Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda biometriki pasport almak üçin žetonlaryň berilmegi wagtlaýyn togtadyldy


Türkmenistanda raýatlaryň ýurtdan çykmagy we ýurda girmegi üçin zerur bolan biometriki pasporty. (Illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanda raýatlaryň ýurtdan çykmagy we ýurda girmegi üçin zerur bolan biometriki pasporty. (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda raýatlaryň biometriki pasport almak meselesi aýdan-aýa kynlaşýar. Balkan welaýatynda biometriki pasportlara resminamalary tabşyrmak üçin nobatlar öňümizdäki ýylyň güýzüne baryp ýetdi we nobatlar üçin žeton bermek wagtlaýyn togtadyldy. Pasport almak mümkinçiliginiň azalmagy, bu ugurda alym-berimiň "möwjemegine" getirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we ynamdar çeşmeleri 17-nji noýabrda sebitden maglumat berdiler.

"Döwlet Migrasiýa gullugynyň Balkanabatdaky, Gyzylarbatdaky we Türkmenbaşydaky şahamçalary 2024-nji ýylyň noýabr aýyna çenli žetonlary paýlap boldular” diýip, habarçymyz migrasiýa gullugynyň işgärlerine we raýatlara salgylanyp aýtdy.

Habarçymyz bu çäklendirmäniň daşary ýurtlara tizden-tiz syýahat etmek isleýän käbir raýatlary öz ýolundan saklap bilmeýändigini, olaryň ýurtda “giňden ýaýran para-berim tejribesinden” peýdalanýandygyny aýdýar.

“Bu raýatlar 10 müň manat para berip, bir aý içinde biometriki pasport alyp bilýärler. Bu raýatlara öňden nobat alan raýatlar nobatlaryny satýarlar. Bu pul ýa-da para nobat satan raýat bilen migrasiýa ofiseriniň arasynda paýlaşylýar. Sebäbi migrasiýa ofiseri elektron žeton nobatyny, ony satyn alan adamyň adyna resmileşdirip berýär” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.

Ol žetonlaryň nyrhlary barada hem maglumat berip, alty aý içindäki nobatyň bahasynyň 6 müň manat, ondan soňky möhletdäki nobatlaryň 3-5 müň manat aralygynda bahalanýandygyny hem belledi.

“Balkanlylar muny ‘nobat biznesi’ atlandyrýarlar. Bu, hem raýatlar, hem-de migrasiýa işgärleri üçin goşmaça gazanç bolýar” diýip, balkanly bir ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Döwlet Migrasiýa gullugynyň Balkandaky edaralaryndan kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda raýatlaryň ýurtdan çykmagy we ýurda girmegi üçin zerur bolan biometriki pasportlary almakdaky kynçylyklary şu ýylyň fewral aýynyň ilkinji günlerinde peýda bolup başlady. Şondan bäri raýatlar pasport almak ýa-da olaryň möhletini uzaltmak üçin migrasiýa edarasynda nobata durup, ýörite talon almaly bolýarlar.

Geçen aýyň ahyrynda Lebapdaky habarçylarymyz sebitiň migrasiýa edarasynda pasportlara resminamalary tabşyrmak üçin nobatlaryň öňümizdäki ýylyň güýzüne baryp ýetensoň, nobatlar üçin žeton bermegiň bes edilendigini habar berdiler. Ýurduň beýleki sebitlerinde-de pasport almak bilen bagly şuňa meňzeş ýagdaýlar gaýtalanýar.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri ilat arasynda biometriki pasporta bolan talap we raýatlaryň ony almakdaky kynçylyklary barada resmi maglumat bermeýärler.

Bu habarlaryň arasynda, prezident Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi, ondan peýdalanmagyň kadalary barada karara gol çekdi.

Döwlet metbugatynyň 20-nji oktýabrda beren habaryna görä, Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken bu kararyna görä, Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasy we ýazgysy hem tassyklandy. Ýöne resmi habarda kararyň jikme-jiklikleri we täze pasport almak düzgünleri barada hiç zat aýdylmady.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, köp raýat eklenç gözleginde daşary ýurtlara gitmäge isleg bildirýär. Biometriki pasportlara islegiň artýan wagtynda, soňky aýlarda häkimiýetler raýatlaryň ýurduň daşyna syýahat etmegini çäklendirýän düzgünleri girizýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG