Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus kanun çykaryjysy Russiýany HJK-niň işini gadagan etmäge çagyrdy


Russiýanyň Döwlet dumasynyň spikeri Wýaçeslaw Wolodin
Russiýanyň Döwlet dumasynyň spikeri Wýaçeslaw Wolodin

Russiýanyň parlamentiniň aşaky palatasynyň Kremle tarapdar spikeri, Halkara jenaýat kazyýeti (HJK) prezident Wladimir Putin üçin bolaýmagy mümkin uruş jenaýatlary boýunça tussag etmek barada karar çykarandan soň, öz ýurduny bu kazyýetiň işini gadagan etmäge çagyrdy.

Wýaçeslaw Wolodin 25-nji martda Telegramda ýazan maglumatynda Russiýanyň Halkara jenaýat kazyýetine islendik "goldawy ýa-da kömegi" jenaýat hasaplaýan kanuny kabul etmelidigini aýtdy.

Şu aýyň başynda Halkara jenaýat kazyýeti Putini ýüzlerçe ukrain çagasyny bikanun ýagdaýda Russiýa deportasiýa etmekde aýyplap, ony tussag etmek barada karar çykardy.

Mundan ozal Moskwa HJK-niň prokurory Karim Hana we birnäçe kaza garşy jenaýat derňewini açandygyny, sebäbi olaryň Putin barada çykaran kararynyň "bikanundygyny" aýdypdy.

XS
SM
MD
LG