Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähran ABŞ-ny 'aşa köp talapdan' daşlaşmaga çagyrdy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Esmail Bakaei (arhiw suraty)
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Esmail Bakaei (arhiw suraty)

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Esmail Bakaei ABŞ-ny iki ýurduň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň öňe gitmegine mümkinçilik bermek üçin "artykmaç talaplardan" ýüz öwürmäge çagyrdy.

"Häzirki tapgyrda biziň ileri tutýan maksadymyz urşy bes etmekdir" diýip, Bakaei 4-nji maýda döwlet telewideniýesinde görkezilen çykyşynda aýtdy.

"Beýleki tarap paýhasly çemeleşmä ygrarly bolmaly we Eýrana degişli artykmaç talaplaryndan ýüz öwürmeli" diýip, Bakaei aýtdy.

Ol Tähranyň haýsy talaplary artykmaç diýip, hasap edýändigi barada jikme-jik maglumat bermedi.

Bir gün öň Tähran Waşingtondan Eýranyň beren soňky parahatçylyk teklibine jogap alandygyny aýtdy. Eýran öz teklibini iki söweşýän ýurduň arasyndaky gepleşiklerde araçylyk edýän Pakistanyň üstünden ýetirdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň teklibini belki ret etjekdigini aýtdy we sebäbi "olar ýeterlik derejede ýokary baha tölemediler" diýdi.

Ol jikme-jik maglumat bermedi.

Prezident Donald Tramp ABŞ güýçleriniň 4-nji maýda Hormuz bogazynyň golaýyndaky çäklendirilen suwlardan "neýtral" gämileri çykaryp başlajakdygyny aýtdy we munuň bilen bir wagtda Waşingtonyň Eýran bilen Ýakyn Gündogardaky urşuň soňlanmagy barada "oňyn gepleşikleri" geçirýändigini öňe sürdi.

Bu tagallalary "gumanitar" yşarat diýip atlandyran Tramp ABŞ-nyň "Eýranyň, Ýakyn Gündogaryň we Birleşen Ştatlaryň bähbidi üçin" neýtral ýurtlara "biz olaryň gämilerini bu çäklendirilen suw ýollaryndan howpsuz çykararys, şeýdip olar öz işlerini erkin we başarnykly alyp bararlar" diýip, habar berendigini 3-nji maýda aýtdy.

Tramp “Truth Social” saýtynda beren bu maglumatynda Eýran ABŞ-nyň missiýasyna päsgel bermäge synanyşsa, çäre görüljekdigini we munuň Tähran bilen häzirki wagtda ok atyşygy bes etmek arkaly togtadylan urşuň gaýtadan başlanmagyna sebäp boljakdygyny duýdurdy.

Forum

XS
SM
MD
LG