ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň (CENTCOM) 7-nji maýda beren maglumatynda, ABŞ-nyň güýçleri "girip gelýän howplary aradan aýyrdy" we Eýranyň anyk görkezilmedik harby desgalaryna hüjüm etdi diýilýär. Munuň Eýranyň güýçleriniň Hormuz bogazyndaky ABŞ-nyň deňiz güýçleriniň gämilerine raketa, dron we kiçi gaýyklar bilen eden hüjüminden soň bolandygy aýdyldy.
"ABŞ-nyň güýçleri Eýranyň sebäpsiz hüjümleriniň öňüni aldylar we ABŞ-nyň deňiz güýçleriniň dolandyrylýan raketaly hüjüm gämileriniň Hormuz bogazyndan Oman aýlagyna geçende öz-özüni goraýjy hüjümler bilen jogap berdiler" diýip, Merkezi serkerdeligi X-de ýazdy.
Beýanatda Eýranyň güýçleriniň ABŞ-nyň deňiz güýçleriniň birnäçe gämisine, şol sanda "USS Truxtun", "Rafael Peralta" we "Mason" gämilerine "köp sanly raketa, dron we kiçi gaýyklary ýollandygy" aýdylýar we ABŞ-nyň hiç bir emlägine zarba düşmändigi hem aýdyldy.
ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi "girip gelýän howplar aradan aýryldy we ABŞ güýçlerine hüjüm etmek üçin jogapkär Eýranyň raketa hem dron uçuryş merkezleri, dolandyryş we gözegçilik ýerleri hem aňtaw, gözegçilik nokatlary ýaly harby desgalaryna hüjüm edildi" diýip, habar berdi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp soňra "ABC News"-a beren interwýusynda Eýrana garşy jogap hüjümlerini "söýgi bilen degmek" diýip atlandyrdy we hüjümlere garamazdan, 7-nji aprelde yglan edilen atyşygy bes etmegiň "güýjünde" galandygyny we gepleşikleriň dowam edýändigini nygtady.
Tramp sosial mediada ýazan ýazgysynda ABŞ-nyň uly gämilerine "hiç hili zyýan ýetmändigini", ýöne "köp sanly kiçi gämilere" "uly zyýan ýetirilendigini" aýtdy.
Tramp Eýrana "Däliler tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär we eger olaryň ýadro ýaragyny ulanmak mümkinçiligi bolsa, olar muny şübhesiz ederdiler... şu gün olary ýene-de ýok edişimiz ýaly, geljekde hem, eger olar Ylalaşyga gol çekmeseler, has güýçli we has zorlukly ýok ederis!" diýip sözüne goşdy.
Bir gün öň Pentagon öz güýçleriniň ABŞ-nyň blokadasyny bozmaga synanyşýan Eýranyň baýdagy astyndaky gämini urandygyny aýtdy. Tähran hüjümleriň atyşygyň bes edilmegini bozandygyny öňe sürdi.
Ýarym resmi "Fars" habar agentligi Eýranyň Hormuz bogazynda Keşm adasyndaky Bahman portunyň käbir bölekleriniň näbelli hüjümçiler tarapyndan nyşana alnandygyny habar berdi.
"Eýranyň ýaragly güýçleri bilen duşmanyň arasyndaky atyşygyň dowamynda Bahman portunyň söwda bölekleri nyşana alyndy" diýip, Yslam Rewolýusiýasyny Goraýjylar Korpusyna (IRGC) ýakyn bolan "Fars" agentligi habar berdi.
Kenarýaka sebitlerinde ýaşaýan ýaşaýjylar sosial mediada ýerleşdirilen ýazgylarda partlamalar barada habar berdiler, Keşm adasyndaky şaýatlar partlamalaryň eşidilýändigini we öz töwereginde deňziň üstünde yşyklaryň görünýändigini bardygyny gürrüň berdiler.
"Fars" agentligi "duşman" bilen ot alyş-çalşygynyň bolandygyny we Keşmdäki bir desga zyýan ýetendigini öňe sürdi.
Yslam Rewolýusiýasynyň Goragçylar Korpusyna (IRGC) ýakyn "Tasnim" habar agentligi, Bandar Abbas port şäherinde birnäçe partlamanyň eşidilendigini habar berdi.
Eýranyň habarlaryny dessine tassyklap bolmady, ýöne bu hereketler Trampyň Pakistanyň araçylary arkaly Tährana berlen ABŞ-nyň parahatçylyk ylalaşygyny Eýranyň kabul etmedik ýagdaýynda hüjümleriň täzeden başlanjakdygy bilen haýbat atmagyndan soň boldy.
Tähran ABŞ-nyň teklibini öwrenýändigini we jogabyny Pakistanyň üsti bilen berjekdigini aýtdy.
Forum