Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"NeMolchi.uz sem bolmaz". Žurnalist Irina Matwiýenko "ölüm haýbaty sebäpli" Özbegistandan çykýar


Zorluga garşy döredilen taslamanyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Irina Matwiýenko
Zorluga garşy döredilen taslamanyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Irina Matwiýenko

Aýallara garşy zorlugy paş edýän NeMolchi.uz proýektini esaslandyryjy we onuň ýolbaşçysy, aýallaryň hukuklary ugrunda göreşiji Irina Matwiýenko Özbegistany terk etdi.

Ol bu barada özüniň Instagram sahypasynda maglumat çap etdi.

Irina Matwiýenko nätanyş adamlar tarapyndan özüne ölüm haýbaty atylandan soň, ýurtdan çykmak kararyna gelendigini ýazýar.

Irina indi howp aradan aýrylandan soň, Özbegistana dolanjakdygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň geçiren gürrüňdeşliginde, NeMolchi.uz habarlar saýtynyň we şol ady göteriji "Telegram" kanalynyň awtory Irina Matwiýenko özüniň şahsy durmuşyna haýbat atylandygy sebäpli Özbegistandan çykandygyny aýtdy.

– Öldürmek haýbaty bilen bagly habary alanymdan soň, meniň ýagdaýym düýbünden üýtgedi. Men oňa kimdir biriniň samsyk degişmesi hökmünde garajak boldum, ýöne jaýyň girelgesinden geçmek, koridordan ofislere ýöremek gaty gorkunç boldy. Men elimde ujy ýiti açary tutup, içeri girdim, golaýyna barman, jaýyň her bir burçuna seredip çykdym. Aşak düşenimde-de, ýokaryk çykanymda-da, lifte girmän, basgançakdan pyýada ýöredim. Ýanýoldaşymdan meýdançanyň biz tarap bölegine yşyk goýmagyny, umumy gapa gulp asmagy haýyş etdim – diýip, Irina Matwiýenko belleýär.

Irina Matwiýenko Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna haýbat atylan Telegram-habaryň skrinşotyny berdi hem-de geçen hepde psiholog bilen gürleşenden soň, ýurtdan gitmegi ýüregine düwendigini aýtdy.

– Men 28-nji aprelde kanun goraýjy edaranyň işgärlerine özüme howp abanýandygyny habar berdim. Häzir men sülçi bilen habarlaşyp durýaryn. Şu wagt barlag dowam edýär. Göreli, onuň netijesi nähili bolýar – diýip, Matwiýenko aýdýar.

Matwiýenko özüniň gidýändigine garamazdan, NeMolchi.uz proýektiniň öz işini dowam etdirjekdigini, Özbegistanda hukuklary has köp bozulýan zenanlaryň problemalaryny köpçülige ýetirip durjakdygyny aýtdy.

– Bu taslamanyň dowam etdirilmegi meniň nirede bolýandygyma bagly bolmaz. Galyberse-de, bu işi diňe men däl, eýsem tutuş topar dolandyrýar. NeMolchi.uz sem bolmaz – diýip, Matwiýenko aýdýar.

Özbegistanyň Içeri işler ministrligi NeMolchi.uz taslamany esaslandyryjy Irina Matwiýenkonyň adyna ölüm haýbaty atylandan soň, reaksiýa bildirdi.

«Jemgyýetçilik aktiwisti Irina Matwiýenkonyň şahsy hasabyna haýbat atyjy maglumatyň gelmegi bilen bagly ýagdaý Özbegistanyň Içeri işler ministrliginiň Operatiw-derňew bölüminiň kiber howpsuzlyk merkezi tarapyndan öwrenilýär. Netijelere esaslanyp, degişli hukuk seljermesi beriljekdir» diýip, ministrlik mälim etdi.

Garaşsyz maglumat taslamasy NeMolchi.uz 2017-nji ýylda döredildi. Proýekt jemgyýetiň ünsüni aýallara garşy edilýän zorluk meselesine çekmäge we köpçüligiň bu meselä bolan garaýşyny üýtgetmäge gönükdirildi.

NeMolchi.uz Özbegistanyň Ürgenç şäheriniň 1-nji maşgala ýetimhanasynda bolýan 15, 16 hem 17 ýaşly ýetim gyzlaryň on aýyň dowamynda, Horezm welaýatynyň döwlet ýolbaşçylary bilen jynsy gatnaşyk etmäge mejbur edilendigi baradaky habary ilkinji bolup berdi.

Irina Matwiýenko bu howpuň şol ýaýradylan habar bilen baglydygyny heniz anyk bilmeýändigini aýdýar.

Onuň gitmegi 3-nji maýda bellenilýän Halkara metbugat azatlygy gününe gabat geldi.

Şol gün Parižde ýerleşýän "Serhetsiz reportýorlar" halkara metbugat guramasy bütin dünýäde metbugat azatlygynyň ýagdaýy barada, ýyllyk hasabatyny yglan etdi.

Özbegistan “Serhetsiz reportýorlaryň” metbugat azatlygy reýtinginde, 2022-nji ýylyň jemleri boýunça 4 ornuny ýitirip, 137-nji orny eýeledi. Guramanyň ýaýradan maglumatyna görä, ýurtda metbugat azatlygy bilen baglanyşykdaky ýagdaý "agyr" bolmagynda galýar.

Häzirki wagtda Özbegistanda 10 çemesi žurnalist, blogger we aktiwist tussag astynda saklanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG