Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kuweýt Liwiýanyň Milli Geçiş Geňeşine $180 million berdi


Ýekşenbe güni Kuweýtiň hökümeti Liwiýanyň oppozision Milli Geçiş Geňeşine 180 million dollar maliýe ýardamyny berdi.

Liwiýanyň oppozision Milli Geçiş Geňeşiniň başlygy Mustafa Abdel Jalil bu berlen maliýe ýardamynyň belli bir derejede Liwiýadaky işgärlere aýlyk haklaryny tölemek üçin uly goldaw boljakdygyny aýtdy.

Şu günki güne çenli Liwiýanyň oppozision Milli Geçiş Geňeşini Fransiýa, Gambiýa, Italiýa we Katar resmi ýagdaýda ykrar etdiler.

Liwiýanyň bu oppozision Milli Geçiş Geňeşi ýurduň awtoritar lideri Muammar Kaddafiniň režimine garşy halk çykyşlaryny koordinirlemek boýunça iş alyp barýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG