Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň dikeldiş zerurlyklary $411 milliarda ýetdi - Bütindünýä banky


Bütindünýä banky, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Komissiýasy we Ukraina tarapyndan geçirilen täze hasaplanalara görä, Russiýanyň sebäpsiz çozmagy netijesinde başlanan we bir ýyldan gowrak bäri dowam edýän uruşdan soň, Ukrainanyň ykdysadyýetini dikeltmek we täzeden gurmak üçin zerur bolan serişdäniň mukdarynyň 411 milliard dollara baryp ýetmegine garaşylýar.

22-nji martda çap edilen hasaplamalar Russiýanyň Ukraina goşun süreli bäri geçen bir ýyllyk döwri öz içine alýar we infrastruktura, binalara gönüden-göni ýetirilen fiziki zyýany, adamlaryň durmuşyna ýeten täsiri we täzeden "has gowy gurmak" üçin zerur bolan çykdajylary kesgitleýär.

Bu serişdeleriň mukdary geçen sentýabrda hasaplanyp çykarylan 349 milliard dollarlyk serişdeden has kän bolýar.

XS
SM
MD
LG