Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Hytaýa gaz ibermekde öňe saýlandy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Ýanwar aýynda Russiýadan Hytaýa iberilen tebigy gazyň mukdary 2,7 milliard kub metr boldy, bu görkeziji Russiýanyň bu meselede birinji orna çykandygyny görkezýär diýip, “Interfaks” Hytaýyň gümrük gullugyna salgylanyp habar berdi.

Russiýa Federasiýasy Hytaýa gaz ibermekde beýleki esasy üpjün edijilerden - Türkmenistandan we Katardan (hersi 2,2 milliard kub metr), şeýle-de Awstraliýadan (1,9 milliard kub metr) ozup geçdi.

Ýanwar aýynda “Gazprom” “Sibiriň güýji” geçirijisi arkaly Hytaýa takmynan 2 milliard kub metr gaz iberdi. 770 million kub metr gaz bolsa suwuklandyrylan görnüşde iberildi.

Gümrük maglumatlaryna görä, ýanwar aýynda importyň umumy mukdary 1% ýokarlanyp, 11,3 milliard kub metre ýetdi. Suwuklandyrylan gaz üpjünçiligi 7% ýokarlandy we 5,210 million tonna ýetdi. Geçiriji boýunça edilýän gaz importy 7,2% azaldy we 4,48 milliard kub metr boldy.

2022-nji ýylda Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 29,3% artyp, 190,27 milliard dollara ýetdi. 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 25,9% ýokarlandy diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG