Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystana gidýän türkmen raýatlaryndan täze resminama talap edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmen häkimiýetleri öz raýatlarynyň daşary ýurtlara gitmegini ýene çäklendirmäge synanyşýan ýaly bolup görünýär. Şu günler Gazagystana sapar edýän türkmenistanlylardan yzyna dolanyp geljekdigine kepil geçýän ynanç haty soralýar. Häkimiýetler bu çäreleriniň sebäbini Gazagystana sapar edýän türkmenleriň arasynda bu ýurtdan üçünji döwletlere gidýänleriň köpelendigi bilen düşündirýärler.

"Soňky 15 gün bäri Gazagystana wiza bilen syýahat etmekçi bolýan raýatlar we bu ýurtda dogan-garyndaşlary bolan balkanly etniki gazaklar täze talap bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Olardan Gazagystana baryp, başga ýurda uçmajakdygy barada býujetde işleýän ýakyn garyndaşlarynyň biriniň zamun durmagyny talap edýärler, ýagny raýatyň garyndaşy bu barada notarius tarapyndan tassyklanan ýörite ynanç hatyny bermeli" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 28-nji martda aýtdy.

Raýatlar täze talap barada türkmen-gazak serhet geçelgesine baran pursadynda bilip galýarlar. Olary bu barada serhet geçelgesinde ýolagçylaryň resminamalaryny barlaýan Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) we Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri habarly edýärler.

"Serhetdäki işgärler ýolagçylara täze talap barada ýazmaça karary görkezmeýärler" diýip, ýakynda bu talap bilen ýüzbe-ýüz bolan balkanly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

MHM we migrasiýa işgärleri bu ynanç hatynyň sebäbini soňky aýlarda Gazagystana baryp, soňra bu ýurtdan Russiýa, Türkiýä we ýewropa döwletlerine gidýän türkmen raýatlarynyň köpelendigi bilen düşündirýärler.

"Gazagystana bir aý möhlet bilen wiza alyp giden raýatlarymyzyň 35 göterimi bu ýurtdan üçünji döwlete çykmagy başardy. Gazagystanyň kanunçylygy wizasy bolan myhmanlaryň üçünji ýurduň ilçihanasyndan wiza almaga we bu ýurda gitmäge mümkinçilik berýär. Türkmenler hem bu mümkinçilikden peýdalanýarlar" diýip, balkanly ýaşaýjy türkmen-gazak gümrük geçelgesindäki bir migrasiýa işgäriniň aýdan sözlerini sitirledi.

Serhetdäki işgärler MHM-niň we Döwlet migrasiýa gullugynyň ýurtdan çykan her bir türkmenistanly üçin jogap bermeli bolýandygyny belläp, diňe ynanç hatyny tabşyran raýatlaryň serhetden geçmegine rugsat berilýändigini hem aýtdylar.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Milli howpsuzlyk ministrliginden we Döwlet migrasiýa gullugyndan resmi kommentariý alyp bilmedi.

Ýöne bu maglumatlar daşary ýurtlara gitmek isleýän türkmenistanlylar göz-görtele köpelýärkä, türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň ýurtdan çykmak üçin pasport we wiza almak şertlerini kynlaşdyrýan we ýurduň daşyna gidýän raýatlardan talabyny pugtalandyrýan mahalyna gabat gelýär.

Türkmenistan pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli iki ýarym ýyla golaý wagt ýatyrylan halkara uçar gatnawlaryny geçen ýylyň tomsunda tapgyrlaýyn esasda dikeldip başlady. Munuň yz ýanynda, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we işsizligiň arasynda, eklenç gözleginde daşary ýurtlara gitmek isleýän türkmenistanlylaryň sany göz-görtele köpeldi. Döwlet Migrasiýa gullugynyň edaralarynyň öňünde uly nobatlar döredi. Fewralyň ortalarynda bu gullugyň raýatlara biometriki pasport bermegi wagtlaýynça bes edendigi mälim boldy.

Türkmen häkimiýetleri ilatyň daşary ýurtlara gitmek bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada aç-açan hiç zat aýtmaýarlar.

Bu aralykda, Gazagystana gitmek isleýän türkmenistanlylaryň ençemesi ynanç hatyny almak üçin birnäçe edaradan kepilnama almaly bolýandygyny, ony taýýarlamagyň azyndan bir hepdä çekýändigini belläp, täze talabyň ilat üçin goşmaça görgüdigini aýdýar.

"Türkmenbaşyda ilat arasynda 'zamun haty' atlandyrylýan bu resminamany almak üçin býujetde işleýän garyndaşyň öz ýolbaşçysyndan we etrap bölümi edarasynyň ählisinden kepilnama almaly. Şol kepilnamalaryň esasynda döwlet notariusy zamunça zamun hatyny berýär" diýip, balkanly ýaşaýjy belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG