Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenka Russiýanyň taktiki ýadro ýaraglarynyň Belarusda ýerleşdirilmegini goraýar


Aleksandr Lukaşenka
Aleksandr Lukaşenka

Belarusyň awtoritar dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenka Russiýanyň taktiki ýadro ýaraglaryny, şol sanda zerur bolsa kontinentara ýadro raketalaryny Belarusyň çäginde ýerleşdirmek baradaky planyny gorap, ýurduň Günbatar tarapyndan barha ýokarlanýan howp-hatarlaryň astyna düşýändigini aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bu çäräni 25-nji martda yglan edeli bäri bu mesele barada ilkinji gezek açyk gürrüň edýän Lukaşenka 31-nji martda halka eden ýyllyk ýüzlenmesinde Moskwanyň taktiki ýadro ýaraglaryny Belarusa geçirmegini haýyş edip, "Belarusyň özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny goramak" mümkinçiligini üpjün etmek üçin, bu plany hut özüniň başlandygyny aýtdy.

Öz syýasy garşydaşlaryny güýç bilen, gazaply basyp ýatyranyndan soň, Ýewropada we Günbatar dünýäsiniň köpüsinde gözden düşen Lukaşenka Günbatardan abanmagy mümkin anyk howp-hatarlar barada hiç bir subutnama getirmedi.

Günbatar bu ýaraglaryň Belarusda ýerleşdirilmek ähtimallygyny "jogapkärçiliksizlik“ diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG