biriniň öýünde, ýük düşürmek ýa ýüklemek işlerinde işleýändigini aýtdy.

"Bu talyplara sagadyna $1,5-$2,5 aralygynda hak töleýärler. Bu Belarusyň durmuş şertlerinde kanagatlanarly däl" diýip, talyp belledi.

Türkmen häkimiýetleri daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly talyplaryň sany baradaky statistikany köpçülige mälim etmeýärler, şeýle-de olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny hem agzamaýarlar.

ÝUNESKO-nyň sanlaryna görä, 68 müň 232 türkmenistanly daşary ýurtlarda bilim alýar. Onda türkmen studentleri üçin Russiýanyň birinji orunda, Türkiýäniň ikinji orunda we Belarusyň üçünji orunda durýandygy görkezilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG