Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ gämi gatnawyny dikeltmek tagallalarynda Eýranyň 6 gämisini ýok edendigini aýtdy; Eýran BAE-e raketa atdy

4-nji maýda Eýranyň golaýyndaky Hormuz bogazyndan geçip barýan gämiler.
4-nji maýda Eýranyň golaýyndaky Hormuz bogazyndan geçip barýan gämiler.

ABŞ-nyň harby güýçleri möhüm Hormuz bogazyndan geçýän söwda gämi gatnawyny ýola goýmak üçin edilýän täze tagallalara başlanlarynda, Eýranyň alty kiçi gämisini ýok edilendigini we Eýranyň raketalaryny hem-de dronlaryny tutup saklandygyny aýtdylar.

Şol bir wagtyň özünde, Eýran 4-nji maýda Birleşen Arap Emirliklerine Pars aýlagynyň üstünden azyndan dört raketa atdy, bu bolsa Pars aýlagy ýurdundan gaharly jogabyň we ar almagyň howpuny döretdi. ABŞ-nyň ýarany raketalaryň üçüsiniň urlup düşürilendigini aýtdy.

ABŞ-nyň häkimiýetleri ok atyşygy bes etmek boýunça onsuzam gowşak ylalaşygyň düýbünden bozulmagyny howatyr edip, gämileriň, şol sanda nebit tankerleriniň, Hormuz bogazyndan gaýtadan geçmegini üpjün etmek üçin tagallalara başladylar.

ABŞ-nyň we Ysraýylyň güýçleriniň Eýrana hüjüm edip başlanyndan iki aýdan gowrak wagt geçensoň, Tähranyň howplarynyň arasynda bogaz petikli galýar we energiýa bahalarynyň ýokarlanmagyna hem-de global ykdysadyýetiň sarsmagyna sebäp bolýar.

Waşington Eýranyň portlaryna deňiz blokadasyny girizmek bilen jogap berdi.

Eýranyň ABŞ-Ysraýyl hüjüminden soň gämi gatnawyna howp salmagy sebäpli ýüzlerçe gämi we müňlerçe deňizçi bu sebitde galdy. "AXSMarine" deňiz aňtaw firmasynyň maglumatlaryna görä, geçen hepde Pars aýlagynda 900-den gowrak söwda gämisi bardy.

Dynç günleri ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň harby gämileriniň 4-nji maýdan başlap bogazda "gabawlanan" we geçip bilmeýän gämilere gözegçilik etmäge kömek etjekdigini yglan etdi.

ABŞ-nyň baýdagy astyndaky iki söwda gämisi "ilkinji ädim hökmünde" bogazdan geçdi diýip, Waşingtonyň sebitdäki güýçlerine gözegçilik edýän ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi 4-nji maýda aýtdy.

Merkezi serkerdeligiň başlygy ABŞ admiraly Bred Kuper, Yslam Rewolýusiýa Goragçylary Korpusynyň, ýagny IRGC-niň Trampyň suw ýoluny açmak tagallalaryna "goşulmaga" synanyşýandygyny aýtdy.

Ol atyşygy bes etmegiň güýjünde galyp-galmaýandygy barada pikir paýlaşmakdan ýüz öwürdi.

"IRGC biziň goraýan gämilerimize köp sanly kruiz raketalaryny, dronlary we kiçi gaýyklary uçurdy. Biz goranyş ok-därileriniň kliniki ulanylyşy arkaly bu howplaryň her birini ýeňdik" - diýip ol aýtdy.

Kuper Eýranyň güýçlerine ABŞ güýçlerinden daşda durmagy "berk maslahat berendigini" aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu güýçleriň düzümine 15000 ABŞ esgeri, esminets gämileri we onlarça uçar hem-de suwasty gämi girýär.

Mundan öň Eýran öz raketalarynyň Hormuz bogazyna girmäge synanyşýan ABŞ-nyň harby gämisine degendigini öňe sürdi, bu bolsa ABŞ resmileri tarapyndan ret edildi.

"ABŞ-nyň Deňiz güýçleriniň hiç bir gämisine zarba degmedi" - diýdi ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi "ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi X-de ýazdy.

AFP-nyň habary ulanyldy.
XS
SM
MD
LG