Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň hüjüm howpunyň ähtimallygynyň arasynda Eýranyň goňşulary jogaba taýýarlanýarlar

ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň ofiseri "Nimitz" kysymly uçarlary göterýän "USS Abraham Linkoln" gämisiniň üstündäki söweş uçarlarynyň ýanyndan geçýär. (arhiw suraty)
ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleriniň ofiseri "Nimitz" kysymly uçarlary göterýän "USS Abraham Linkoln" gämisiniň üstündäki söweş uçarlarynyň ýanyndan geçýär. (arhiw suraty)

Birleşen Ştatlar Ýakyn Gündogarda harby güýjüni giňeldýän mahaly Eýrana garşy hüjüm edilmegi bardaky çaklamalaryň güýçlenmeginiň arasynda Ýakyn Gündogaryň töweregindäki ýurtlar sebitde ýene konfliktiň bolup bilmegine taýýarlanýarlar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 28-nji ýanwarda Tährana berk duýduryş berip, ýadro we raketa maksatnamalary boýunça ylalaşyk baglaşmak üçin "wagtyň gutaryp barýandygyny", bolmasa Eýranyň içindäki ýadro desgalaryny ýok eden Ysraýyl bilen ABŞ-nyň bilelikdäki howa hüjümlerinden "has erbet" hüjüme duçar boljagyny aýtdy. Onuň bu sözleri ABŞ-nyň harby gämileriniň sebitiň suwlaryna giren mahaly aýdyldy.

Jogap hökmünde Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçy öz ýurdunyň mümkin bolan islendik hüjüme "derhal we güýçli jogap bermäge" taýýardygyny mälim etdi.

Pars aýlagyndaky aladalar

"ABŞ-nyň goşunlary ýerleşýän Pars aýlagy hyzmatdaşlyk geňeşiniň agzalary ýaly ýurtlar Eýranyň [garşylykly] hüjüminiň haýsydyr bir görnüşinden howatyrlanýarlar" diýip, Ženewada aspirantura institutynyň dolandyryjy ylmy işgäri Farzan Sabet aýtdy.

Pars aýlagynyň geňeşi nebite baý sünni arap monarhiýalaryny öz içine alýar: Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri (BAE), Bahreýn, Kuweýt, Oman we Katar. Waşingtonyň Pars aýlagynyň geňeşi ýurtlarynyň köpüsinde harby bazalary bar, beýlekileri bolsa amerikan goşunlaryna elýeterlilik we goldaw berýär.

Şu hepde BAE-niň yzyndan Saud Arabystany hem "öz howa giňişliginiň ýa-da territoriýasynyň Eýrana garşy islendik harby hereketler üçin ulanylmagyna" rugsat bermejekdigini yglan etdi, ol bu hereketiň Waşingtonyň harby çäreleriniň öňüni almaga gönükdirilendigini aýtdy.

"Yslam respublikasynyň ýa-da onuň wekilleriniň sebitdäki energiýa infrastrukturasyna gönüden-göni hüjümleri global ykdysadyýet üçin zyýanly bolar" diýip, Sabet aýtdy.

Onýyllyklaryň dowamynda Arap aýlagynyň ýurtlarynyň köpüsi Eýranyň şaýy ruhany režiminiň bäsdeşleri ýa-da Tähran bilen dartgynly gatnaşykda boldy. Saud Arabystany, BAE we Bahreýn Eýranyň ýa-da onuň wekilleriniň, mysal üçin Ýemendäki Hutileriň hüjümleriniň nyşany boldy.

Pars aýlagynyň geňeşine girýän ýurtlar dünýäniň nebit üpjünçiliginiň dörtden bir bölegini we global tebigy gazyň 10 göterimden gowragyny öndürýärler. Olar şeýle hem global söwda we ulag üçin möhümdir we millionlarça daşary ýurtly işçileriň öýüdir.

Rimdäki Ýewro-Pars aýlagynyň maglumat merkeziniň syýasat işleri boýunça ýolbaşçysy Pier Kamillo Falaska aýlag ýurtlarynyň öňünde iki maksadyň bardygyny belleýär.

“Olar krizisiň ýaýramagynyň öňüni almak we öz ýurtlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek isleýärler” diýip ol aýtdy.

Falaska, Pars aýlagy ýurtlarynyň portlarynyň, aeroportlarynyň we energiýa infrastrukturasynyň howpsuzlygyny güýçlendirmek üçin köp tagalla edýändigini we ilatyny mümkin bolan kyn günlere taýýarlaýandygyny" belledi.

“Olar hiç hili täsiriň ýaýramagyna, harby toparlara, deňiz gatnawlarynyň bozulmagyna ýa-da söwda we energiýa bazarlaryna täsir edilmegine ýol berip bilmeýärler” diýip, ol aýtdy.

Farzan Sabet hem bu pikir bilen razylaşýar.

Ol Eýrandaky soňky protestleriň ýokary derejä ýeten pursadynda howpsuzlyk güýçleri tarapyndan müňlerçe protestçiniň öldürilendigi baradaky habarlaryň arasynda Pars aýlagy ýurtlarynyň prezident Trampy Eýrana hüjümi yza süýşürmäge ynandyryp bilendigini belledi.

“Bu ýurtlar Trampyň administrasiýasynyň islendik netijeleri has gowy dolandyrmak üçin zerur serişdeleri üpjün etmegini islediler” diýip, Sabet aýtdy.

ABŞ-da ýerleşýän Adam Hukuklary Aktiwistleriniň Habar Gullugynyň (HRANA) maglumatlaryna görä, 29-njy ýanwara çenli 6 373 adamyň ölümi tassyklanypdyr, olaryň köpüsi raýat protestçileridi, şol bir wagtyň özünde 17 000-den gowrak adamyň ölümine degişli maglumatlar gözden geçirilýär.

Waşington şu hepde sebite "USS Abraham Linkoln" söweş uçarly gämi toparyny ýerleşdirdi. Onuň içine uçar gämisi we takyk raketalara we howa hüjümlerine ukyply beýleki uly harby gämiler girýär, olar hatda ýerüsti operasiýalary hem goldamaga ukyply.

ABŞ-nyň metbugaty 29-njy ýanwarda goşmaça "USS Delbert D. ⁠Blek" harby gämisiniň hem sebite barandygyny habar berdi.

Beýleki goňşular

Farzan Sabet Eýranyň goňşusy Yragyň, onuň hökümeti we ilatynyň köpüsi şeýle gapma-garşylykdan daşda durmak isleýän bolsa-da, Eýranyň ABŞ bilen mümkin bolan çaknyşygyna goşulyp biljekdigini aýtdy.

"Yragyň içinde öz ýurduny şol çaknyşyga çekip biljek aktýorlar bar" diýip, ol aýtdy.

Yragyň resmi howpsuzlyk guramasy bolan Halk Mobilizasiýa Güýçleri Eýran bilen hyzmatdaşlyk edýän birnäçe ýaragly goşuny öz içine alýar. Bu toparlar ozal ABŞ-nyň güýçlerine hüjüm edipdiler.

Sabet Yragyň Eýrandaky çaknyşyklaryň uzak möhletli netijelerine taýýarlyk görmek üçin Azerbaýjan, Türkiýe we Pakistan ýaly ýurtlara goşulyp biljekdigini aýtdy, bu bolsa bosgunlaryň akymyna sebäp bolup biler ýa-da etniki bidüzgünçilikleri güýçlendirer.

Eýranda 1,5 milliondan gowrak arap esasan Yrak bilen serhetdeş günorta-günbatar Huzestan welaýatynda ýaşaýar.

Eýranyň iň uly etniki azlygy bolan azeriler Eýranyň Azerbaýjan bilen serhetdeş demirgazyk-günbatar sebitlerinde ýaşaýarlar. Emma ilatynyň köpçüligi şaýylar bolan bu iki goňşynyň arasyndaky gatnaşyklar ynamsyzlyk we duşmançylyk bilen bozuldy.

Eýranyň iň durnuksyz günorta-gündogar welaýaty bolan Sistan-Belujystanyň Pakistanyň günorta-günbatar Belujystan welaýaty bilen 900 kilometrden gowrak serhedi bar. Esasan sünni bäluçlardan ybarat bolan iki sebit hem onlarça ýyl bäri ýaragly separatistik we yslamçy pitnelere gark bolup gelýär.

Demirgazyk-günbatar we günbatar Eýranda sünni kürtler demirgazyk Yrakdaky we günorta-gündogar Türkiýäniň kürtleri bilen gatnaşyk saklaýarlar.

"Bu ýurtlar etniki-lingwistik toparlaryň söweşijiliginden nähili durnuksyzlygyň dörejekdigine hökman alada bildirýärler" diýip, Sabet aýtdy.

XS
SM
MD
LG