Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Urşa düşäýmek ähtimallygy az". Merkezi aziýalylar henizem russiýaly bolmak isleýärler


Moskwadaky Migrasiýa merkezi, 2021-nji ýylyň sentýabry. Illýustrasiýa suraty
Moskwadaky Migrasiýa merkezi, 2021-nji ýylyň sentýabry. Illýustrasiýa suraty

Urşa alynaýmak howpunyň bardygyna garamazdan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň arasynda, Russiýanyň raýatlygyna bolan talap ýokary bolmagynda galýar. Russiýa Federasiýasy tarapyndan, Ukraina garşy bir ýyl bäri dowam edýän doly möçberli uruş wagtynda-da, migrantlaryň köpüsi russiýaly bolmak isleýär. Olaryň aýtmagyna görä, raýatlyk alsaň Orsýetde ýaşamak we işlemek aňsat bolar. "Migrant media" proýektiniň žurnalistleri bu günde-ertirde Russiýanyň raýatlygyny almakçy bolýan iki gyrgyzystanly bilen söhbetdeş boldy.

Gazanç etmegiň Russiýadan başga ýoluny görmeýän migrantlaryň arasynda gyrgyzystanly Ažikul hem bar, ol käri boýunça neýrohirurg. Bişkekdäki azajyk aýlyk ony kanagatlandyrmansoň, birnäçe ýyl mundan ozal Moskwa gelipdi. Ol has köpräk gazanç etmek üçin, Russiýada täzeden plastik hirurg bölümini öwrenip başlaýar hem işini kämilleşdirmegi ýüregine düwýär. Şol bir wagtda-da, ol Russiýanyň raýatlygyny almak üçin arza berýär.

«Meniň urşa düşäýmek ähtimallygym az – diýip, Ažikul pikir ýöredýär. — Sebäbi men bu ýerde okaýaryn, men student. Bilşiňiz ýaly, harby komissarlyk studentlere degmeýär. Şonuň üçin meni urşa alarlar diýip gorkamok, ýene bir ýarym-iki ýyl arkaýyn gezip bilýärin. Men eýýäm iki ýyldan bäri Russiýanyň raýatlygyny almak barada oýlanýaryn. Eger rus goşuny şeýle ýagdaýda bolup, meni urşa ibermek islese, näme etmeli, alaç ýok, gitmeli bolaryn».

Gyrgyzystanly Samat atly başga bir wraç hem orsyýetli bolmak isleýär. Raýatlygy çaltrak almak üçin, ol birnäçe aý mundan ozal ýerli harby komissarlyga öz dokumentlerini tabşyrypdyr. Ol harby lukmanlaryň hataryna goşulmak bilen adamlary öldürmän, eýsem halas etmek üçin, şeýle çözgüde gidendigini aýdýar:

«Giň möçberdäki dürli dokumentleri ýygnamaly bolýar, medisina barlagyndan geçirýärler, fiziki taýýarlyk türgenleşigini, psihiatriýa barlaglaryny geçirýärler, ol barlaglar, aýdaly, mende nähilidir terrorçylyk pikiriň bardygyny aýan etmek üçin geçirilýär. Soňra bolsa garaş diýýärler. Ine, men dört aý bäri garaşýaryn. Eger-de meni goşuna alsalar, bäş kalendar günüň içinde raýatlyk hukugyna eýe bolaryn» diýip, ol düşündirýär.

Hem Samat, hem Ažikul özlerine rus pasportyny alan ýagdaýynda, ýaşamagyň-da, işlemegiň-de aňsat boljakdygyna umyt edýärler. Olaryň aýtmagyna görä, şonda özüňi hasaba aldyrmak üçin, her gezek ylgamak hökman bolmaz, işe ýerleşmekde hem hiç hili kynçylyk döremez. Eýsem, eden tagallalaryň oňa degýärmi? Hünärmenler uruşda öläýmek howpunyň, gynansak-da, migrantlaryň köpüsini gorkuzmaýandygyny belleýärler.

«Biz eýýäm onlarça jesediň [söweş zonasyndan] watanyna gelendigini bilýäris. Şonuň üçinem hiç bir adama kepillik ýok. Bu örän ýowuz uruş, gynansak-da, bu uruşda iki tarapdan-da parahat ilatdan köp adam heläk bolýar. Bu öz janyňy howp astyna salmagyň uly töwekgelçilikli görnüşi, ol hiç hili pula degmeýär» diýip, Waşingtondaky Milli howpsuzlyk uniwersitetiniň syýasy ylymlar boýunça professory Erika Marat aýdýar.

Resmi statistik maglumatlara görä, Merkezi Aziýadan bolup, Russiýanyň raýatlygyny almak isleýän migrantlaryň sany barha artýar. 2022-nji ýylda 174 müň täjigistanly, 23 müň gyrgyzystanly, 27 müň özbegistanly Russiýanyň raýaty boldy.

Russiýanyň tarapynda Ukrainadaky söweşlere gatnaşýan we ol ýerde ölýän Merkezi Aziýadan bolanlaryň sany belli däl. Açyk çeşmelerdäki maglumatlara esaslanyp aýdylanda, Orsýetiň raýatlygyny alan migrantlar hem-de rus türmelerinde jeza möhletini geçýän Merkezi Aziýadan bolanlaryň "Wagnerçi" hususy harby toparyň hataryna çekilenler söweş hereketlerine gatnaşýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG