Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'50 ýaşdan soň gel'. Zenanlar ýene-de sürüjilik şahadatnamasyny almakda kynçylyk çekýärler

Türkmenistanda zenanlar soňky 10 ýyla golaý wagt bäri awtoulag sürmekde dürli päsgelçiliklere sezewar bolýarlar.
Türkmenistanda zenanlar soňky 10 ýyla golaý wagt bäri awtoulag sürmekde dürli päsgelçiliklere sezewar bolýarlar.

Türkmenistanyň sürüjilik mekdeplerinde aýal-gyzlarynyň sürüjilik şahadatnamasyny almagynda ýene-de kynçylyklar güýçlenipdir. Azatlygyň ýurt içindäki habarçylarynyň 5-nji noýabrda beren maglumatlaryna görä, ýurduň käbir ýerlerinde zenanlaryň sürüjilik şahadatnamasyny almagy üçin olaryň 50 ýaşyny doldurmalydygy aýdylypdyr.

Zenanlaryň sürüjilik okuwyny gutarandan soň awtoulag dolandyrmak üçin resminama almak üçin synaga goýberilmezligi bilen bagly ýagdaýlar ýüze çykýar. Azatlyga soňky günlerde mälim bolan ýagdaýlaryň birnäçesinde synaga gatnaşmaga rugsat berilmedik zenanlara olaryň ýaşynyň 50-ä ýeten bolmalydygy aýdylypdyr.

"Men 40 ýaşymda, prawa almak üçin okadym diýip, hat berildi, emma sürüjilik ekzameninden geçmek üçin rugsat berilmedi. Näme üçindigini sorasam '50 yaşanyňdan soň prawa tabşyryp bilýärsiň' diýip goýberdiler" diýip, ahally zenan gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen çeşmeleriň sözlerine görä, olara "bu gadagançylykdan" para bilen geçip bolýandygy hem aýdylypdyr.

"Synaglary kabul edýän mugallym 'eger isleseň prawaňy men alyp bereýin, 10 müň dollar berseň prawa alyp bolýar' diýdi" diýip, aýaly sürüjilik şahadatnamasyny alyp bilmedik türkmenistanly aýtdy.

Ol zenanlardan soralýan paranyň örän ýokarydygyny belläp, erkek adamlaryň sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin soralýan paranyň 300-400 amerikan dollary bilen bahalanýandygyny belledi: "Ýogsa, para bermeseň erkek adamlary hem ekzamenlerde yzygiderli ýykýarlar. Şonuň üçin adamlar para bermäge taýyn bolýar".

Kanunlarda zenanlaryň sürüjilik şahadatnamasyny almakda erkeklerden tapawutlandyrylmagy we zenanlaryň ýaşyna degişli hiç hili çäklendirme görkezilmeýär.

Şeýle-de bolsa, iş ýüzünde zenanlaryň sürüjilik resminamasyny almagyna degişli dürli kynçylyklar, şol sanda ýaşyna degişli çäklendirmeler saklanyp galýar. Käbir pursatlarda zenanlar üçin sürüjilik rugsatnamasyny almagyň düzgünleri has-da çylşyrymlaşýar.

Mundan öň zenanlaryň sürüjilik şahadatnama almagy üçin 40 ýaşly bolmagy talap edilipdi. Geçen ýylyň başynda Balkan welaýatynda gysga wagtlyk 34 ýaşyny dolduran aýal-gyzlara sürüjilik şahadatnamalary berlipdi.

Aýallaryň ulag sürmek üçin resminama almakda çekýän kynçylyklarynyň arasynda sosial mediada awtoulag dolandyrýan zenanlary görkezýän wideolar ýerleşdirilýär.

Azatlyk bilen gepleşen türkmenistanly zenanlar özleriniň awtoulag sürmekde çekýän kynçylyklarynyň öz kanuny haklarynyň depelenmeginiň diňe bir mysalydygyny belläp, döwlet metbugatynda çap bolýan maglumatlaryň hem-de hökümetçi blogerleriň çap edýän wideolarynyň hakyky durmuşa gabat gelmeýändigini gürrüň berdiler.

"Türkmenistanyň döwlet TW-si aýal-gyzlarynyň orny barada, mertebesi barada yzygiderli mahabatlandyryjy habarlary görkezýär. Emma gynansak-da, hakykat başga. Deň hukuklylyk düýbünden ýok. Aýal maşgala awtoulag sürmek üçin prawa bermekdäki çäklendirmeler deňsizligiň diňe biridir" diýip, alyp aşgabatly zenan aýdýar.

Ýaşy 50-ä ýetmändigi üçin sürüjilik şahadatnamasyny almakda kynçylyk çeken zenanlaryň ýagdaýynyň tutuş ýurda degişli täze bir düzgün ýa-da aýra başga bir hadysalar bolup-bolmazlygyny häzirlikçe anyklap bolmady. Häkimiýet wekilleri tarapyndan bu barada resmi düşündiriş berilmedi.

IIM-niň websaýtynda şeýle çäklendirmeler barada habar berilmedi, Azatlyk Radiosynyň habar berilýän bu çäklendirmeler barada Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň resmileri bilen habarlaşmak üçin eden synanyşygy oňyn netije bermedi.

Metbugat habarlarynda çap bolan sürüjilik okuwyna ýazylmak üçin resminamalaryň sanawynda zenanlardan dilden edilýän goşmaça talaplar görkezilmeýär.

Aýa-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamasyny edinmekde we möhleti geçen dokumentlerini täzelemekde dürli kynçylyklara sezewar bolmagy 10 ýyla golaý wagt bäri dowam edýär.

2017-nji ýylda ýol gözegçilik polisiýasy zenanlaryň sürüjilik dokumentlerini eden-etdilikli ellerinden alyp başlady, soňra zenanlara sürüjilik dokumentini bermekden ýüz öwürdi.

2022-nji ýylda aýallara sürüjilik resminamasy çäkli görnüşde berlip başlandy, emma 2023-nji ýylyň başyndan bäri aýal-gyzlaryň sürüjilik mekdeplerine kabul edilmegi çäklendirildi, aýallaryň ýaşynyň 41-den ýokary bolmagy talap edildi. Şeýle-de, sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin ýüz tutýan zenanlardan häsiýetnama we Nika şahadatnamasy talap edilipdi.

Şeýle-de, zenanlardan nika hakyndaky şahadatnama we iş ýerinde häsiýetnama talap edildi.

Ýurtda kanunda kepil geçilýän gender deňliginiň doly berjaý edilýändigini öňe sürýän türkmen resmileri zenanlaryň awtoulag sürmek mümkinçiliginiň çäklendirilýändigini 2023-nji ýylyň noýabr aýynda ilkinji gezek resmi derejede agzadylar. BMG-nyň Ženewada geçiren uniwersal döwürleýin synynyň 44-nji mejlisinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili G.Weliýew bu mesele barada hasabat berip, ýurtda hiç bir ygtyýarnamasyz maşyn sürýän köpsanly aýalyň tapylandygyny, howpsuzlygy üpjün etmek üçin derňew başlanyp, şol döwürde aýallaryň ulag sürmek ukybynyň wagtlaýyn togtadylandygyny aýtdy. Emma bu resmi jogap ýurtda aýal sürüjiler babatyndaky çäklendirmeleriň saklanyp galmagynyň sebäplerini doly aýdyňlaşdyrmandy.

Şeýle-de, türkmen resmileri adam hukuklary boýunça halkara guramalaryna berýän hasabatlarynda gender deňliginiň bozulmagyny ret edip, gelýärler.

Türkmen resmisi aýallara sürüjilik rugsatnamasynyň berilmezligini 'düşündirdi'
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:03 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

​
XS
SM
MD
LG