Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

WSJ Putiniň tussag edilen habarçynyň saglygy, howpsuzlygy üçin jogapkärdigini aýdýar


Ewan Gerşkowiç
Ewan Gerşkowiç

"The Wall Street Journal" 31-nji martda prezident Wladimir Putini öz žurnalistini içalyçylyk diýilýän aýyplama esasynda tussag edip, "Kremliň amerikalylary zamun almak gylygyny” güýçlendirmekde günäkärledi we rus lideriniň Ewan Gerşkowiçiň saglygy we howpsuzlygy üçin şahsy jogapkärçilik çekýändigini aýtdy.

Ak tamyň Russiýanyň žurnaliste bildirýän aýyplamasyny "gülkünç" diýip atlandyrdy.

Moskwanyň Lefortowo etrap kazyýeti 30-njy martdaky ýapyk mejlisde sowet döwrüniň KGB-siniň (Döwlet howpsuzlyk komitetiniň) esasy mirasdüşeriniň, Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) 31 ýaşly Gerşkowiçi iki aýlyk tussag etmek baradaky teklibine razylyk berdi.

FSB Gerşkowiçiň, ABŞ-nyň görkezmesi boýunça, "Russiýanyň harby-senagat toplumyna girýän kärhanalarynyň biri barada döwlet syryna degişli maglumatlary ýygnandygyny" aýdýar.

Gazet 31-nji martda çap eden redaksion makalasynda Russiýanyň Gerşkowiçi tussag etmeginiň "Kremliň amerikalylary zamun almak gylygyny güýçlendirýändigini we munuň Russiýanyň özüni siwilizlenen halklar jemgyýetinden aýyrmagynyň has kän subutnamasy bolandygyny" aýtdy.

XS
SM
MD
LG