Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk ýewropa ýurtlary rus howpuna garşy göreşmek üçin howa goranyş ulgamlaryny birleşdirýär


F-16CM söweş uçary Şwesiýanyň demirgazygyndaky Lulea şäheriniň çetindäki "Kallax" aeroportundan asmana göterilýär.
F-16CM söweş uçary Şwesiýanyň demirgazygyndaky Lulea şäheriniň çetindäki "Kallax" aeroportundan asmana göterilýär.

Demirgazyk ýewropanyň dört ýurdunyň harby resmileri Russiýadan abanýan howplara garşy göreşmek üçin bitewi howa goranyş güýçleriniň döredilendigini yglan etdiler.

24-nji martda Daniýanyň, Finlýandiýanyň, Norwegiýanyň we Şwesiýanyň howa güýçleriniň serkerdeleri öz güýçleriniň NATO standartlary esasynda bilelikde işlemek üçin birleşdiriljekdigini aýtdylar.

Daniýanyň howa güýçleriniň serkerdesi general-maýor Jan Dam “Reuters” habar gullugyna beren maglumatynda bu ädimiň Russiýanyň 2022-nji ýylda Ukraina çozmagy netijesinde ýüze çykandygyny aýtdy.

Bu ýurtlarda häzirki wagtda ulanyşda bolan ýa-da sargyt berlen 400 çemesi häzirki zaman söweş uçary bar.

XS
SM
MD
LG