Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Diňle: Welaýat ýaşaýjylary Arkadagdan jaý satyn alyp bilmeýär, jaýa isleg bildirýänler yzarlanýar


Diňle: Welaýat ýaşaýjylary Arkadagdan jaý satyn alyp bilmeýär, jaýa isleg bildirýänler yzarlanýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:32 0:00

Türkmenistanyň welaýatlarynyň ýaşaýjylary döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy berlen Arkadag şäherindäki ýaşaýyş jaýlaryndan satyn alyp bilmeýärler. Häkimiýet wekilleri welaýat ýaşaýjylaryna bu jaýlardan diňe Ahal welaýatynda ýa-da Aşgabatda ýazgyda duran raýatlaryň satyn alyp bilýändigini aýdýarlar. Şeýle-de, bu jaýlardan satyn almaga isleg bildirýän welaýat ýaşaýjylary ýörite gulluklaryň işgärleri tarapyndan yzarlanýar.​ Türkmenistanlylaryň ençemesi muny “aç-açan diskriminasiýa” atlandyrýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň ýurduň dürli welaýatlaryndaky ynamdar çeşmeleri habar berýärler.

XS
SM
MD
LG