Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, Eýran gepleşikçileri atyşygy bes etmegiň möhletini uzaltmak hakda deslapky ylalaşyga geldi, Trampyň tassyklamagyna garaşylýar: Habarlar

2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Tährandaky "Enghelab" meýdanynda uly syýasy bilbordyň golaýyndaky ulaglaryň ýanynda bir adam köçeden geçýär.
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Tährandaky "Enghelab" meýdanynda uly syýasy bilbordyň golaýyndaky ulaglaryň ýanynda bir adam köçeden geçýär.

ABŞ-nyň we halkara habar serişdeleriniň ençemesi ABŞ bilen Eýranyň häzirki atyşygy bes etmek möhletini uzaltmak barada deslapky ylalaşyga gelendigini we ony prezident Donald Trampyň gutarnykly tassyklamagyna garaşylýandygyny habar berýär.

“Reuters” 28-nji maýda bu mesele bilen tanyş dört çeşmä salgylanyp, ylalaşygyň atyşygy bes etmegiň möhletini ýene-de 60 güne uzaltjakdygyny we gepleşikçiler Tähranyň ýadro programmasy ýaly has kyn meseleleri çözmäge dowam edýän mahaly, strategiki Hormuz bogazyndan gatnawlaryň erkin geçmegine mümkinçilik berjekdigini mälim etdi.

Bu habar Eýranyň habar agentlikleriniň 28-nji maýda Eýran güýçleriniň Hormuz bogazyndaky gämilere raketa hüjümlerini amala aşyrandygy, bularyň ilkibada duýduryş oklary bolandygy çaklanylýandygy baradaky habarlarynyň arasynda peýda boldy.

Bu aralykda, ABŞ Eýranyň nebit önümlerini dünýä bazarlaryna daşamak bilen meşgullanýan sekiz gämini nyşana alyp, Eýranyň harby nebit söwdasyna garşy täze sanksiýalary yglan etdi.

Bu, Trampyň aýdyşy ýaly ABŞ tarapyndan umyt edilýän ok atyşygy bes etmek baradaky has giňişleýin ylalaşyk bolmasa-da, täze ylalaşyk tassyklansa, 28-nji fewralda ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana garşy howa hüjümleri Ýakyn Gündogarda giň ýaýran çaknyşyga sebäp bolandan bäri parahatçylyk ugrundaky iň uly ädim bolar.

“Reuters” agentligi Trampyň heniz ylalaşygy tassyklamandygyny, Ak Tamyň bolsa bu barada teswir bermekden ýüz öwrendigini aýtdy.

Şol bir wagtda, wise-prezident JD Wans žurnalistlere beren maglumatynda Waşingtonyň Tähran bilen gepleşiklerde “heniz şol nokada ýetmändigini”, ýöne taraplaryň ylalaşyga golaýdygyny aýtdy.

“Prezidentiň özara düşünişmek baradaky memoranduma haçan ýa-da gol çekjekdigini ýa çekmejekdigini anyk aýtmak kyn. Biz birnäçe mesele boýunça gepleşik geçirýäris” diýip, Wans belledi.

“Biziň ol ýere ýetjekdigimize kepil geçip bilmeýärin, ýöne häzir özümi gaty ynamly duýýaryn” diýip, ol sözüne goşdy.

Tähran ilki bilen “Axios” tarapyndan çap edilen habar barada häzire çenli reaksiýa bildirmedi. Eýranyň “Tasnim” habar agentligi bir çeşmä salgylanyp, ylalaşygyň tekstiniň gutarnykly tamamlanmandygyny ýa-da tassyklanmandygyny aýtdy.

Beýlekiler bilen hatarda, AFP, dpa, CNN, The New York Times, Fox News we CBS News neşirleri öz çeşmelerine salgylanyp, ok atyşygy bes etmegiň möhletini uzaltmak barada deslapky ylalaşygyň gazanylandygyny aýtdylar.

ABŞ-nyň maliýe sekretary Skott Bessent Ak Tamda geçirilen brifingde ylalaşygy tassyklamakdan ýüz öwürdi, ýöne žurnalistlere beren maglumatynda “ylalaşyk üçin ähli deslapky şertleriň bolmagynyň mümkindigini” aýtdy.

“Axios” neşiriniň maglumatynda ylalaşygyň şertleriniň esasan 27-nji maýa çenli tamamlanandygy, ýöne iki tarapyň hem öz syýasy liderleriniň razylygyny almagynyň zerurdygy hem aýdylýar.

Ok atyşygy 30 günlük bes etmek barada ABŞ-Eýran ylalaşygy ilkinji gezek aprel aýynyň başynda yglan edildi, ýöne Tramp ylalaşygyň möhleti gutarmazdan öň, ony möhletsiz uzaltdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG