Russiýanyň günbatar Tula sebitiniň bir ýaşaýjysy geçen ýyl gyzynyň mekdepde urşa garşy çeken suraty sebäpli gaýybana iki ýyl azatlykdan mahrum edildi. Ol Russiýanyň ýaragly güýçlerini biabraý etmekde aýyplandy.
Ýefremow etrap kazyýeti 28-nji martda öz çykaran hökümini yglan edeninden soň, Alekseý Moskalýowyň öý tussaglygyndan gaçandygyny aýtdy.
Moskalýow dekabr aýynda, altynjy synpda okaýan gyzy Mariýa sungat sapagynda Ukrainada parahatçylyga çagyrýan surat çekeninden soň, polisiýanyň nazaryna ildi. Bildirilýän aýyplamalar onuň sosial ulgamlardaky ýazgylaryna, Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşuny ýazgarýan pikirlerine esaslanýar.