Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýanyň daşary işler ministri wezipesinden çekildi


Liwiýanyň daşary işler ministri Musa Kussa öten agşam Beýik Britaniýa geldi we iş başyndan çekilýändigini aýtdy diýip, Britaniýanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Maglumatda Muammar Kaddafä iň ýakyn duran adamlaryň biriniň bu hereketiniň sebäbi aýdylmasa-da, Londonyň hem onuň ýaranlarynyň Liwiýanyň lideriniň töweregindäkileri Kaddafini goldamakdan ýüz öwürmäge ençeme gezek çagyryş edendigi bellenipdir.

Liwiýanyň özünde düýn Kaddafiniň goşunlary gozgalaňçylara garşy hüjümi dowam etdirip, birnäçe şähere, soňky maglumatlara görä, ýurduň gündogaryndaky Ajdabiýa şäherine kontrollygy gaýdyp alypdyr.

ABŞ we Britaniýa gozgalaňçylara ýarag kömegini bermegiň mümkinçiligini aradan aýyrmaýarlar. Ýarag berilmegine Orsýet garşy çykýar.

Halkara koalisiýanyň güýçleri Kaddafiniň kontrollygyndaky territoriýalarda ýerleşýän harby infrastrukturalara zarba urmagy dowam etdirýär.
XS
SM
MD
LG