Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalar we çäre mejburlygy: Kemsitmeler raýat raýdaşlygyny güýçlendirýärmi?

Sport çäresine gatnaşdyrylan çagalar. Aşgabat, 11-nji fewral, 2013.
Sport çäresine gatnaşdyrylan çagalar. Aşgabat, 11-nji fewral, 2013.

Türkmenistanda çagalaryň syýasy, medeni we köpçülik çärelerine çekilmegi, ene-atalaryň çagalarynyň çärede geýjek eşikleri üçin goşmaça çykdajy edip, maşgala býujetine düşýän agrama, azyga, beýleki zerurlyklara harçlanjak serişdeleriň azalmagyna kaýyl bolmagy, okuw, bilim, sport üçin ulanyljak wagtyň 'ogurlanmagy' ençeme ýyl bäri dowam edýär we, synçylaryň käbiri adamlaryň bu ýagdaýa bildirýän aladasynyň azda bolsa güýçlenýändigini öňe sürýär.

Golaýda habarçymyz Balkanabat aýlawynda Bedew baýramy üçin ýazgy edilen dabaraly çärä gatnaşdyrylan okuwçy gyzlaryň köpüsiniň ýuka eşikde üşäp, dürli derejede sowuklandygyny we, okuwdan galyp, sanjym, bejergi almaga mejbur bolandygyny habar berdi.

Ýerli lukmanyň duýdurmagyna görä, ýaş gyzlaryň çigrek howada, ýuka eşikli ençeme sagada çekýän çärä gatnaşdyrylmagy soňy bilen olaryň geljegine ýaramaz täsir hem ýetirip biler.

Synçylar ene-atalaryň aglaba köplüginiň bu meselä kän baş galdyrmaýandygyny, olaryň arasynda çagalaryň çärelere gatnaşdyrylmagyny goldaýanlaryň hem bardygyny aýdýarlar.

Azatlygyň habarçylary “Halk sesi” tapgyryndan taýýarlaýan gepleşigimiz üçin çagalar we çäreler baradaky halk pikirlerini öwrenmäge çalyşdylar.


Anonimlik şertinde gürleşen eneleriň biri çagasynyň ýaşlykdan göze ilmegini we köpçülik sahnalarynda tanalmagyny onuň geljegi üçin ‘inwestisiýa’ hasaplaýandygyny, her bir ene-atanyň perzendini durmuşa taýýarlamak, gowy okuwda okatmak, gowy işlere ýerleşdirmek isleýändigini aýtdy.

Synçylaryň käbiriniň pikirine görä, ýokary okuwdaky paranyň agyrlygy we köpçülik çärelerinde ‘gowy görünjek’ ýaşlaryň öňünde açylýan mümkinçilikler çagalaryň çärelere çekilmegini, ene-atalaryň bu ýagdaý bilen ylalaşmagyny tasdan kadaly zada öwürýär.

Ýöne bu ‘kadaly ýagdaýy’ kadasyz, zyýanly, utanç we yzagalaklyk hasaplaýan ene-atalar hem bar.

Azatlygyň habarçysynyň 2023-nji ýylyň iýul aýynda beren habaryna görä, Baýramalyda mekdep işgärleri maýyp çagalaryň mejbury çärelere gatnaşmak borjundan boşadylmagyny gazandylar. Habarçymyz Baýramaldaky maýyplar mekdebiniň okuwçylarynyň şondan bäri mejbury çärelere gatnaşdyrylmaýandygyny aýdýar.

Gerek deregi haçana çenli ýykar?

Azatlyk bilen aýry-aýrylykda gürleşen birnäçe ene-ata ýaş oglan-gyzlaryň, çagalar bagyndaky çagalaryň çärä çekilmegini, umuman, oňlamaýandygyny, ýöne ýurtda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, çärä gatnaşasy gelýän çagalara-da, olaryň ýaşlykdan ýüzüniň açylmagyny isleýän ene-atalara hem düşünýändigini aýtdy.

“Çagasynyň çärä gatnaşmagyny isleýänler, geljekde ýurduň ýokary okuw jaýlaryna girmegine kömegi deger diýen umyt bilen, olary çärelere gatnaşdyrýarlar, bu ýerde başga bir sebäp göremok” diýip, bir pedagog habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşende aýtdy.

Bu ýurtda okajak, işlejek bolsaň, sen hökman çärä gatnaşmaly bolýarsyň. Bu çäre halka gerek däl, ýokarda işleýänlere gerek.
Ýaşaýjy


Bir ene, ady habarçymyzda bar, öz oglunyň prezidentiň öňünde ýatdan goşgy okamak üçin seçilenleriň synagyna gatnaşmagyna razy bolup, başdan geçirenlerini gürrüň berdi:

“Çagam iki, üç aý çemesi dowam eden taýýarlyga gatnaşdy. Häkimligiň wekilleriniň, organ işgärleriniň öňünde birnäçe sapar goşgy okap, öz taýýarlyk derejesini görkezmeli boldy. Prezidentiň garaşylýan saparynyň ýakynlamagy bilen, her gün taýýarlyk çäresine gatnaşyp, birnäçe sagat aýak üstünde durmaly boldy. Soňabaka çagam taýynlyga günde aglap gitdi.”

Howpsuzlyk aladalary üçin adynyň aýdylmazlygyny soran ene oglunyň prezidentiň gelýän gününde gyzgynynyň galandygyny, emma şonda-da derman içip, çärä gatnaşandygyny aýtdy.

“Çäreden soň çagamy hassahana ýerleşdirmeli boldum. Bir minutlyk çykyş üçin birnäçe aý kösençlik çekdik. Onuň çärä gatnaşanda geýjek eşigi, ýol kireýleri hem ene-atasynyň üstüne atyldy. Şondan bäri çagamy ähli çäreden alyp galýaryn” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi başda çagam çykyş edýär diýip begenendigini, soň onuň kösençliklerini görüp, çärä gatnaşmagyna razylyk berenine ökünendigini gürrüň berdi.


Azatlygyň habarçylary şu aýyň başynda prezidentiň Mara we Lebaba saparlary döwründe geçirilen çärelerde 10-a golaý adamyň huşuny ýitirendigini habar berdiler, Balkanabatdaky Atly sport toplumynda, aýlawda geçirilýän çärelere gatnaşan gyzlaryň onlarçasynyň sowuklan güni, 19-njy aprelde “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek üçin guralan çärä gatnaşan okuwçylaryň gören kösençlikleri barada hem resmi taýdan tassykladyp ýa inkär etdirip bolmaýan maglumatlar arasynda, bir synçy çagalar, ýaşlar we çäreler meselesiniň jemgyýetde azda bolsa ynjalyksyzlyk, pikir alyşma döredýändigini öňe sürdi.

ÝOJ-laryň studentleri çärelere 10-15 ýyl öňem 'garşydy'

Häzir Ýewropa ýurtlarynyň birinde ýaşaýan türkmen gelniniň öz studentlik ýyllaryndaky tejribesine salgylanyp aýtmagyna görä, YOJ-laryň studentleriniň arasynda köpçülik çärelerine garşy meýiller we pikirler mundan 10-15 ýyl öňem bardy. Azatlygyň habarçysy bu garşylygyň şindi hem bardygyny, belki, belli bir derejede güýçlenen bolmagynyň hem mümkindigini aýtdy.

Anonimlik şertinde gürleşen studentleriň sözlerine salgylanyp berlen maglumata görä, “çärä gatnaşmaga garşy bolýanlar gaty kän”, ýöne bilimiň bilen okuwa girmek kyn bolansoň, okuwdan çykarylyp, ene-atasyny gynandyrmajak bolup, ýaşlar mejbury çärelere ‘göwünjeň’ gatnaşmaly bolýar.

“Arada daşary ýurt topary bilen guralan futbol ýaryşynda studentleri stadiona ir bilen getirip, boş galjak hatarlary doldurdylar. Olar birnäçe sagatlap ýerlerinden butnaman oturmaly boldular” diýip, anonimlik şertinde gürleşen student ýaşlaryň bu hili çärelerden ‘gaty uly alada galýandygyny’, hususan-da hajathana ýagdaýyndan, köpçüligiň içinde ‘eşigini ölläp, masgara bolmakdan’ gorkýandygyny gürrüň berdi.

Azatlygyň aýry-aýrylykda gürleşen söhbetdeşleriniň tassyklamagyna görä, studentleriň köpüsi çäre gitmeli günleriniň bir gün öňünden “hiç hili nahar iýmän, suw içmän”, öňde duran synaga taýynlyk görýär.

“Çäre wagtynda hajathana ýagdaýy gaty kyn. Hatda goýberilmeýär” diýip, bir student çäreleriň ýene bir zyýanynyň maşgala býujetlerine, studentleriň ene-atalaryna salýan agramy bilen baglydygyny aýtdy.

“Çärä gatnaşýanlar talap edilýän egin-eşikleri hem öz hasaplaryna almaly. Her çärede geýmeli köýnekleriň, donlaryň reňkleri üýtgeýär. “Forma odin” diýlip atlandyrylýan çäre eşikler býujet işgärlerinde, studentlerde hökman bolmaly. Bu hususan-da gelin-gyzlara degişli” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Çäre wagtyndaky hajathana çäklendirmesi 'gaty heläk edýär'

Golaýda prezidentiň Mara sebitine eden saparynda gurnalan çärä gatnaşanlaryň biri dabara wagtynda çaşan adamlaryň hem bolandygy baradaky habary tassyk etdi.

“Prezidentiň ulagy geçip gideninden soň, çärä gatnaşdyrylan adamlar ylgap, hajatlary üçin, derrew çöle siňdiler” diýip, maryly býujet işgäri aýtdy.

Onuň sözlerine görä, hajat zerurlygy sebäpli, adamlarda utanç, haýa diýen zat ýatdan çykdy.


“Erkekler bir tarapa, aýallar bir tarapa ylgaşdylar. Adamlar yssy howada suwsuz birnäçe sagat durmaly boldular. Býujet işgärleriniň biri, 40-45 ýaşlaryndaky aýal duran ýerinde çaşdy. Ýöne lukmanlaryň oňa kömek bermegine rugsat edilmedi, knb işgärler ony, görünmez ýaly, bir tarapa süýşürdiler we ýanynda işdeş ýoldaşyny goýdular” diýip, bolan wakanyň gözli şaýady gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, prezidentiň ulag kerweni geçeninden soň, lukmanlaryň ony alyp gitmäge rugsat berildi.

“Adam ölse-de, gynanjak adamlar däl, gaýta özüňi utandyrýarlar” diýip, habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy çärä gatnaşýanlaryň ‘adam ornunda goýulmaýandygyny’ öňe sürdi we häkimligiň işgärleriniň, howpsuzlyk wekilleriniň çärede duranlara “haýwanlar ýaly siz” diýip azgyrylmagynyň, dynç almak üçin dyzyny epenlere “turuň” diýip gygyrylmagynyň öwrenilişen, bolmaly zat ýaly kabul edilýändigini belledi.

“Garaşylýan prezident sagat 11:00-da gelýän bolsa, adamlar ir sagat 6-dan ‘janly diwar’ edip düzülýär. Çäre sowuk howada bolsa, gatnaşýan erkek adamlar kostýumly, gelin-gyzlar donly durmaly. Şol bir wagtda, bu ýerdäki ýokary derejeli işgärleriň ählisiniň egni galyň kurtkaly. Olar ‘gelýär’ diýlende, derrew eginlerindäki galyň eşiklerini çykarýarlar” diýip, sowuk howada guralan çäre wagtynda, öz sözleri bilen aýtsak, ‘ýukajyk egin-eşikde birnäçe sagat durmaly bolan’ býujet işgäri aýtdy.

Birnäçe ene-atanyň, hünärmeniň we öňki studentiň tassyklamagyna görä, türkmen ÝOJ-larynda okan studentleriň köpüsi sowuklamanyň nämedigini ‘gowy bilýär’, sebäbi olaryň içinde böwreklerini üşedip, çäre sebäpli hassahana düşenler her ýyl az bolmaýar.

Ýerli synçylaryň biri sowuk howada ýa-da jokrama yssyda geçilýän çäreleriň şol wagt ýa-da soňundan göni ýa-da gytaklaýyn adam ölümine hem sebäp bolup bilýändigini öňe sürdi. Türkmenistan maglumat üçin ýapyk ýurt bolansoň, bu aýdylýanlary garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bolmaýar.

Ene-atalaryň köpüsi çagalaryny adam mertebesini bozýan, saglygyna we psihikasyna uly zarba urýan çärelerden alyp galmak isleýär.
Ýaşaýjy


Şeýle-de, synçylar häkimiýetleriň bu çäreler barada edilýän gürrüňleri, halk nägileligini eşidýändigini, emma halk pikirini 'sylamaýandyklaryny' öňe sürýärler.

“Bu ýurtda okajak, işlejek bolsaň, sen hökman çärä gatnaşmaly bolýarsyň. Bu çäre halka gerek däl, ýokarda işleýänlere gerek. Adamlar ‘ýolbaşçylar şeýle zalym bolmalymyka, adamlary kösemekden başga işleri ýok’ diýip, käýinip gürrüň edýärler. Döwlet baştutanlary adamlaryň çärelere mejbur bolup gatnaşýandygyny bilýär. Belki, olar üçin adamlaryň gargynjyny iýmek abraýdyr. Adamlary mejbury çärä çykaryp, özüňi ýasama sylatmak - bu bir samsyklyk” diýip, bir ýaşuly Azatlyga aýtdy.

Onuň pikiriçe, bu meselede üýtgeşiklik öz-özünden gelmez.

“Halk bir agyzdan çärä çykmagy goýmasa, başga çözüm ýok. ‘Çärä gatnaşmady’ diýip, adamlaryň hemmesini işden-ä çykaryp bolmaz, [türmä] basyp hem bolmaz. Haýsy bir adamy çärä gatnaşmadyň diýip basjak? Halk gorkdugyça, ýolbaşçylar halky [şonça-da] adam ýerine goýmaz” diýip, habarçymyzyň soraglaryna jogap beren ýaşaýjy öz pikirini jemledi.

Mejbury çäreler halk içinde ýiti tankyda 'sezewar bolýar'

Türkmenistanda däbe öwrülen mejbury çäreler, 2026-njy ýyla gelip, ahyrsoňy halk içinde aç-açan, ýiti tankyda sezewar bolýar, hatda synçylaryň arasynda türkmen döwletiniň asyl maksady "çäre üçin çäre" bolmasyn diýýänler hem bar diýip, bir synçy aýtdy.

“Adamlary toplap, köpçülikleýin çärä çekmek, şol sanda çagalary çärelere gatnaşdyrmak sowetler döwründen galan tejribe bolup durýar. Bu tejribe sowetler döwründe durşuna propaganda äheňine ýugrulan hem bolsa, ilat arasynda belli bir derejede goldaw tapýardy, sebäbi, birinjiden, bu çäreler diňe 7-nji noýabr, 1-nji maý ýaly döwlet baýramlarynda geçirilýärdi, galan wagtlarda çäreler seýrekdi. Beýleki bir tarapdan, şeýle çärelere gatnaşdyrylan çagalara sagaldyş-dynç alyş lagerlerine, çagalar syýahatçylyk saparlaryna ýollanmalar we beýleki höweslendiriji sylaglar berlerdi” diýip, ýerli synçy aýtdy.


Onuň sözlerine görä, SSSR darganyndan soň, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda hem şol höweslendiriji sylaglar tejribesi belli bir derejede saklandy we birinji prezidentiň gatnaşmagynda geçirilýän çärelerde Nyýazow hemişe jübüsinden dollar çykaryp, çagalary we mugallymlary belli derejede höweslendirýärdi.

Şeýle-de, synçylar Nyýazow döwründe sowet döwrüne garanda has köpelen çäreleriň sanynyň häzirki çäreler bilen deňeşdirilende birnäçe esse az bolandygyny aýdýarlar.

Şägirt halypadan ozdurmasa, 'çäre ýiter'

“...çagalary köçelere köpçülikleýin görnüşde diňe prezidentiň sapary wagtynda çykarýardylar, başga baýramçylyklarda we prezident gatnaşmaýan bolsa, çärelere diňe az sanly student, ÝOJ-laryň mugallymlary gatnaşdyrylýardy” diýip, söhbetdeşimiz mejbury çäreleriň ýene bir ‘sypatyna’ ünsi çekdi:

“Nyýazow döwründe düýbi tutulan türkmenleşdirme syýasatynyň çäginde köpçülikleýin çärelere gatnaşdyrylan çagalara türkmen milli egin-eşikleri geýdirilýärdi, ýöne häzirkilerden tapawutly, birmeňzeş matadan we bir görnüş nagyşly lybaslar diňe Nyýazowyň öňünde goşgy aýtjak 5-6 çaga geýdirilerdi, galan okuwçylar, studentler we mugallymlar bar bolan milli lybaslarynda gelerdiler. Häzirki ýaly, olaryň birmeňzeş mata, birmeňzeş ýaka, gülýaka, reňkde bolmagy talap edilmeýärdi.”

Synçy bu pikirini Halk maslahatynyň ýygnaklarynyň arhiw wideolaryndaky student gyzlaryň, mugallymlaryň dürli biçimli, öwüşginli lybaslarda oturanyny görkezýändigi bilen delillendirdi.

“Emma Gurbanguly Berdimuhamedow wezipä geçeninden soň, çäre belasy türkmen okuwçylarynyň we talyplarynyň hemişelik derdine öwrüldi. Geçen 19 ýylyň içinde çäreleriň gerimi Nyýazow zamanasyndakydan görlüp-eşidilmedik derejede giňeldi. Indi ýurtda islendik bahana bilen ählumumy we köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Çärelere mejbury gatnaşdyrylýan çagalara diňe prezident bilen gürleşen halatynda oýunjak, gurjak ýa şuňa meňzeş sowgat gowşurylýar, beýlekilere ne sowgat, ne höweslendiriji sylag, ne-de çörek , suw ýa hajathana üpjünçiligi döredilmeýär” diýip, synçy aýtdy.

Aýry-aýrylykda gürleşilen ýaşaýjylar, synçylar we studentler bu çäreleriň soňunyň görünmeýändigini aýdýarlar.

"Ene-atalaryň köpüsi çagalaryny adam mertebesini bozýan, saglygyna we psihikasyna uly zarba urýan çärelerden alyp galmak isleýär" diýip, bir ýaşaýjy aýtdy.

Onuň pikiriçe, ene-atalaryň arasynda bir-birine raýdaşlyk bildirip, çagalary mejbury çärelerden goramagyň gürrüňini edýänler, mekdepleriň syýasatdan daşda durmalydygyny aýdýanlar biraz köpelýäne meňzeýär. Ýöne Azatlyk bu aýdylýany ýerinde, adamlar bilen gürleşip, garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmeýär.

Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky diplomaty bolup işlän, häzir Awstirýada bosgunlykda ýaşaýan Nurmuhammet Hanamow Nyýazow döwründe güýçlendirilen ‘çäre’ mejburlygynyň aslynda ‘sowet keseli’ bolup, soň beterledilendigini aýtdy we ondan dynmagyň hem döwlet ýolbaşçysy, hem ýurt üçin abraý boljakdygyny öňe sürdi.

Azatlygyň habarçylary bu mesele boýunça häkimiýetleriň resmi düşündirişlerini alyp bilmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG