Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Afrikanyň prezidenti Putiniň, Zelenskiniň ‘Afrika liderleriniň parahatçylyk missiýasy’ bilen duşuşmaga razydygyny aýtdy


Prezident Kiril Ramaphosa Putiniň we Zelenskiniň degişlilikde Moskwada we Kiýewde “Afrika liderleriniň parahatçylyk missiýasyny” kabul etmäge razylyk berendigini aýtdy.
Prezident Kiril Ramaphosa Putiniň we Zelenskiniň degişlilikde Moskwada we Kiýewde “Afrika liderleriniň parahatçylyk missiýasyny” kabul etmäge razylyk berendigini aýtdy.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Afrikanyň alty ýurdunyň - Günorta Afrikanyň, Zambiýanyň, Senegalyň, Kongo Respublikasynyň, Ugandanyň we Müsüriň liderleriniň wekiliýeti bilen aýratynlykda duşuşyp, Ukrainadaky urşy soňlamagyň mümkin bolan planyny ara alyp maslahatlaşmaga razy boldular diýip, Günorta Afrikanyň prezidenti 16-njy maýda aýtdy.

Prezident Kiril Ramaphosa hepde aýagynda Putin we Zelenski bilen telefonda gürleşendigini we olaryň her biriniň degişlilikde Moskwada we Kiýewde “Afrika liderleriniň parahatçylyk missiýasyny” kabul etmäge razylyk berendigini aýtdy.

"Biziň gepleşiklerimiziň esasy özeni Ukrainadaky weýrançylykly konfliktiň parahatçylykly çözgüdini tapmak üçin edilýän tagallalar" bolar diýip, Ramaphosa aýtdy.

XS
SM
MD
LG