Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary welaýatyndan Türkiýä gidýän gurluşykçylaryň sany köpeldi


Mary (illýustrasiýa suraty)
Mary (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň raýatlaryň arasynda daşary ýurtlara gitmek islegleri artýarka, ýurduň käbir welaýatlarynda Türkiýede bolan ýer titremesi zerarly weýran bolan sebitleri dikeltmek üçin gurluşykçylar toplanýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Mary welaýatyndaky ýagdaý barada maglumat berýärler.

Mary welaýatyndan daşary ýurtlara gidýänleriň köpüsi Türkiýä barýarlar. Häzirki wagtda Türkiýä barýanlaryň uly bölegi gurluşykçylar diýip Marydaky habarçymyz 8-nji martda habar berdi: "Türkmenistanyň gurluşyk firmalary Türkiýe döwleti bilen ýer titremede ýykylan binalary täzeden galdyrmak üçin birnäçe kontrakt baglaşdy. Şol sebäpden ýurduň içinden işgär alyp gidilýär".

Türkmen gurluşykçylarynyň Türkiýede ýer titremesinde weýran bolan sebitleri dikeltmek işlerine ugradylmagy barda döwlet habar serişdelerinde maglumat bolmady.

Habarçymyzyň anyklan käbir maglumatlaryna görä, dürli hünärli ýerli gurluşykçylaryň ençemesi eýýäm Türkiýä gidipdir. Türkiýä alnyp gidilýän gurluşykçylar bilen bir ýyllyk şertnama baglaşylýar. Olaryň iş döwründäki çykdajylaryny kärhanalar öz üstüne alýar.

"Bileti, işgäriň ýaşajak ýerini, iýmitini alyp gidýän gurluşyk firmalar öz üstüne alýar. Aýlyklar eden işine bagly bolup, iň azy 300-400 dollardan beriljekdigi aýdylýar" diýip, habarçymyz şeýle işe ýerleşen maryly ýaşaýjylara salgylanyp habar berýär. Ol adamlary hakyna tutýan kärhanalaryň işgärleriň zähmet hakynyň gara bazaryň nyrhynda tölenmegi wada berýändigini belledi.

Habarçymyz bilen gürleşen türkmenistanlylaryň aýtmagyna görä, olara Türkiýä baranlarynda iş we ýaşaýyş şertlerine degişli çäklendirmeleriň hem bardygy öňünden duýdurylypdyr. Türkiýede türkmen gurluşykçylary diňe iş ýerlerinde bolmaly we şol ýerde zähmet çekmeli. Olar başga ýerlerde işläp bilmeýärler.

Şeýle-de, türkmen kärhanalaryň üsti bilen Türkiýä işe gitmek hemmä elýeterli däl. Adamyň hünärine degişli talaplardan başga, para meselesiniň bu ýerde hem saklanýandygyny habarçymyz belleýär: "Ýöne ol iş ýerine ýerleşmek üçin 500 dollar para berýändiklerini aýdýanlar hem bar.

Azatlygyň Marydaky habarçylary Türkmenistandaky agyr işsizlik ýagdaýynda Türkiýä işe gitmek mümkinçiligine uly islegiň uludygyny, şonuň üçin para bermäge-de kaýyl adamlaryň köpdügini aýdýarlar.

"Bir ýyllap Türkiýede gazanyp biljek puly Türkmenistanda hiç haçan gazanyp bilmejegine gözüm ýetýär. Ol ýerde tutum, çäre ýok. Türkmenistanda alýan aýlygyň ýarsyny tutumlara, çärelere bermeli bolýarys" diýip, Türkiýä gurluşyk işlerine gitmäge çalyşýan býujet işgäri Azatlyga gürrüň berdi.

6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda we Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda 7,8 ball güýji bilen dörän ýer titremesi zerarly 50 000-den gowrak adam wepat boldy. Zeper ýeten şäherleriň müňlerçe ýaşaýjysy öýsüz galdy, hassahanalar, mekdepler we ýaşaýyş jaýlary ýaly müňlerçe bina ýykyldy. Türkiýe üç aýlyk adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Türkmen hökümeti Türkiýedäki betbagtçylykda ejir çekenleriň arasynda Türkmenistanyň raýatlarynyň hem bolandygyny boýun alyp, goldawy wada berdi. Emma heläk bolan türkmenistanlylaryň sany barada köpçülige maglumat bermedi.

Türkmen we türk resmileri Türkmenistandan Türkiýä ynsanperwer kömeginiň ugradylandygyny mälim etdiler. Türkmenistanda toplanan kömegiň esasan "Gyzyl ýarymaý jemgyýeti" we Gurbanguly Berdimuhamedowyň fondy arkaly utgaşdyrylandygy habar berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG