Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Antalýada bir türkmenistanly 15 ýerinden pyçaklanyp öldürildi. Stambulda kellesi çapylan bir türkmen aýalynyň jesedi tapyldy


Stambulyň Kazyýet binasy. Illýustrasiýa suraty
Stambulyň Kazyýet binasy. Illýustrasiýa suraty

Türkiýäniň Antalýa sebitinde Türkmenistanyň bir raýaty halaşýan gyzynyň oglan dogany tarapyndan bedeniniň 15 ýerinden pyçaklanyp öldürildi. Türkiýäniň Stambul şäherindäki başga bir wakada, kellesi çapylyp, göwresi bilen başy aýrylan bir türkmenistanly aýalyň jesedi tapyldy. Bu wakalar barada türk metbugat serişdeleri habar berdi.

"Milliyet" neşiriniň 21-nji iýulda çap eden habaryna görä, Antalýanyň Muratpaşa etrabynda türkmenistanly Döwlet Babaýew halaşýan gyzy, özbegistanly Dilarom Ahmatowanyň oglan dogany Romiş Ahmatow tarapyndan bedeniniň 15 ýerinden pyçaklanyp öldürildi.

"Waka 21-nji iýulda gije sagat 1:30 töwereginde Memurewleri etrapçasynda boldy. Dilarom oglan doganyna jeň edip, Döwletiň özüni yzygiderli urup-ýençýändigini aýtdy. Romiş jigisiniň we Döwletiň ýaşaýan jaýyna bardy. Ol Döwleti daşary çagyrdy. Taraplaryň arasyndaky çekişme gysga wagtyň içinde urşa ýazdy. Romiş Döwleti bedeniniň 15 ýerinden pyçaklap, wakanyň bolan ýerinden gaçyp gitdi" diýlip, habarda bellenýär.

Habara görä, wakanyň bolan ýerine gelen polisiýa we saglyk işgärleri 25 ýaşly Döwlet Babaýewiň ölendigini anyklaýarlar. Geçirilen derňewlerden soň, onuň jansyz jesedi Antalýa kazyýet-lukmançylyk institutynyň morguna äkidildi.

Türk metbugaty Romişiniň özüni we pyçagy irden polisiýa tabşyrandygyny aýdyp, özbegistanly raýatyň soragynyň dowam edýändigini belledi.

Türkiýäniň Stambul şäherinde mundan bir hepde ozal bolan başga bir wakada, göwresi bilen başy aýrylan bir türkmenistanly aýalyň jesedi tapyldy.

"Sabah" neşiriniň 11-nji iýulda çap eden habaryna görä, Stambulyň Başakşehir etrabynda Gurban baýramy mynasybetli kesilen gurbanlygyň etini paýlaýan bir adam, Sazlydere sebitine barýan ýoluň gyrasynda kellesi kesilen bir aýalyň jesedini tapdy.

"Wakanyň bolan ýerine baran polisiýa işgärleri göwräniň bir aýala degişlidigini anykladylar. Aýalyň kellesi onuň göwresinden 10 metr uzaklykda tapyldy. Jesedi derňän polisiýa işgärleri aýalyň 20-den gowrak ýerinden pyçaklanandygyny anykladylar" diýlip, habarda bellenýär.

Türk neşiri aýalyň jesediniň türkmenistanly Nobar Gafarowa degişlidigini belläp, derňewleriň dowam edýändigini, polisiýanyň töwerekdäki howpsuzlyk kameralarynyň ýazgylaryny ýygnap, türkmen raýatyny öldüren jenaýatçyny ýa jenaýatçylary tapmaga çalyşýandygyny aýdýar.

Azatlygyň bu wakalar barada Antalýanyň Muratpaşa we Stambulyň Başakşehir etrap polisiýalaryndan goşmaça maglumat almak synanyşyklary netije bermedi.

Türkiýe türkmen raýatlarynyň gazanç etmek hem-de ýokary bilim almak üçin iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň biri hasaplanýar.

Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň şu ýylyň 30-njy iýunynda çap eden soňky sanlaryna görä, ýurtda 235 müňden gowrak türkmenistanly kanun esasda ýaşaýar. Ýöne garaşsyz çeşmeler hakyky sanyň birnäçe esse köpdügini aýdyp, türkmenleriň köpüsiniň bikanun esasda ýaşaýandygyny belleýärler.

Türkmen häkimiýetleri Türkiýedäki türkmenistanlylaryň sany baradaky statistikany mälim etmeýärler. Olar barada türk metbugatynda ýygy-ýygydan çykýan habarlara hem reaksiýa bildirilmeýär. Döwlet metbugaty hem, ýurt raýatlarynyň daşary döwletlerde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG