Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşadyldy


Ýurduň milli telewideniýesinde Çarymyrat Amanowyň Türkmenistanyň prezidentinden ötünç sorap eden çykyşy görkezildi, 29-njy mart.
Ýurduň milli telewideniýesinde Çarymyrat Amanowyň Türkmenistanyň prezidentinden ötünç sorap eden çykyşy görkezildi, 29-njy mart.

29-njy martda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.


Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Berdimuhamedow işde goýberen kemçilikleri üçin milli howpsuzlyk ministri Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowy eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň baş prokurory Milli howpsuzlyk ministrliginiň işi boýunça geçirilen barlagyň netijeleri barada habar berdi. Şol barlaglaryň barşynda ministrligiň işinde kemçilikleriň ýüze çykarylandygy barada baş prokuror ýurduň prezidentine hasabat berdi.

Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde, 29-njy mart.
Ýurduň milli telewideniýesinde Çarymyrat Amanowyň özüniň gaty uly ýalňyşlygy goýberendigini aýdyp, özüne ynanylan jogapkärli wezipäni ýerine ýetirip bilmändigi üçin Türkmenistanyň prezidentinden ötünç sorap eden çykyşy görkezildi. Ýöne milli howpsuzlyk ministriniň näme sebäpden wezipesinden boşadylandygy barada ýurduň mediasynda takyk habar berilmedi.

Prezidentiň permany bilen milli howpsuzlyk ministri wezipesine ozal Türkmenistanyň goranmak ministri wezipesinde işläp ýören Ýaýlym Ýagmyrowiç Berdiýew bellenildi. Berdimuhamedow Ý.Berdiýewiň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary bolmagynda-da galýandygyny aýtdy. Berdimuhamedow täze bellenilen milli howpsuzlyk ministrine general-leýtanant harby adyny dakmak hakyndaky permana hem gol çekdi.

Şeýle hem Berdimuhamedow Türkmenistanyň goranmak ministri wezipesine Begenç Ataýewiç Gündogdyýewi belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti başga-da birnäçe harby atlary dakmak baradaky, şeýle hem welaýatlaryň prokurorlaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky resminamlara gol çekdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG