Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar Ukrainada barýan güýçli söweşleriň arasynda, Ýaponiýanyň premýer-ministri Kişida Kiýewe sapar etdi


Zelenski Kişidany "halkara düzgüniniň hakyky güýçli goragçysy we Ukrainanyň uzak wagtlyk dosty" diýip atlandyrdy.
Zelenski Kişidany "halkara düzgüniniň hakyky güýçli goragçysy we Ukrainanyň uzak wagtlyk dosty" diýip atlandyrdy.

Russiýanyň gündogar Donetsk sebitinde edýän dyngysyz hüjümleri has güýçlendi diýip, ukrain harbylary 21-nji martda, Ýaponiýanyň premýer-ministri Kiýewde goldawyny görkezmek üçin ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen duşuşan güni aýtdylar.

Bu duşuşyk Hytaýyň prezidenti Si Szinpiniň Moskwa eden saparyna gabat geldi.

Ukrainanyň gury ýer güýçleriniň serkerdesi Oleksandr Sirskiý rus hüjüm toparlarynyň Bahmut şäheriniň merkezine tarap tarap ilerlemäge synanyşýandygyny aýtdy. Bahmut ruslaryň Donetsk sebitinde alyp barýan bir aýlyk söweşiniň esasy maksadyna öwrüldi.

"Duşmanyň hüjüm bölümleri [Bahmutyň] eteklerinden onuň merkezine tarap ilerlemäge synanyşýar, emma goranmak güýçleri olary gije-gündiz ýok etmek üçin işleýär" diýip, Sirskiý telegramda ýazdy.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi biraz öň premýer-ministr Fumio Kişidanyň Zelenski bilen gepleşik geçirmek üçin Kiýewe barjakdygyny aýtdy.

Ýapon telewideniýesi premýer-ministriň Polşanyň serhetýaka Przemysl şäherinde otla münendigini görkezdi, Zelenski bolsa Kişidany garşylaýan wideosyny çap edip, ony "halkara düzgüniniň hakyky güýçli goragçysy we Ukrainanyň uzak wagtlyk dosty" diýip atlandyrdy.

Kişida Kiýewiň daşyndaky Buça şäherine hem gördi, şäher häkimi oňa geçen ýyl rus güýçleriniň bu ýerde 400 parahat ýaşaýjyny öldürendigini aýtdy. Kişida bir pursat dymyp we baş egip, merhumlary hatyralamazyndan öň ybadathananyň daşynda gül çemenini goýdy.

XS
SM
MD
LG