Birleşen Ştatlaryň resmileri 27-nji maýda ABŞ-nyň harby güýçleriniň Eýranyň harby desgalaryna täze hüjümleri amala aşyrandygyny we Hormuz bogazynyň golaýynda birnäçe drony ele salandygyny aýtdylar. Bu, çaknyşygy bes etmek üçin ylalaşyga gelmäge gönükdirilen diplomatik tagallalarda öňegidişlik alamatlaryna garamazdan, iki ýurduň arasynda amala aşyrylan iň soňky harby hereket boldy.
ABŞ-nyň ýokary derejeli resmileri, anonimlik şerti bilen, žurnalistlere beren maglumatlarynda nyşana alnan ýeriň strategik suw ýolunyň golaýynda işleýän ABŞ güýçlerine we täjirçilik gämilerine potensial howp döredýändigi hökmünde baha berlendigini aýtdylar. Fewral aýynyň ahyrynda uruş başlamazdan öň, dünýädäki nebit daşamalarynyň takmynan bäşden bir bölegi şu ýoldan geçýärdi.
Bir resmi ABŞ güýçleriniň Eýranyň bir taraplaýyn hüjüm edýän dört sany dronuny urup gaçyrandygyny we bäşinji drony uçurmaga taýýarlanýan günorta port şäheri Bandar Abbasdaky ýerüsti dolandyryş desgasyna zarba urandygyny aýtdy.
Bandar Abbas şäheri Eýranyň günortasynda, Pars aýlagynyň kenarynda, dünýäde iň möhüm gämi gatnawlarynyň biri bolan Hormuz bogazynyň golaýynda ýerleşýär.
"Eýranyň dronlary Hormuz bogazynda howp döretdi" diýip, resmi Eýranyň hereketleri sebäpli suw ýoly arkaly gatnawlaryň birnäçe gezek togtadylandygyny sözüne goşdy.
"Bu hereketler ölçelen, diňe goranyş maksatly we ok atyşygy bes etmekligi saklamaga gönükdirilendir" diýip, ol belledi.
ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi (CENTCOM) hem ýaýradan beýanatynda hüjümleri tassyklady we Eýranyň bir taraplaýyn hüjümleri amala aşyrýan uçarlarynyň Hormuz bogazynyň töwereginde "howp döredýändigini" we "hereketleriň ölçelendigini, diňe goranyş maksatlydygyny we ok atyşygy bes etmekligi saklamaga gönükdirilendigini" aýtdy.
Soňky harby hereket, Waşington bilen Tähranyň arasynda birnäçe aýlap dowam eden sebitleýin dartgynlyklaryň güýçlenmeginden soň ýagdaýy durnuklylaşdyrmak maksady bilen gepleşikleri dowam etdirýän wagtyna gabat geldi.
Şu hepdäniň başynda Birleşen Ştatlaryň harbylary Eýranyň günortasynda raketa atyjy desgalara we esasy gämi ýollarynyň golaýynda mina goýmaga synanyşýandygy aýdylýan eýran gämilerini nyşana alyp, “özüňi goramak” hüjümlerini amala aşyrandygyny aýtdylar.
Şonda ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň (CENTCOM) beýanatynda hüjümleriň, ok atyşygy bes etmek baradaky dartgynly döwründe, amerikan goşunlaryny Eýran güýçleri tarapyndan döredilýän howplardan goramak maksady bilen amala aşyrylandygy aýdyldy.
Eýran bu operasiýalary ýazgaryp, olary ok atyşygy bes etmek baradaky çeýe bolmadyk ylalaşygyň bozulmagy diýip atlandyrdy.
Soňky çaknyşyklar, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ylalaşyk gazanmak üçin diplomatik tagallalarda öňegidişlikleriň bardygyny yşarat eden çykyşlaryndan başga-da, Pars aýlagy sebitinde dowam edýän durnuksyzlygy görkezýär. Birleşen Ştatlar we Eýran Pakistanyň araçylary arkaly ikitaraplaýyn teklipleriň alyş-çalşygyny edýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum