Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň baş diplomaty Daşkende sapar edýär


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşid Meredow Özbegistanyň paýtagtyna sapar edýär.

Reşid Meredow bu saparyň dowamynda Daşkentde geçirilýän Ýewropa Bileleşigi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň gepleşiklerine gatnaşar. Bu gepleşikler öz işine penşenbe güni başlady.

Gepleşikleriň dowamynda Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri, şol sanda söwda-ykdysady ugurlar, regionyň energetika syýasaty boýunça maslahat ediler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG