Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azyk paýlaryny almak üçin ilatdan gaz we tok tölegleriniň geçirilendigi barada kepilnama soralýar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Şu günler Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň döwlet dükanlarynda ilatyň iýul aýy üçin azyk paýlary berlip başlandy. Bu önümleri satyn almak üçin, ýerli ýaşaýjylardan tok we gaz tölegleriniň geçirilendigi barada kepilnama soralýar.

Azyk paýlary arassalanmadyk pagta ýagyny, 5 kg uny, kilesi 13 manatdan towuk buduny we 500 gram şekeri öz içine alýar.

“Ilatyň azyk paýlary Türkmenbaşy şäheriniň 127 we 6 belgili dükanlarynda ir bilen sagat 5-7 aralygynda paýlandy. Adamlardan tok we gaz üçin bergileriniň ýokdugy barada kepilnama we töleg kwitansiýasynyň kopiýasy talap edilýär” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy töleg kepilnamasy bilen bagly girizilen talaplaryň şäherde tok we gaz töleglerini wagtynda töläp bilmedik adamlaryň köp bolmagy bilen düşündirilýändigini aýdýar.

Täze talaplar ýurtda ilatyň tok, gaz we suw üpjünçiligi bilen bagly töleg meseleleriniň döwlet derejesinde ara alnyp maslahatlaşylýan wagtyna gabat gelýär.

Halk Maslahatynyň başlygy G. Berdimuhamedow 23-nji noýabrda kanun çykaryjylar bilen geçiren maslahatynda häzirki döwürde “serişdeleriň býujete gelip gowuşmagyna edilýän gözegçiligiň kanagatlanarsyz ýagdaýdadygyny” belledi we ilatyň tok, suw we gaz tölegleri bilen bagly meseleleri muňa mysal getirdi:

“Ine, ýönekeý bir mysal: ilatyň agyz suwundan, elektrik energiýasyndan, tebigy gazdan peýdalanyşyna, edilýän hyzmatlaryň tölegine gözegçilik etmek wezipesi öňde goýuldy. Bu işe başlandy, ýöne ol ahyryna çenli ýerine ýetirilmedi we köp ýerlerde şeýle ýagdaý häzire çenli hem dowam edýär. Agyz suwunyň, elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň sarp edilişini hasaplaýan enjamlaryň oturdylmadyk ýerleri bar” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Öňki Halk Maslahatynyň agzalary 2018-nji ýylda Türkmenistanda, has ozal ilata mugt hödürlenýän elektrik energiýasyna, tebigy gaza we agyz suwuna töleg girizilmegini teklip edipdi. Ýeňillikler 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýatyryldy.

Ykdysady kynçylyklarynyň arasynda girizilen töleg talaby ilaty ýeňilliklerden mahrum etdi.

Halk Maslahatynyň agzalary ýeňillikleri ýatyrmak babatda beren tekliplerini ilatyň durmuş-ykdysady şertleriniň “kanagatly ýagdaýy” bilen esaslandyrdylar.

Döwlet ýolbaşçylary muny “bazar ykdysadyýetine geçmegiň” talaplary bilen delillendirdiler.

Döwlet dükanlaryndan azyk paýlaryny almak üçin tok we gaz töleglerini geçirmek talaby bilen ýüzbe-ýüz bolýan balkanly ýaşaýjylar ýyladyş möwsüminiň dowamynda, 15-nji oktýabr – 15-nji aprel aralygynda hojalyklara iberilýän toguň we gazyň, adatça, kesilmeýändigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda, býujet edaralaryndan aýlyk alýan eli ýuka býujet işgärleri ýeňillikli azyk paýlaryny ýardam hökmünde kabul edýär.

“Býujet edaralarynda işleýän raýatlaryň aglaba bölegi garyplykda ýaşaýar. Olaryň köpüsi 1000-1300 manat aýlyk bilen bir aý maşgalalaryny eklemeli bolýarlar. Olar esasan jemagat hojalyklarynyň işgärleri, mekdep mugallymlary, keselhanalardaky şepagat uýalary we beýlekiler” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistanda býujet işgärleriniň aýlyklary her ýyl 10 göterim ýokarlandyrylýar. Ýöne ilatyň zähmet haklary ýurtda dowam edýän gymmatçylyk we kyn maliýe şertleri zerarly, bazar sebedine gabat gelmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG