Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus ýitgileri köpelýär, Ukrain güýçleri Bahmuty bermän saklanýar


Ukrain goragçysy
Ukrain goragçysy

Donetsk sebitindäki şäherde, soňky birnäçe aýdaky rus hüjümleriniň merkezine öwrülen Bahmutda we onuň töwereginde onlarça hüjümi yzyna serpikdiren ukrain güýçleri gündogar frontdaky ýerlerini soňky bir günüň dowamynda hem saklamagyny dowam etdirdi diýip, harbylar 30-njy martda aýtdy.

29-njy martda, BMG-niň ýadro gözegçilik gullugynyň başlygy Rafael Grossi Russiýanyň basyp alan Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasyna ikinji gezek uly barlaga baranda, Ukraina demirýol ammaryna zarba urup, Russiýanyň basyp alan Melitopol şäherinde elektrik togunyň kesilmegine sebäp boldy.

ABŞ-nyň Bilelikdäki serkerdeleriniň baş ştabynyň başlygy, general Mark Milli amerikan kanun çykaryjylaryna, rus ýitgileriniň dowamly köpelmegine garamazdan, Moskwanyň soňky birnäçe hepdede Bahmutda hiç bir ilerleme gazanyp bilmändigini aýtdy.

Rus güýçleri Bahmuta we Donetskiň beýleki birnäçe ýerine - Awdiýiwka, Marýinka, Belohoriýwka we Limana edýän hüjümlerine ünsüni jemläp, soňky 24 sagadyň dowamynda bu ýerlerde jemi 60 hüjüm gurady diýip, Ukrain goşunynyň baş ştaby 30-njy martda çap eden gündelik hasabatynda aýtdy.

Ukrain güýçleri duşmanyň diňe Bahmutyň özünde eden 28 hüjümini yzyna serpikdirdi diýip, harbylar aýtdy.

Rus güýçleri soňky bir günüň dowamynda raýat we energiýa desgalaryny seljermezden topa tutup, bäş sany raketa zarbasyny, 25 howa zarbasyny urdy, tapgyrlaýyn raketa ulgamlaryndan 34 gezek hüjüm etdi diýip, hasabatda bellendi.

Bahmuta we onuň töwereklerine edilýän dyngysyz hüjümler rus goşunlarynyň agyr ýitgi çekmegine alyp geldi.

Milli 29-njy martda Wekiller öýüniň Ýaragly gulluklar komitetine Russiýanyň soňky hepdelerde Bahmutyň töwereginde "hiç bir bir ilerleme" etmändigini we hakyna tutma “Wagner” toparynyň bu sebitde "ägirt uly ýitgi çekendigini" aýtdy.

https://armedservices.house.gov/hearings/full-committee-hearig-fy24-defense-budget-request

Ol Bahmutyň “ruslar üçin gyrgynçylyk baýramçylygyna” öwrülendigini aýtdy.

“Wagner” toparynyň başlygy Ýewgeniý Prigožiniň özi hem 29-njy martda Bahmut ugrunda bolan söweşleriň öz güýçlerine-de, ukrain tarapyna-da uly zyýan ýetirendigini boýun aldy.

"Şu gün Bahmut üstünde gurlan söweş ukrain goşunyny eýýäm tasdan ýok etdi we, gynansak-da, “Wagner” hususy harby kompaniýasyna-da agyr zyýan ýetirdi" diýip, Prigožin özüniň audio habarynda aýtdy.

BMG-niň ýadro gözegçilik gullugynyň başlygy Rafael Grossi 29-njy martda, ikinji gezek gowy gözden geçirmek üçin, Russiýanyň basyp alan Zaporižýa atom elektrik stansiýasyna baryp gördi.

Uruş başlanaly bäri gaýta-gaýta topa tutulan Zaporižýa ýadro desgasyndaky howpsuzlyk ýagdaýyna göz ýetirmek üçin, Grossi Halkara atom energiýasy agentliginiň (IAEA) 18 adamlyk toparyna ýolbaşçylyk etdi.

"Meniň pikirimçe, umuman alanyňda, ýagdaý gowulaşmaýar, bu sebitdäki harby işjeňligiň artýandygy äşgär zat" diýip, Grossi žurnalistlere ýüzlenip aýtdy. Şeýle-de, ol bu desganyň töwereginde howpsuz zona döretmek barada ozal hem eden çagyryşlaryny gaýtalady.

"Ýadro elektrik stansiýasyna hüjüm edilmezligi üçin mümkin bolan ähli çäräniň we seresaplylyk çäreleriniň görülmegi zerur" diýip, ol görlen islendik howpsuzlyk çäresiniň iki tarapdan hem gözden geçiriljekdigini sözüne goşdy.

Ukraina 2022-nji ýylyň mart aýyndan bäri basylyp alnan ýadro elektrik stansiýasyndan rus goşunlarynyň doly çykarylmagyny talap edýär.

BMG-niň ýadro gözegçilik gullugynyň başlygy Rafael Grossi Russiýanyň basyp alan Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasyna ikinji gezek uly barlaga baranda, Ukraina demirýol ammaryna zarba urup, Russiýanyň basyp alan Melitopol şäherinde elektrik togunyň kesilmegine sebäp boldy.

Melitopolyň "ähli ýerinde" şol bir wagtyň özünde birnäçe partlama boldy diýip, ukrain şäheriniň bosgunlykdaky häkimi Iwan Fedorow aýtdy.

"Elektrik togy şäheriň demirgazyk we günbatar etraplarynda, şeýle-de bu töwerekädki Semeniwka, Tambowka ýaly obalarda öçdi" diýip, Fedorow aýtdy.

Rus habar beriş serişdeleri bu partlamalaryň ukrain güýçleriniň atan toplary netijesinde ýüze çykandygyny aýtdy. TASS, Moskwa tarapyndan bellenen emeldarlara salgylanyp, demirýol ammaryna zyýan ýetendigini, şäherde we golaýdaky obalarda elektrik togunyň kesilendigini habar berdi.

Kiýew bu habara hiç bir düşündiriş bermedi. Uruşdan öň 150 000 töweregi ilaty bolan Melitopol Ukrainanyň günortasynda ýerleşýän rus güýçleri üçin demirýol logistika merkezi bolup durýar. Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasynyň 120 km günorta-gündogarynda ýerleşýän strategiki şäher mundan öňem ukrain toplarynyň nyşanasy bolupdy.

XS
SM
MD
LG