Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan Şwesiýanyň üç žurnalistini deportasiýa etdi


Sişenbe güni Azerbaýjanyň häkimiýetleri Şwesiýanyň üç sany žurnalistini ýurtdan deportasiýa etdiler.

Şwesiýanyň «Sweriges» telekanalynyň žurnalistleri Çarli Laprewote, Maý Rohwedder Strit we Çarlotta Wiýkstrom dagylar ynsan hukuklary bilen baglanyşykly dokumental filmi surata düşürmek üçin Bakuwa barypdylar.

Bu žurnalistler hepdäniň ýekşenbe güni Azerbaýjanyň oppozisiýa toparlarynyň Bakuda hökümete garşy protest demonstrasiýasyny geçirmäge synanyşan wagty ol ýere baran polisiýa işgärleri tarapyndan tussag edilipdiler.

Azerbaýjanyň Içeri işler ministrliginiň wekili Orhan Mansurzade şwesiýaly bu žurnalistleriň ýurtdan çykarylmagynyň sebäbini olarda resmi akkreditasiýanyň ýoklugy bilen düşündirdi.

Emma, muňa garamazdan, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleriň hukugyny goraýjy komitet Azerbaýjanyň häkimiýetleriniň bu hereketini ýazgaryp çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG