ABŞ-nyň Kogressiniň ýanyndaky Adam hukuklary boýunça Tom Lantos komissiýasy (Tom Lantos Human Rights Commission) Merkezi Aziýa ýurtlarynda syýasy tussaglar we adam hukuklarynyň häzirki ýagdaýy boýunça brifing geçirdi. Gatnaşyjylar "iňňän möhüm" regionda raýat jemgyýetçiligini goramak we tussag edilen adam hukuklaryny goraýjylary, žurnalistleri we raýat aktiwistlerini boşatmak üçin ABŞ-nyň syýasaty boýunça teklipleri kesgitlediler.
22-nji iýulda geçirilen ýygnakda transmilli repressiýa syýasaty, zorlukly ýitirim edilmeler we raýatlarynyň söz we din azatlygyna giň gerimli çäklendirmeler bilen tanalýan Türkmenistanda adam hukuklary bilen baglanyşykly dowam edýän aladalara üns berildi diýlip, çärä degişli resmi maglumatda aýdyldy.
Türkmenistan boýunça çykyş eden "Crude Accountability" guramasynyň müdiri Kate Watters Türkmenistan Merkezi Aziýada iň repressiw hökümet diýip, ony Demirgazyk Koreýa deňedi.
Ol "Freeedom House" guramasynyň soňky hasabatyna salgylanyp, Gazagystanyň 2025-nji ýylda syýasy azatlyklar ýagdaýynyň 100 baldan diňe 23 balla deň bolandygyny, Türkmenistanda bolsa syýasy azatlyklara berlen bahanyň 100-den diňe 1 balla deň bolandygyny belledi. Syýasy hukuklar boýunça Türkmenistan 40-dan 0 ball, raýat azatlyklar boýunça 60-dan 1 ball aldy diýip, Watters ýurtda metbugat azatlygynyň, söz azatlygynyň, bileleşmek hukugynyň, açyk we adalatly saýlawlaryň hem-de kanuna laýyk işleýän sud sistemasynyň ýokdugyny belläp geçdi.
"Raýat jemgyýetçiligi gizlinlige we ýurduň daşyna çykmaga mejbur edildi, hökümete degişli bolmadyk guramalara gözegçilik edýän zalym kanunlar muňa sebäp boldy. Ol ýerde syýasy oppozisiýa ýok we hökümeti esasan ýerine ýetiriji häkimiýet ataly-ogul topary dolandyrýar" diýip Kate Watters aýtdy.
Ol ýurt ýolbaşçylarynyň ýitirim edilmelere ýol berendigini belläp, Türkmenistanda ýitirim bolan adamlaryň ykbalyny yzarlaýan "Olary diri görkeziň" atly toparynyň 162 adamy hasaba alandygyny, emma hakyky sanlaryň has ýokarydygyny aýtdy.
"Bu taryhda galan jenaýat däl, bu dowam edýär" diýip, Watters öz çykyşynda belledi. Ol sanawdan 30 adamyň tussaglyk möhletiniň tamamlanandygyny, emma olaryň tussaglykdan boşadylmandygyny aýtdy.
"Olaryň işi barada resmiler tarapyndan birje söz aýdylmady" diýip, Watters aýtdy. Onuň sözlerine görä, ýene 29 adam üzňelikde öldi.
Adam hukuklaryny goraýjy Türkmenistanyň şu günki gün syýahatçylyk gadagançylygyny ýöredýändigini we türkmen raýatlaryny ýurduna gaýtarmak üçin öz çäginden daşarky repressiýalara baş goşandygyny, bu ugurdan daşary ýurtly hökümetler, şol sanda Türkiýe bilen işleşýändigini aýtdy.
"Olaryň repressiýalara, tussaglyga we gynamalara, şol sanda aýylganç şertleri bilen tanalýan türme sistemasynda zor bilen ýitirim edilmegine sezewar bolmagy gaty ähtimal" diýip Watters belledi.
Geosyýasy, ykdysady bähbitler we adam hukuklary
Adam hukuklary boýunça Tom Lantos komissiýasynyň resmi maglumatynda gatnaşyjylaryň ABŞ-nyň bu örän möhüm sebit boýunça syýasaty, şol sanda raýat jemgyýetini goldamak we tussag edilen adam hukuklaryny goraýjylaryň, žurnalistleriň we parahatçylykly oppozisiýa aktiwistleriniň boşadylmagyny üpjün etmek boýunça teklipleri işläp düzendigi aýdylýar.
"Crude Accountability" guramasynyň müdiri Kate Watters öz çykyşynda ABŞ Türkmenistan babatynda Jekson-Wenik goşmaçalaryny saklamaly diýip belledi.
"Bu tapgyrda sanksiýalaryň ýatyrylmagy mundan beýläk-de repressiýalar üçin ýaşyl çyra, şeýle hem jogapkärçiligiň we açyklygyň peselmegi hökmünde kabul ediler" diýip Watters aýtdy we ykdysady gatnaşyklarda adam hukuklary ýagdaýynyň gowulanmagynyň ileri tutulmalydygyny belledi.
ABŞ-nyň 1974-nji ýylda kabul eden kanuny adam hukuklaryny bozýan ýurtlar bilen söwdany çäklendirýär.
Waşingtonda geçirilen brifinge degişli resmi maglumatda bellenişine görä, 2015-nji ýyldan bäri Birleşen Ştatlar Merkezi Aziýanyň bäş hökümeti bilen, "C5+1" görnüşde strategik we ykdysady meselelere gönükdirilen ýyllyk diplomatik sammitini geçirýär. Prezident Tramp tarapyndan 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Ak Tamda geçirilen iň soňky duşuşyk möhüm minerallar, baglanyşyk we söwda boýunça ylalaşyklara getirdi diýlip bellenýär.
Şeýle-de maglumatda bäş ýurduň hökümetleriniň hemmesiniň awtoritar häsiýetleri we adam hukuklarynyň çynlakaý bozulmalary, şol sanda syýasy sebäpler bilen tussag edilmek ýagdaýlarynyň köpelmegi we raýat jemgyýeti guramalaryna, syýasy oppozisiýa we garaşsyz metbugata garşy basyşlaryň giňelmegi ýaly ýagdaýlaryň saklanýandygy bellenýär. Olaryň möçberi we gerimi dürli-dürli bolsa-da, her ýurduň ilaty raýat we syýasy hukuklarynda berk çäklendirmeleri başdan geçirýär diýilýär.
Adam hukuklaryny goraýjylar türkmen häkimiýetleriniň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyna gyzyklanma bildirýändigini we soňky döwürde günbatar bilen diplomatiki gatnaşyklaryny aktiwleşdirendigini belleýärler.
Türkmenistanda ýitirim bolan adamlaryň ykbalyny yzarlaýan "Olary diri görkeziň" atly halkara kampaniýasynyň wekili Ýuriý Jibladze halkara jemgyýetçiliginiň türkmen hökümeti bilen gatnaşyklarda bu ýurtdan adam hukuklaryny berjaý etmegi berk talap etmelidi diýip, belleýärler: "Bu ýagdaýy adamlary halas etmek üçin ulanmaly. Türkmen hökümetinden talap etmeli".
Tanymal adam hukuklaryny goraýjy Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanda adam hukuklary ugrunda anyk özgerişligiň bolmandygyna ünsi çekdi: "Repressiýalar gowşamaýar, gynansak-da, gowulyga tarap hiç zat üýtgemedi, progres düýpden göze ilmedi. Üstesine, pikirini erkin beýan etmek, kritiki pikirleri aýtmak boýunça islendik synanyşyk rehimsizlik bilen basyp ýatyrylýar. Zor bilen ýitirim edilmeleriň pidalarynyň ählisi ýa wepat boldy, ýa-da olaryň doly üzňelikde gynanmagy we ölmegi dowam edýär".
Türkmenistanda syýasy tussaglaryň sany barada anyk maglumat ýok. Türkmenistanyň wekilleri resmi san bermekden we hatda bu problemanyň bardygyny ykrar etmekden boýun gaçyrýarka, halkara guramalary galp aýyplamalar esasynda tussag edilen, tussaglykda dereksiz ýiten we zor bilen ýitirim edilen adamlaryň sanawyny ýöredýärler.
Ýuriý Jibladze günbatar hökümetleriniň geosyýasy we ykdysady bähbitleri ileri tutmaga ýykgyn etmegi göze ilýän hem bolsa, adam hukuklaryny goraýjylaryň ABŞ-a we Ýewropa Bileleşigine Türkmenistandaky syýasy repressiýalar barada ýüzlenmelerini dowam etdirýändigini aýtdy.
"Olar [Türkmenistan] bilen adam hukuklary boýuna dialogyň dowam etdirilýändigi barada bizi ynandyrýarlar. Olar munuň göz üçin däl-de, çynlakaý alnyp barylýandygyny aýdýarlar. Ine, ýakynda Aşgabatda bolan duşuşyklarda, adam hukuklary boýunça ýyllyk dialogyň nobatdaky tapgyrynda anyk sowallar gaýtadan berildi, takyk ýagdaýlar öňe sürüldi. Taraplaryň sözlerine görä, türkmen tarapy Ýewropa Bileleşiginde alada döredýän käbir adamlar barada käbir maglumatlary beripdir, emma gynansak-da ozalky ýyllarda köp wagt bäri dowam edişi ýaly bu maglumat köpçülik üçin bolmady. Türkmen tarapy bu diňe ÝB üçin diýen şerti goýupdyr. Ol ne tussaglaryň ýakynlary, ne-de jemgyýetçilige elýeterli boldy. Tussaglaryň hossarlarynyň ejir çekmegi dowam edýär" diýip, Ýuriý Jibladze Azatlyga aýtdy.
"Olary diri görkeziň!" atly halkara kampaniýasy 2002-nji ýyldan bäri uzak möhletli azatlykdan mahrum edilen, şol sanda syýasy we dini sebäplerden ýitirim bolan ýüzlerçe adamy hasaba aldy, emma türkmen hökümeti halkara basyşlaryna garamazdan, bu pidalaryň ykbaly baradaky soraglaryň köpüsine üns bermezligini dowam etdirýär.
Türkmen raýatlary daşary ýurtlarda ýitirim bolýar
Halkara jemgyýetçiligi 20 ýyla golaý wagtlap daşky dünýäden üzňelikde saklanýan we ykbaly näbelli galýan tussaglaryň ýagdaýyna aladalanma bildirýärkä, türkmen hökümetini açyk tankyt edýän türkmen raýatlary soňky döwürde daşary ýurtlarda ýitirim bolýar. Soňky üç ýyl bäri dereksiz ýiten ondan gowrak adamyň Türkmenistana alnyp barlandygy köpçülige mälim boldy.
Türkmen raýatlarynyň ýitirim edilmegi meselesine adam hukuklaryny goraýjy "Amnesty International" guramasynyň 21-nji aprelde ýaýradan hasabatynda hem üns berildi. Guramanyň 2025-2026-njy ýyllarda dünýä ýurtlarynda adam hukuklarynyň depelenmegine baha beren hasabatynda Türkmenistanda hökümetiň maglumata berk gözegçilik edendigi, tankytçylaryň jezalandyrylandygy we we internetiň senzura astynda saklanandygy bellendi.
Hasabatda garaşsyz sesleriň yzarlanandygy, hökümetiň daşary ýurtlardaky tankytçylaryny tussag edendigi, olary deportasiýa töwekgelçiligine duçar edendigi aýdyldy. Şeýle-de, Türkmenistanyň özünde hem zor bilen ýitirim edilmeleriň dowam edendigi, käbir tussaglaryň türme möhletleri tamamlanandan soň goýberilmändigi aýratyn bellendi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum