Birleşen Ştatlaryň harbylary 25-nji maýda Eýranyň günortasynda raketa atyjy desgalara we esasy gämi ýollarynyň golaýynda mina goýmaga synanyşýandygy aýdylýan eýran gämilerini nyşana alyp, “özüňi goramak” hüjümlerini amala aşyrandygyny aýtdylar.
ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň (CENTCOM) beýanatynda hüjümleriň, ok atyşygy bes etmek baradaky dartgynly döwründe, amerikan goşunlaryny Eýran güýçleri tarapyndan döredilýän howplardan goramak maksady bilen amala aşyrylandygy aýdylýar.
“ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi dowam edýän ok atyşygy bes etmek döwründe saklanmak bilen birlikde, öz güýçlerimizi goramagyny dowam etdirýär” diýip, serkerdeligiň metbugat wekili harby-deňiz güýçleriniň kapitany Tim Hokins aýtdy.
Beýanata görä, ABŞ-nyň güýçleri Eýranyň günortasynda “raketa atyjy desgalara we mina goýmaga synanyşýan eýran gämilerine” zarba urdy.
Hüjümler, 28-nji fewralda ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana hüjüm etmegi bilen başlanan uruşdan öň, dünýäde nebit daşamak üçin strategik taýdan iň möhüm suw ýollarynyň biri bolan Hormuz bogazynyň golaýyndaky sebitlere gönükdirilen ýaly bolup görünýär.
Ilkibada Eýranyň habar agentlikleri Eýranyň günortasyndaky port şäheri Bandar Abbasda we onuň töwereginde partlamalaryň bolandygy barada habar berdiler. Soňra Eýranyň ýarym resmi “Mehr” habar agentligi ýagdaýyň “doly gözegçilik astyndadygyny” aýtdy we ýaşaýjylary biynjalyk bolmazlyga çagyrdy.
Hüjümlerden soň, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Hindistana sapary döwründe žurnalistlere beren maglumatynda ABŞ-nyň pozisiýasyny gorap, möhüm gämi gatnaw ýolunyň “nähili bolsa-da açylmalydygyny” nygtady.
“Ol ýerde bolup geçýän zatlar bikanundyr, kanunalaýyk däldir we dünýä üçin dowam edip bolmajakdyr we kabul ederliksizdir” diýip, Rubio Eýranyň hereketleri barada aýtdy.
“Eýrandaky režimden başga dünýäde tölegli ulgamyň tarapdary bolan hiç bir ýurt ýok. Şonuň üçin bu kabul ederlikli däl” diýip, ol Tähranyň bogazdan gämileriň geçmegi üçin töleg almak barada yglan eden meýilnamalaryna salgylanyp sözüniň üstüne goşdy.
Harby hereket, Waşington bilen Tähranyň arasynda aýlarboýy dowam edýän gapma-garşylygyň soňuna çykmaga gönükdirilen diplomatik gatnaşyklaryň dowam edýändigine garamazdan geçirildi.
Rubio žurnalistlere Tähran bilen ylalaşyk gazanmagyň henizem mümkindigini we munuň ýakyn wagtda gazanylyp biljekdigini aýtdy.
“Meniň pikirimçe, häzirki wagtda başlangyç resminamadaky anyk sözler barada köp gepleşikler alnyp barylýar, şonuň üçin birnäçe gün gerek bolar” diýip, ol belledi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp hepdäniň ahyrynda beren maglumatynda gepleşikçileriň mümkin bolan ylalaşygyň “soňky jikme-jikliklerini” ara alyp maslahatlaşýandygyny aýtdy. Şol bir wagtda, Eýranyň resmileri iki tarapyň birnäçe mesele boýunça deslapky çarçuwaly ylalaşyga gelendigini, ýöne ylalaşygyň ýakyn wagtda gazanylmajakdygyny aýtdylar.
Iki tarap hem uly tapawutlaryň saklanyp galýandygyny yşarat etdiler.
Tramp 25-nji maýda Eýranyň baýlaşdyrylan uran gorunyň ýa Birleşen Ştatlara berilmelidigini ýa-da “ýerinde ýok edilmelidigini” tekrarlady.
Tramp “Truth Social” saýtynda ýazan maglumatynda ABŞ-nyň Atom energiýasy boýunça komissiýasynyň uran materiallarynyň islendik ýagdaýda ýok edilmegine ýa-da başga birine geçirilmegine gözegçilik etmelidigini aýtdy.
Şol bir wagtda, Eýran urany baýlaşdyrmagy togtadyp biljekdigi baradaky habarlary ret etdi.
Eýranyň ýokary derejeli diplomatynyň şeýle öňe sürmeleri “sap toslama” diýip atlandyrandygy habar berildi, şol bir wagtda, Eýranyň Daşary işler ministrligi bolsa gepleşiklerde käbir netijelere gelnen bolsa-da, “bu biziň gutarnykly ylalaşyga golaýdygymyzy aňlatmaýar” diýdi.
Pars aýlagy sebitinde wagtal-wagtal bolup geçýän wakalara garamazdan, Birleşen Ştatlar we Eýran 8-nji aprelden bäri ok atyşygy bes etmek baradaky çeýe bolmadyk ylalaşygy saklap gelýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum