Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iň gowy etraba berlen $1 mln baýrak nirä harçlandy?


Dänewiň ýaşaýjylary aradan bir ýyldan hem aşa wagt geçse-de, häkimligiň özlerine beren wadalaryny berjaý etmändigini aýdýarlar.
Dänewiň ýaşaýjylary aradan bir ýyldan hem aşa wagt geçse-de, häkimligiň özlerine beren wadalaryny berjaý etmändigini aýdýarlar.

Türkmenistanda 2021-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap ady bilen bir million amerikan dollaryny sylag alan Lebabyň Dänew sebitiniň ýaşaýjylary, bu pul serişdeleriniň hasabyna bar bolan sosial meseleleri çözmek wadalarynyň “boş arzuw” bolup çykandygyny aýdýarlar.

Ýerli ilat merkezden daşky obalaryň ýagdaýlarynyň gözgyny wagtynda, her ýylda nirä sarp edilýäni belli bolman galýan pul serişdelerini baýrak berdik diýip, edilýän ‘gözboýagçylygyň’ nämä gerekdigine düşünmän galýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistanda 2013-nji ýyldan bäri her ýylyň jemleri boýunça etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri görkezendigi aýdylýan bir sebit saýlanýar. Ýeňiji diýlip yglan edilen sebitiň häkimligine 1 million dollar möçberinde pul baýragy hem berilýär.

2022-nji ýylda ondan ozalky ýylyň netijeleri boýunça Lebabyň 150 müň ilatly Dänew etraby ýeňiji diýlip yglan edildi. Döwletiň gözegçiligindäki media şol pursat, anyklaşdyrmazdan, baýrak berlen bir million dollaryň “haýyrly işe gönükdirmek” meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Emma ýerli ýaşaýjylar aradan bir ýyldan hem aşa wagt geçse-de, häkimiýetleriň şol pursat bu puluň harçlanmagy boýunça özlerine beren wadalarynyň berjaý edilmändigini aýdýarlar.

Fotosergi: Azatlyk 2016-njy ýylda ýurduň iň gowy etraby saýlanan Farap etrabyndaky şol wagtky ýagdaýlary görkezýän fotosergi taýýarlady.

“Ilki başda, [Dänewiň] häkimligi baýrak berlen pula bejergä mätäç anyk ýollaryň oňaryljakdygyny, çagşap ýatan saglyk öýlerinde abatlaýyş işleriniň geçiriljekdigini, hatda seýilgähiň hem guruljakdygyny söz berdi. Emma şondan bäri bir ýyl geçse-de, wadalaryň hiç biri durmuşa geçmedi. Sebitde bu puluň öwezine edilendigini aýdyp boljak göze görnerlik zat ýok” diýip, dänewli ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.

Ol 2022-nji ýylda etrabyň degişlilikde has az adam ýaşaýan bir sebitinde çagalar üçin seýilgähiň guruljakdygy aýdylyp, ýer böleginiň arassalanandygyny, ýöne onuň şondan bäri tozap ýatandygyny aýtdy.

“Bahar etrapçasyndaky şol sebit merkezi Dänew şäherçesinden 20 km uzaklykda ýerleşýär. Ol ýerde degişlilikde az adam ýaşaýar. Has gür ilatly sebitleriň ýaşaýjylary bu ýeriň saýlanyp alynmagyna haýran galypdylar. Belki, ol sebitiň – şol wagtky häkimiň dogduk ýeri bolmagy, oňa artykmaçlyk berendir?! Her nähili hem bolsa, wada berlen seýilgähiň gurluşygyna henizem girişilmedi” diýip, 50 ýaşlaryndaky söhbetdeşimiz gürrüň berdi.

Dänewiň häkimliginden baýrak hökmünde berlen pullaryň harçlanmagy we bir ýyl mundan ozal edilen wadalaryň berjaý edilişi boýunça kommentariýa almak başartmady.

Şol bir wagtda, etrap merkezleriniň sosial meseleleriniň kadaly çözülmeýän halatynda, gyrak-bujakdaky obalaryň ýagdaýynyň hem juda gözgynydygy aýdylýar. Oba ýollarynda asfaltyň asla düşlemedik ýerleri hem kän.

Ýaşaýan obasynyň anyk adyny agzamazlygy haýyş eden ýene bir lebaply söhbetdeşimiz melleklere barýan ýollaryň aşa ýaramazlygyndan zeýrenip, iň bolmanda ýolara gum dökülip, ýol ugry düzedilip, çagyl düşelse-de kaýyl boljakdyklaryny aýtdy.

2022-nji ýylyň jemleri boýunça Balkan welaýatynyň Magtymguly etraby ýeňiji diýlip yglan edildi.

Türkmen telewideniýesinde mahabatlandyrylyp, prezidentiň şahsyýet kultuny götergiläp, göreldeli etrap diýip her ýylda bir million amerikan dollary sylag berilýän etraplaryň ýagdaýynyň biri-birinden tapawutlanmaýandygyny hem ýaşaýjylar belleýärler.

2016-njy ýylda ýurduň iň gowy etraby saýlanan Lebabyň Farap etrabynyň, şeýle-de 2017-nji ýylda bu ada eýe bolan Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň ýaşaýjylary şu günki güne çenli suw, elektrik togy we gaz üpjünçiligi ýaly zerurlyklarda kynçylyk çekýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG