Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serdar Berdimuhamedow harby gullukçylara degişli kanunlara täzeden seretmegiň wajypdygyny aýdýar


Türkmen esgerleri
Türkmen esgerleri

Prezident Serdar Berdimuhamedow “Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda” we “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryna täzeden seretmegiň wajypdygyny aýdýar.

Berdimuhamedow 6-njy aprelde Mejlisiň täze saýlanan deputatlary bilen geçiren duşuşygynda beýleki käbir kanunçylyk namalary bilen bir hatarda harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy we harby borçylylyk hakynda kanunlara gaýtadan seredilmegini teklip etdi.

Bu teklipler “watanymyza, döwletimize, halkymyza wepaly, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenen, ahlak taýdan durnukly, sagdyn pikirli hem-de hünär taýdan kämil harby gullukçylary kemala getirmek we olaryň hukuk goraglylygyny kämilleşdirmek maksady bilen” diýen düşündiriş bilen esaslandyryldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary türkmen goşunynda ýyllarboýy dowam edýän kemçilikler, şol sanda harby bölümleriň ýaramaz üpjünçilik şertleri, azyk önümleriniň ýetmezçiligi, çagyryş boýunça harby gullukçylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary we beýleki meseleler barada yzygiderli habar berip gelýärler.

Döwlet metbugaty harby gullukçylara degişli kanun namalaryna girizilmegi teklip edilýän üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň ugurlaryny, olaryň jikme-jikligini aýdyňlaşdyrmaýar.

Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda Türkmenistanyň kanuny harbylaryň döwlet tarapyndan kepillendirilýän hukuklaryny, azatlyklaryny, şeýle-de olaryň kanunçylykda bellenen borçlaryny we jogapkärçiliklerini kesgitleýär.

Bu kanun soňky sapar Türkmenistanda 2017-nji ýylda kabul edildi we geçen döwrüň dowamynda, 2019, 2020 we 2021-nji ýyllarda üýtgetmelere we goşmaçalara sezewar boldy.

“Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” 2010-njy ýylda tassyklanan kanun namasyna tas her ýyl üýtgetme girizilýär.

Türkmenistanyň täze düzülen parlamentiniň kanun çykaryjylary kanuna girizilmegi göz öňünde tutulýan goşmaçalar barada teklipler bilen jemgyýetçilige açyk çykyş etmeýärler.

Dünýä ýurtlarynyň harby kuwwatyny seljerýän “Global Firepower” neşiriniň 2023-nji ýyl üçin çap eden soňky hasabatynda Türkmenistanyň harby güýji 145 ýurduň arasynda 82-nji orny eýeledi.

Sanawda goňşy Özbegistan 62-nji, Gazagystan 63-nji, Gyrgyzystan 107-nji we Täjigistan 120-nji orunda ýerleşdirildi.

Galyberse-de, Türkmenistanyň günorta-gündogar goňşusy Owganystan soňky barlaglarda 145 ýurduň arasynda 114-nji orny eýeledi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri paýtagtda geçirilýän harby paradlarda özüniň harby tehnikalaryny, şol sanda daşary ýurt döwletlerinden satyn alnan harby enjamlary görkezýär.

Prezident Berdimuhamedow kanun çykaryjylaryň öňünde eden çykyşynda “ahlak taýdan durnukly, sagdyn pikirli hem-de hünär taýdan kämil harby gullukçylary kemala getirmegiň” ähmiýetini nygtady.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gullukçylaryň ýaramaz gulluk şertleri, türkmen goşunynda höküm sürýän “dedowşina”, agalyk, parahorlyk, tertip-düzgüniň pese gaçmagy, harby bölümlerde hasaba alynýan öwezini dolup bolmajak ýitgiler, esgerleriň we esger hossarlarynyň çözülmeýän meseleleri barada yzygiderli habar berip gelýärler.

Türkmenistanda harby gullukdan boşamak ýa-da onuň möhletini yza süýşürmek hukugyna eýe bolmadyk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar hökmany harby gulluga çagyrylýar.

Şu günler Türkmenistanda raýatlary hökmany harby gulluga çagyrmagyň ýazky möhleti dowam edýär. Ýylda iki gezek, 1-nji aprel – 30-njy iýun, hem-de 1-nji oktýabr – 31-nji dekabr aralygynda Türkmenistanda raýatlar harby gulluga çagyrylýar.

Galyberse-de, Türkmenistanyň kanunçylygy raýatlara harby gullugy geçmezlik hukugyny bermeýär we alternatiw raýat gullugy mümkinçiliklerini hödürlemeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG