Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda suw üpjünçiligi ýygy-ýygydan kesilýär


Suw bökdençlikler her ýylyň tomus aýlarynda has-da ýitileşýär.
Suw bökdençlikler her ýylyň tomus aýlarynda has-da ýitileşýär.

Aşgabadyň gür ilatly Parahat-7 etrapçasynda soňky hepdäniň dowamynda azyndan iki gezek agyz suw üpjünçiligi köpçülikleýin ýagdaýda kesildi. Bu hem öz gezeginde howanyň gyzgynlygynyň 35 gradusdan aşýan bu günlerinde, ýaşaýjylarda köp sanly oňaýsyzlyklary döretdi.

23-nji maýda paýtagtyň gürrüňi gidýän etrapçasynyň 29-njy belgili jaýyny suw bilen üpjün edýän geçiriji ýaryldy. Habarçymyz ýerli resmileriň meseläni diňe ertesi güni giçlik çözmegi başarandyklaryny, bu aralykda bolsa, ilata başga alternatiw suw üpjünçiligini hödürlemändiklerini belledi.

“Ýerli ýaşaýjylar turba ýarylan badyna, dessine ýerli jemagat gulluklaryna habar berdiler. Ussalar ençeme sagatdan soň, günortana golaý gelseler-de, özlerinde gerekli ätiýaçlyk şaýlarynyň ýokdugyny aýdyp, munuň üçin ýaşaýjylardan 50 manat pul soradylar” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri meseläni öwrenmek üçin sebite gelen habarçymyza gürrüň berdi.

Adamlar döwletiň hasabyna amal edilmeli abatlaýyş işlerine näme sebäpden öz jübüsinden pul çykarmalydygyna nägile boldular.

“Ussalar döwletiň gerekli enjamlar bilen üpjün etmeýändigini, şol sebäpli köp halatda ätiýaçlyk şaýlaryny özleriniň, galyberse-de edara ýolbaşçylarynyň hasabyna satyn alýandyklaryny aýtdylar. Olar hem bu ýagdaýlara nägile bolýandyklaryny, emma özleriniň diňe adaty işgärdigini düşündirjek boldular. Ýaşaýjylaryň köpüsi munuň bilen ylalaşmasalar-da, alaçsyzlykdan pul bermäge razy boldular. Netijede diňe ertesi güni giçlik jaýlara täzeden suw gelip başlady” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi 25-nji maýda gürrüň berdi.

Ol bu suw geçirijisiniň häli-şimdi hatardan çykýandygyny, ýaşaýjylaryň hem muny jaýlaryň gurluşyk işleriniň pes hilli alnyp barylmagy bilen baglydygyna ynanýandyklaryny belledi. Bu ýagdaýlar boýunça Aşgabadyň we degişli etrabyň häkimlikleri kommentariýa bermediler.

Bu aralykda, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri hem geçen hepde Parahat-7 etrapçasynyň ençeme jaýynyň, suw geçirijileriniň hatardan çykmagy netijesinde, nobatdaky gezek üç günläp suwsuz galandygyny habar berýär.

Neşir 15-18-nji maýda Baba Annanow köçesiniň ugrundaky jaýlarda ýüze çykan suw meselesiniň, jemagat hojalyk gullugunyň aglaba işgärleriniň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň açmaly ýaşaýyş jaý toplumyndaky arassaçylyk işlerine çekilmegi sebäpli, ençeme güne uzandygyny belleýär.

Mesele aradan aýrylýança, häkimiýetler, adatça bolşy ýaly, ilata alternatiw suw üpjünçiligini hödürlemediler. Bu ýagdaýlarda adamlar içimlik suwy dükanlardan satyn aldylar, hojalyk hajatlary üçin suwy hem golaýdaky çüwdürimlerden daşadylar.

Türkmenistanda ilatyň agyz suw üpjünçiligindäki meseleler tutuş ýylyň dowamynda ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Bu bökdençlikler her ýylyň tomus aýlarynda, jokrama yssy günlerde has-da ýitileşýär.

Halkara guramalary, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda suw ýetmezçiliginiň has agyrdygyna, emma şonuň bilen birlikde suwuň aşa sarp edilýändigine ünsi çekýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy edarasy 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanda suwuň harçlanmagynyň krisiz derejesine ýetendigini mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG