Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda ýüpden asylan türkmenistanlynyň jesedi tapyldy


Stambul (illýustrasiýa suraty)
Stambul (illýustrasiýa suraty)

Türk metbugatynda Türkmenistanyň raýaty bilen bagly jenaýatçylykly ýagdaý barada ýene habar peýda boldy. Stambulda ýüpden asylan türkmenistanlynyň jesedi tapyldy.

Stambulyň Awjylar etrabynda bir ýaşaýyş jaý toplumynyň demir haýatynda ýüp bilen asylgy ýagdaýynda öli tapylan adam barada türk habar serişdeleriniň ençemesi maglumat berdi.

NTV media serişdesine görä, barlaglaryň netijesinde jesediň 38 ýaşyndaky türkmenistanly Arslan Annaýewe degişlidigi anyklanypdyr.

Maglumata görä, hadysa Denizköşkler mähellesiniň Dr. Sadyk Ahmet köçesinde ýüze çykypdyr. Daňdan irki sagatlarda işe gitmek üçin köçä çykan adamlar, golaýdaky boş ýerde demir haýata asylan jesedi gördüler we polisiýa habar berdiler.

Jesediň tapylan ýerine polisiýa baryp, ony Sud-medisina institutynyň meýithanasyna alyp bardy.

Türkiýäniň "SonDakika" habar beriş serişdesiniň 13-nji martda beren habarynda asylgy görnüşde öli tapylan adamyň kellesinde urgy yzlarynyň bardygy habar berilýär.

Türk metbugatyna görä, türkmen raýatynyň ölümi boýunça derňew işleri dowam etdirilýär.

Türkiýede köplük bolup ýaşaýan türkmen raýatlarynyň ölümine degişli kriminal ýagdaýlar barada habarlar türk metbugatynda häli-şindi peýda bolýar.

Noýabrda Türkiyäniň Samsun welaýatynyň Janik etrabynda 21 ýaşly türkmenistanly gyzyň jesedi tapylypdy. Birnäçe aýdan soň onuň 42 ýaşly söýgülisi tarapyndan atylyp öldürlendigi mälim boldy. Türkiýäniň "Milliýet" gazetiniň 18-nji ýanwarda çap eden habaryna görä, derňew Türkiýäniň raýaty Kenan Palanyň türkmenistanly Nurşat Muhammedowany döşüne sapança bilen atandygyny anyklapdyr.

Başga bir wakada Stambulda geçen tomusda göwresi bilen başy aýrylan bir türkmenistanly aýalyň jesedi tapyldy. "Sabah" neşiriniň 11-nji iýulda çap eden habaryna görä, Stambulyň Başakşehir etrabynda ýoluň gyrasynda tapylan kellesi kesilen jesediň türkmenistanly Nobar Gafarowa degişlidigi habar berildi.

Türkiýäniň Migrasiýa Gullugynyň 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda çap eden soňky sanlaryna görä, ýurtda Türkmenistanyň 222 090 raýaty kanuny esasda ýaşaýar. Garaşsyz çeşmelere görä, Türkiýede bikanun galýan türkmen migrantlarynyň sany birnäçe esse köp.

Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki habar serişdeleri raýatlaryň migrasiýa meselesine degişli we daşary ýurtlarda duçar bolýan ýagdaýlary barada düýpden habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG