Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň Mara we Lebaba saparlary döwründe geçirilen çärelerde 10-a golaý adam huşuny ýitirdi

8-nji aprelde Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze şäherçäniň düýbüniň tutulmagyna gatnaşýan studentler w býujet işgärleri. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) web sahypasyndan alnan surat.
8-nji aprelde Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze şäherçäniň düýbüniň tutulmagyna gatnaşýan studentler w býujet işgärleri. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) web sahypasyndan alnan surat.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepde Mary we Lebap welaýatlaryna eden iş saparlarynyň dowamynda geçirilen çäreler gatnaşyjylar bilen bir hatarda, ilatyň gündelik durmuşyna, şeýle-de otly we ulag hereketine oňaýsyz täsir ýetirdi.

Ençeme sagatlap dik aýak üstünde durmaly edilen müňlerçe býujet işgäriniň, talyplaryň we okuwçylaryň arasynda saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp, huşuny ýitirenler hem boldy. Bu ýagdaýlar barada çärelere gatnaşan türkmenistanlylaryň we ýerli ýaşaýjylaryň onlarçasy aýry-aýrylykda anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň berdi.

Türkmen prezidenti 8-nji aprelde Mara sapar edip, Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze şäherçäniň düýbüniň tutulmagyna gatnaşdy. 10-njy aprelde bolsa, ol Lebaba sapar edip, Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Resmi medianyň maglumatlarynda iki çärä hem müňlerçe adamyň gatnaşandygyny, hatda awtomobil ýolunyň ugrunda söwda tekjeleriniň we ak öýleriň gurlandygyny, olaryň töwereginde läle kakýan, sport oýunlaryny ýerine ýetirýän raýatlary görse bolýar.

Bu çärelere gatnaşan türkmenistanlylaryň ençemesi bulara taýýarlyklaryň bir hepde öňünden başlanandygyny we olara býujet işgärleriniň, talyplaryň we okuwçylaryň öz esasy iş wezipelerinden we okuwlaryndan çetleşdirilip, döwlet çärelerine gatnaşmaga mejbur edilendigini gürrüň berdi.

“Olaryň bir bölegi çäreleriň geçiriljek ýerlerinde arassaçylyk işlerini ýerine ýetirdiler. Beýleki bir bölegi bolsa, özlerine aýdylan ýerde dik aýak üstünde durdular. Mejbury zähmete gatnaşdyrylan býujet işgärlerine, studentlere we okuwçylara hiç hili zähmet haky, ýol haky, suw we iýmit berilmedi. Adamlar ähli harajatlary öz jübüsinden tölemeli boldular” diýip, bu işlere gatnaşan garagumly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

"Iýjek-içjek zatlaryny öz ýanlary bilen getirmek..."

Ähli taýýarlyk işleri geçirilenden soň, 8-nji aprelde gije sagat 2-de Mary, Baýramaly, Wekilbazar, Ýolöten, Sakarçäge, Garagum şäherleriniň we etraplarynyň býujetçileri we studentleri, ýokary synp okuwçylary Ymambaba geňeşliginde prezidentiň gatnaşmagynda geçiriljek çärä äkidilmek üçin Mary şäher wokzalyna ýygnandylar.

“Her kime iýjek-içjek zatlaryny öz ýanlary bilen getirmek, şeýle hem Ymambaba gitmek we gaýtmak üçin otla bilet puluny hem öz hasabyndan tölemek tabşyryldy. Daňdan sagat 4-de Mary wokzalyndan ugran çäreçileriň otlusy Ymambaba stansiýasyna ir sagat 7-de bardy. Sagat 7-den tä günortan sagat 12-ä çenli adamlar dik durup, çärä gatnaşdyryldy. Çärä gatnaşyjylara çäre gutarýança hiç hili suw içmek, çörek iýmek ýa-da hajatyny bitirmäge rugsat berilmedi” diýip, maryly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Bu çäklendirmeler, çäräniň dowamynda 10-a golaý ýokary synp mekdep okuwçysynyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna we huşuny ýitirmegine getirdi.

“Emma şeýle nogsanlyklar hem türkmen hökümeti üçin mejbury we ýasama bagtyýarlyk propagandasy çärelerinden el çekmäge itergi bermedi. Huşuny ýitiren çagalar bi gyra, çete süýşürilip, çäreler meýilleşdirileni ýaly dowam etdi” diýip, maryly býujet işgäri aýtdy.

Onuň sözlerine görä, prezident şäherçäniň düýbüni tutup, bu ýerden ugrandan soň, ýagny günortan sagat 12-den soň çäreçilere hajatyny bitirmäge rugsat berildi.

“Müňlerçe adamy mejbury çärä gatnaşdyran hökümet biz üçin wagtlaýyn hajathanalary ýa-da dynç alar ýaly wagtlaýyn oturgyçlary guramady. Netijede, adamlar sözüň doly manysynda, çäre meýdançasynyň arkasyndaky çölüň baýyrlyklarynda we depelerinde, açyk ýerde meýdan etmäge mejbur boldular” diýip, sakarçägeli býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Bu ýagdaýlar ýene gaýtalandy...

Şuňa meňzeş ýagdaýlar iki gün soň, ýagny 10-njy aprelde hem gaýtalandy.

Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasynda gatnaşmaly edilen we entek ýadawlygy çykmadyk býujet işgärleri, talyplar we ýokary synp okuwçylar gije sagat 2-de Mary wokzalynda üýşdüler.

“Olar ýene-de öz hasaplaryna Marydan Üçaja çenli baryp-gelmek üçin biletleri satyn aldylar. Daňdan sagat 4-de Marydan ugran çäreçileriň otlusy Üçajy stansiýasyna sagat 7-de bardy. Bu ýerde hem adamlar üçin hiç hili fiziologiki hajatlaryny bitirmek üçin mümkinçilikler döredilmändir. Netijede, gündiz sagat 1-e ýakyna çenli dik aýak üstünde duran çäreçileriň onlarçasy tabyndan gaçyp, çärä mejbury gatnaşdyrylan lukmanlaryň kömegine mätäç boldular” diýip, maryly býujet işgäri gürrüň berdi.

Bu aralykda, goňşy Lebapda hem şuňa meňzeş ýagdaýlar tekrarlanyp, bir hepdeläp prezidentiň barjak ýerinde, ýagny Türkmenabat-Mary ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň açyljak böleginde arassaçylyk işleri we açylyş dabarasyna taýýarlyk çäreleri geçirildi.

Bu arassaçylyk işlerine we taýýarlyk çärelerine welaýat merkezi Türkmenabat şäheriniň, şeýle hem Çärjew, Farap, Saýat, Dänew etraplarynyň býujet işgärleri mejbury gatnaşdyryldy. Olara ýol haky, arassaçylyk işlerine gatnaşany üçin goşmaça zähmet haky tölenmedi.

Otly we ulag gatnawy bökdedi, ilatda gahar-gazap döredi

Lebap awtomobil ýolunyň açylyş dabarasy diňe oňa gatnaşan türkmenistanlylara däl, eýsem sebitiň otly we ulag hereketine hem täsir edip, käbir otly gatnawlaryň gijikmegine we ýollaryň ençemesiniň ýapylmagyna getirdi.

“Netijede, welaýat merkezine ir sagat 9:20-de gelýän Aşgabat-Türkmenabat otlusynyň ýolagçylary, şeýle hem welaýat merkezi we oňa ýanaşyk etraplaryň ýaşaýjylary otly gatnawlaryň gijikmegi zerarly öňden meýilleşdirilen sebitlerine, şol sanda Gazojaga wagtynda ugramakdan mahrum boldular. Köp adam barmaly ýerine öz wagtynda baryp bilmedi. Bu ýagdaýlar köp adamdan gahar-gazap döredip, olaryň aç-açan öz nägileligini aýtmagyna getirdi” diýip, ýagdaýlara şaýat bolan türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Marynyň we Lebabyň degişli häkimiýetlerinden, şeýle-de welaýat häkimliklerinden telefon arkaly resmi teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda täze desgalary açmak ýa-da düýbüni tutmak çärelerini uly dabara bilen geçirýärler we döwlet telewideniýesi bulary “hökümetiň gazanan üstünlikleriniň nyşany” hökmünde mahabatlandyrýar.

Ýöne ne häkimiýetler, ne-de resmi metbugat indi onlarça ýyl bäri amal edilýän bu tejribä býujet işgärleriniň, talyplaryň we okuwçylaryň köpçülikleýin gatnaşmaga mejbur edilmegi we olaryň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary, şeýle-de döwlet çäreleriniň ilatyň gündelik durmuşyna ýetirýän täsirleri barada gürrüň gozgamaýarlar.

Galyberse-de, ýerli synçylaryň ençemesi häkimiýetiň bu çärelerini “ilatyň ünsüni ýurduň hakyky reallyklaryndan sowmak tagallalary, döwlet propagandasy üçin geçirilýän ýalan bagtyýarlyk çäreleri” häsiýetlendirýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG