Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Bahmutda rus hüjümleriniň dowam edýändigini aýdýar


24-nji martda gündogar Luhansk sebitindäki Kreminna şäheriniň golaýynda weýran edilen ukrain tanky ýoluň gyrasynda dur.
24-nji martda gündogar Luhansk sebitindäki Kreminna şäheriniň golaýynda weýran edilen ukrain tanky ýoluň gyrasynda dur.

Ukrainanyň gündogaryndaky Bahmut şäheriniň golaýynda gazaply söweşler dowam edýär we Russiýa soňky 24 sagadyň dowamynda onlarça hüjümi amala aşyrdy diýip, ukrain harbylary 25-nji martdaky brifinginde aýtdy.

Ukrainanyň Baş ştaty soňky birnäçe hepdäniň dowamynda güýçli söweşleri başdan geçirýän Lymanyň, Bahmutyň, Awdiýiwkanyň, Maryinkanyň we Şahtarskyň territoriýalaryndaky Bahmut frontunyň ugrunda 59 sany çaknyşygyň bolandygyny aýtdy.

Ukrainanyň harbylary, käbir analitikleriň Moskwanyň bir aýlap dowam eden hüjümleriniň gowşaýandygyny öňe sürýändigine garamazdan, Bahmut sebitindäki rus operasiýalarynda hiç hili säginmäniň görülmeýändigini aýdýar.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän Urşy öwreniş instituty "giň gerimli rus bahar hüjüminiň iň ýokary derejesine ýeten ýaly bolup görünýändigini" we "Russiýanyň harby serkerdeligi ... täzelenen hüjüm operasiýalaryny başlatmak üçin uruş meýdanyna ep-esli goşun ibermeli boljakdygyny" ýazdy.

Habar berilmegine görä, ukrain güýçleri rus pozisiýalaryna howa zarbalaryny amala aşyrdy we Russiýanyň Mi-24 harby dikuçaryny urup gaçyrdy.

Bu beýanatlary garaşsyz tassykladyp bolmady.

XS
SM
MD
LG