Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin zenanlar ýaşy 40 geçen, durmuşa çykan bolmaly


Aşgabat (illýustrasiýa suraty)
Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda zenanlaryň sürüjik şahadatnamasyny edinmegi ýene-de kynlaşdy. Häzir awtoulag sürmek üçin dokument ýaşy 40 ýetmedik zenanlara berilmeýär. Käbir ýerlerde zenanlardan nika haty hem talap edilýär. Şu gezek hem dilden edilen bu gadagançylyk köpçülik üçin duýdansyzlyk boldy.

Ýaş zenanlara sürüjilik şahadatnamasynyň berilmeýändigini Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy 10-njy ýanwarda maglumat berdi.

Bu gadagançylyk ozallar bolşy ýaly köpçülik üçin ýene-de duýdansyzlyk boldy. Zenanlar muny ulag sürmek üçin dokument aljak bolup, ýüz tutanda bilip galdylar.

"Aýallar 40-dan ýaş bolsa sürüjilik şahadatnamasyny bermek gadagan edilýär. Muňa dilden görkezme bar" diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Şeýle-de, çeşmeler käbir ýerlerde sürüjilik dokument aljak bolýan zenanda durmuşa çykandygyny tassyklaýan dokumentiň talap edilýändigini habar berdiler.

Ýaňy-ýakynda garaşsyz turkmen.news neşiri Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny almak isleýän aýal-gyzlardan nika şahadatnamasynyň we iş ýerinden häsiýetnamanyň talap edilýändigini habar beripdi.

Neşiriň 27-nji dekabrda çap eden maglumatynda, bu iki dokumentiň goşulmagy bilen onsuz hem awtoulag sürmek hukuklary çäklendirilýän zenanlaryň sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin tabşyrmaly kagyzlaryň sanyny 13-e ýetirendigi bellenipdi.

Pasport, sürüjilik mekdebinden alnan synag depderçesi, lukmançylyk kepilnamasy, ruhy keseller we narkologiýa dispanserlerinden alnan kepilnamalar, 3x4 ölçegli iki sany fotosurat, töleg kwitansiýasy, arza, awtoulagyň tehniki pasporty we guratlyk haty, nika şahadatnamasy ýaly resminamalar aýallaryň sürüjilik ukybyny tassyklamak üçin talap edilýän resminamalaryň diňe birnäçesidir.

Neşiriň maglumatynda hem ýurtda diňe ýaşy 40-dan ýokary bolan zenanlara sürüjilik şahadatnamasynyň berilýändigi bellendi.

Bu çäklendirmelerden aýlanyp geçmek we zerur dokument almak üçin ýol hökmünde zenanlar para bil baglamaly bolýarlar.

"40 ýaşdan uly tanyşym, durmuşa çykmadyk. Nika hakynda şahadatnamasyz sürüjilik dokumentini alyp bildi. Emma ol uly mukdarda para berendigini aýtdy" diýip habarçymyz gürrüň berdi.

Türkmenistanyň dürli künjeklerine köçelerde awtoulag sürüp barýan ýaş zenanlary görüp bolýar. Emma habarçylarymyz munuň zenanlara köplenç goşmaça çykdaja durýandygyny, olaryň polisiýa yzygiderli para bermäge mejbur bolýandygyny belleýärler.

"Polisýa gullugy öňünden bilýär awtoulagy ýaş zenan sürüp barýan bolsa, hökman ony saklaýarlar. Indi zenanlara sürüjilik şahadatnama berilmeýärkä, polisiýa hasam köp gazanç etjegini bilýär" diýip, habarçymyz aýdýar.

Onuň sözlerine görä, paranyň mukdary 50 we 100 manat aralygynda. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kursy boýunça 3,5 manat - 1 amerikan dollaryna barabar. Käbir zenanlar polisiýa bilen problemasyny täsirli tanyşlaryna ýüz tutmak arkaly çözýär.

Ýaş zenanlara sürüjilik şahadatnamasyny almagyň gadagan edilendigi ýene-de dilden ýöredilýär. Polisiýa wekilleri hiç hili ýazmaça dokument görkezmeýär.

Bu ýagdaý zenanlary deň hukuklylygy kepil geçýän kanunlar esasynda öz hukuklaryny talap etmek mümkinçiliginden mahrum edýär.

Türkmenistanda zenanlaryň awtoulag sürmek hukugy 2018-njy ýylyň başynda çäklendirilip başlandy. Şondan bäri zenanlar awtoulag sürüp barýarka köçelerde saklanmagy, jerimelere sezewar bolmagy, sürüjilik şahadatnamalarynyň ellerinden alynmagy, täze şahadatnama berilmezligi ýaly ýagdaýlara yzygiderli häsiýetde duçar bolýar. Her gezek gadagançylyklar dilden edilýär.

Türkmen häkimiýetleri zenanlaryň daş-keşbine, geýimine we özüni alyp barşyna-da gözegçilik etmäge çalyşýar.

PÝGG aýallaryň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden alýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:29 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG