Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlyga çykan öňki bendiler öz jaýlarynda täzeden ýazgyda durmakda kynçylyk çekýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde golaýda azatlyga çykan öňki bendiler öz jaýlarynda gaýtadan ýazgyda durmakda kynçylyk çekýärler. Olardan resminamalaryň ençemesini taýýarlamak we öz maddy serişdeleriniň hasabyna aklawçy tutmak talap edilýär.

"Golaýda yglan edilen günä geçişlikde azyndan 11 sany türkmenbaşyly raýat azatlyga goýberildi. Häkimiýetleriň bu raýatlary iş bilen üpjün etmegi beýlede dursun, olar bu raýatlaryň öňki ýaşap oturan we ýazgyda duran jaýlaryna gaýtadan ýazgyda durmagynda dürli býurokratik päsgelçilikleri döredýärler" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.

Türkmenistanda musulmanlaryň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli, prezident Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji aprelde gol goýan permanyna laýyklykda, iş kesilen 463 bendiniň günäsi geçildi. Şonda hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary günäsi geçilen adamlary ýakyn wagtda öz öýlerine barar ýaly, zerur işleri geçirmek bilen borçlandyryldy.

Ýagdaýdan habarlary çeşmämiziň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda iş kesilen bendiler, maşgalasyndan mejbury aýra düşýändiklerine garamazdan, ýazgyda duran we ýaşap oturan jaýlaryndan ýazgydan çykarylýarlar.

Azatlyga çykan türkmenbaşyly raýatlardan häzir öz öýlerine täzeden ýazga durmak üçin 15 töweregi resminamany taýýarlamak talap edilýär.

Bu resminamalaryň çäginde öňki bendi özüniň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryndan hem notarius tarapyndan tassyklanan razylyk hatlaryny almaly bolýar. Çagalar bu hatlarda kakasynyň jaýda täzeden ýazga durmagyna garşylyk bildirmeýändigini beýan edýärler.

"Jaý dolandyryş müdirliginden ýa-da arçynlykdan hem razylyk hatyny almaly. Şeýle-de, öňki bendiler welaýatyň merkezi polisiýa müdirliginden türmede bolandygy hakynda bellik hatyny almaly bolýarlar. Kazyýetiň günä geçişlik hakyndaky merkezi toparynyň ykrarnamasynyň tassyklanan nusgasy, üç arkany anyklaýan resminama hem bolmaly. Öňki bendilerden iş kesilendigini welaýatyň arhiw bölüminde hasaba aldyrmak hem talap edilýär" diýip, habarçy belledi.

Mundan başga-da, raýatlar saglyk, şol sanda psihiatriýa we narkologiýa, gan, WIÇ/SPID barlaglaryndan geçip, bular barada kepilnamalary almaly bolýarlar. Şeýle-de, olar ýerli polisiýa bölüminde barmak yzlaryny ýazga aldyryp, pasport maglumatlaryny bellige aldyrmaly bolýarlar.

"Ozalky bendilerden gaýdyp jenaýat etmejekdikleri barada notarius tarapyndan tassyklanan dilhatyny şäher polisiýa müdirligine tabşyrmak hem talap edilýär. Bular azyndan iki-üç aýyň dowamynda taýýarlanýan resminamalardyr" diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyga çykan raýatlardan, bu resminamalary jemlemek we taýýarlamak üçin, öz maddy serişdeleriniň hasabyna aklawçy tutmak hem mejbury talap edilýär.

"Resminamalar taýýarlanandan soň, etrap kazysy häsiýetnama görnüşli jemleýji resminama berýär. Şol resminamanyň esasynda öňki bendiler täzeden öz öýlerinde ýazga goýulýar" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenbaşynyň Polisiýa müdirliginden we kazyýetinden kommentariýa alyp bilmedi.

Dünýäde ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän ýurtlaryň hataryna girýän Türkmenistan türmelerinde saklanýan bendileriň, sud edilýän we boşadylýan adamlaryň sanyny çap etmeýär.

Emma ýurtda köplenç döwlet baýramçylyklaryna gabat getirilýän we ýylyň dowamynda birnäçe gezek yglan edilýän köpçülikleýin günä geçiş çärelerinde türkmen türmelerinde oturan ýüzlerçe, käte müňlerçe adamyň günäsi geçilýär. Ýerli häkimiýetlere tussaglykdan boşadylýan raýatlary iş bilen üpjün etmek tabşyrylýar.

Ýöne Azatlygyň habarçylary prezidentiň bu tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmeýändigini, öňki bendileriň aglabasynyň işsizlikden kösenýändigini habar berýärler. Şeýle-de, azatlyga çykan raýatlar kanun goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan “gara donly” häsiýetlendirilip, häli-şindi her dürli kemsitmelere sezewar bolýandyklaryny we dürli mümkinçiliklerden mahrum edilýändiklerini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG