Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramalyda pagta ýagy paýlanýar. Türkmengalada ilata berilmeýän un hususyýetçilerde satuwa çykarylýar


Çörek nobatynda duran ýaşaýjylar. Arhiw suraty
Çörek nobatynda duran ýaşaýjylar. Arhiw suraty

Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynda, alty aý arakesmeden soň, ilata pagta ýagy satylyp başlandy. Şol bir wagtda, sebitiň käbir etraplarynda ilata ýarym ýyl bäri berilmeýän ýerli un, çeşmelerimiziň sözlerine görä, döwlet dükanlarynyň işgärleri tarapyndan has gymmat bazar bahasyndan satylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji martda maglumat berdi.

"Soňky günlerde welaýatyň käbir sebitlerinde, şol sanda Baýramaly etrabynyň Mekan daýhan birleşiginde pagta ýagy paýlanýar. Ilat arasynda 'gara ýag' atlandyrylýan bu ýagyň haýsy aýyň ýag paýogydygy belli däl" diýip, habarçy aýtdy.

Ol bu gezek paýlanýan ýagyň juda ýakymsyz ysynyň bardygyny, ýöne muňa garamazdan, ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, güzeran eklenji agyrlaşan köp maşgalanyň bu önümi uly höwes bilen satyn alýandygyny belleýär.

"Hökümet dükanlarynda paýlanýan azyk önümleriniň hili hiç haçan-da öwerlikli bolmandy. Iň pes hilli we zaýa harytlar halka satylýar. Ýöne adamlar bialaç satyn alýarlar" diýip, baýramalyly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Bu aralykda, welaýatyň Türkmengala etrabynyň Täze dünýä geňeşliginiň ýaşaýjylaryna indi alty aý gowrak wagt bäri un paýlanmaýar.

Ýerli ýaşaýjylar döwlet dükanlaryndan soňky gezek sentýabr aýy üçin un paýlaryny alyp bilendiklerini, şondan bäri özlerine unuň berilmeýändigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda, ýaşaýjylaryň we ýagdaýdan habarly çeşmämiziň sözlerine görä, ilata berilmeýän un döwlet dükanlarynyň işgärleri tarapyndan has gymmat bazar bahasyndan satylýar.

"Türkmengala etrabynyň un zawodynyň öndürýän ununyň 50 kilogramlyk haltasyny 300 manatdan satyn alyp bolýar. Onuň bir kilogramy 6 manada düşýär. Ony hökümet dükanlarynyň işgärleri ýörite ynamdar adamlarynyň üsti bilen halka satýarlar. Olar gazanjy özaralarynda paýlaşýarlar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada welaýatyň söwda edarasyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Subsidirlenen bahadan satylmaly käbir azyk önümleriniň, şol sanda unuň we ösümlik ýagynyň döwlet dükanlarynda tapdyrmaýan pursady, hususyýetçilerde gymmat bahadan satylýandygy barada Azatlyk mundan ozal hem ençeme gezek habar beripdi.

Adatça ýurduň döwlet dükanlary tarapyndan maşgaladaky her bir agza üçin aýda 5 kilogram un berilmeli. Şeýle-de, her aýda her bir hojalyga bir ýa-da iki litr ösümlik ýagy elýeterli bahadan satylmaly.

Ýöne türkmen häkimiýetleri indi ençeme ýyl bäri ilaty bu önümler bilen kadaly üpjün etmän gelýärler. Bu ýagdaý ýurduň tas ähli sebitlerinde gaýtalanýar.

Ýerli ýaşaýjylar her bir kilogramy 1 manada satylmaly un paýy wagtly-wagtynda ilata berilse, onda onuň bilen oňşuk edip boljakdygyny we munuň köp maşgalanyň güzeran eklenjine ep-esli goşant goşjakdygyny aýdýarlar.

"Adam başyna paýlanýan 5 kilogram unuň bir kilogramy, ýany bilen berilýän, ýaramlylyk möhleti geçen harytlar bilen hasaplansa, 2 manada düşýär. Bu ýene-de bazar nyrhyndan arzan bolýar. Sebäbi hususyýetçilerde ýerli unuň bahasy 6 manada, Gazagystanda öndürilen unlaryň kilogramy 12 manada çenli ýetýär" diýip, ýerli ýaşaýjy sözüni jemledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG