Trampyň administrasiýasy ABŞ bilen Eýranyň ýadro ylalaşygyna soňky ýyllardakysyndan has ýakyn golaýlandygyny aýdýar, emma ýokary derejeli resmiler gutarnykly ylalaşyga birnäçe gün galandygyny öňe sürseler-de esasy jikme-jiklikleriň çözülmändigini nygtaýarlar.
Ýokary derejeli administrasiýa resmileri žurnalistler bilen söhbetdeşlikde Tähran bilen gepleşikleriň takmynan "90-95 göterim" tamamlanandygyny we täze ylalaşygyň Obama döwründe baglaşylan we prezident Donald Trampyň ilkinji möhletinde çykan ýadro ylalaşygyndan düýpli tapawutlanýandygyny aýtdylar.
"Gepleşikleriň doly tamamlanmagyna çenli entek uzak. Şonuň üçin ýeňlenleriň bilmeýän zady barada edýän tankydyna gulak asmaň" diýip, Tramp "Truth Social" saýtynda ýazdy. "Menden öň bolan we bu meseläni köp ýyl mundan ozal çözmeli bolanlardan tapawutlylykda, men erbet ylalaşyklary baglaşmaýaryn."
Administrasiýa resmileri hepdäniň ahyryndaky gepleşiklerde uly öňegidişlikleriň bolandygyna garamazdan, hiç bir ylalaşyga dessine gol çekilmejekdigini gaýta-gaýta nygtadylar.
"Biz heniz ol ýere ýetmedik" diýip, ýokary derejeli resmileriň biri 24-nji maýda aýtdy. "Biz şu gün ýa-da ertir ylalaşyga gol çekmeris."
Eýran uran zapasy boýunça eglişik edýäne meňzeýär
Iň uly üstünlik Eýranyň ýokary derejede baýlaşdyrylan uran zapasy bilen baglanyşykly bolup görünýär - bu uzak wagtlap gepleşiklerde esasy päsgelçilik hasaplanýardy.
Trampyň administrasiýasynyň ýokary derejeli resmisiniň sözlerine görä, Tähran indi ýaraga ýaraýan uran zapaslaryny ýok etmäge "umuman" razy boldy, emma gepleşikçiler henizem ony durmuşa geçirmek we barlamak mehanizmleri barada jedelleşýärler.
"Bu nädip etmeli diýen mesele" diýip, resmi Eýranyň materialy tabşyrmakdan ýüz öwrendigi baradaky çaklamalary ret edip aýtdy.
Halkara Atom Energiýasy Agentliginiň maglumatlaryna görä, Eýran häzirki wagtda 60 göterim arassalyk derejesine çenli baýlaşdyrylan uranyň 440 kilogramyny saklaýar - bu raýat energiýa talaplaryndan has ýokary dereje we ony ýarag derejesine çenli baýlaşdyrmak üçin diňe gysga tehniki ädim galýar.
Eýranyň çeşmeleri BMG-niň ýadro gözegçiligi gullugynyň halkara gözegçiligi astynda urany suwuklandyrmagyň hem mümkin çözgütleriň arasynda bolup biljekdigini aýtdylar.
Administrasiýanyň ýokary derejeli resmileriniň ýene biri gepleşikçileriň giňişleýin ylalaşygy doly jemlemek üçin 60 günlük wagt berip biljek çäkli ylalaşygyň baglaşylmagynyň ara alnyp maslahat edilýändigini aýtdy.
'Tozan ýok, dollar ýok'
Trampyň resmileri işlenip düzülýän täze ylalaşygyň berk şertlere we berjaý edilişine esaslanyp döredilendigini öňe sürdüler - olaryň aýtmagyna görä, bu 2015-nji ýyldaky Bilelikdäki Giňişleýin Hereket Meýilnamasyna (JCPOA) gönüden-göni ters gelýär.
Resmiler teklip edilýän ylalaşygyň gurluşyny suratlandyrmak üçin "Tozan ýok, dollar ýok" diýen jümläni gaýta-gaýta ulandylar.
Ylalaşygyň çäginde Eýran baýlaşdyrylan uran gorlaryny ýok etmek we Hormuz bogazynda deňiz gatnawyna päsgel bermekden el çekmek ýaly anyk borçnamalary ýerine ýetirenden soň tapgyrlaýyn sanksiýalardan ýeňillik alar.
"Eýranlylar ilki bilen şertnamadaky öz böleklerini ýerine ýetirmese, ýeňillik bolmaz" diýip, resmi aýtdy.
Şeýle hem resmiler ABŞ-nyň Eýrana gönüden-göni nagt tölegleriniň iberilmejekdigini nygtadylar, bu bolsa Obamanyň administrasiýasynyň uzak wagtlap respublikanlaryň tankytlaryna eýe bolmagyna salgy berýär.
"Eger olar öz borçnamalaryny ýerine ýetirmeseler, onda hiç zat almaýarlar" diýip, resmi sözüniň üstüne goşdy. "Biz ýerine ýetiriş mehanizmlerini döretdik".
Administrasiýa Eýranyň Hormuz bogazynyň söwda gämilerine basyş ýa-da salgyt salynmazdan açyk gatnamagyny üpjün etmek üçin "prinsip taýdan" razy bolandygyny, Waşingtonyň bolsa deňiz blokada çärelerini ýeňilleşdirjekdigini aýdýar.
Şeýle-de bolsa, resmiler diplomatiýa çökse, harby mümkinçilikleriň elýeterlidigini nygtadylar.
"Biziň saýlama mümkinçiligimiz bar" diýip, bir resmi aýtdy. "Eger ylalaşyk gazanylmasa, harby hüjümleri dowam etdirip bileris."
Sebitleýin çaklamalar, Eýranyň içerki syýasaty
Administrasiýanyň resmileri gepleşikleri diňe ýadro ylalaşygy hökmünde däl, eýsem Eýranyň içki güýç deňagramlylygyny täzeden düzmäge gönükdirilen giň strategiýanyň bir bölegi hökmünde görkezdiler.
“Has giňişleýin düýpli maksat Eýranyň aram elementlerine berk syýasatçylaryň täsirini ýeňmegi üçin mümkinçilik bermekdir” diýip, bir resmi aýtdy we ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň berk syýasatçylar henizem uly gözegçiligi saklasalar-da, aram toparlaryň “ýokary derejä” çykýandygyna ynanýandygyny sözüne goşdy.
Resmiler Tähranyň gepleşik pozisiýasyny üýtgetmek üçin harby basyşyň ýa-da ykdysady sanksiýalaryň esasy sebäp bolup-bolmandygyny anyk aýtmakdan ýüz öwürdiler. Emma olar eýran gepleşikçileriniň ozal kabul etmekden ýüz öwren ylalaşyklary, esasanam urany baýlaşdyrmak boýunça şertleri ara alyp maslahatlaşýandygyny boýun aldylar.