Aktiwistler Türkmenistanyň häkimiýetlerini Türkiýedäki türkmen migrantlaryna kömek etmek islemezlikde aýyplaýar
Adam hukuklaryny goraýan türkmen we türk aktiwistleri Türkmenistanyň hökümetinden Türkiýede bikanun ýagdaýda ýaşaýan müňlerçe türkmen raýatynyň bu ýurtda kanuny esasda ýaşamak meselesini çözmegini talap edýärler. Olar bu barada Stambulda geçirilen metbugat ýygnagynda mälim etdiler. Türkmenistanyň Türkiýede ýaşaýan raýatlary biometriki pasportlaryny alyp ýa-da olaryň möhletini uzaldyp bilmeýärler. Şol sebäpli olar bu ýurtda bikanun esasda ýaşamaga mejbur bolýarlar.
Epizodlar
-
Iýul 29, 2026Türkiýede ýiten iki aktiwist nirede?
-
Iýul 10, 2026Nebit-gaza baý Türkmenistanda dizel gytaldy
-
Iýul 09, 2026'Gepländigi üçin köýdürilen ömürler'
-
Iýun 24, 2026Emeli aň we döwlet gözegçiligi