Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Amnesty International': Hökümet maglumata berk gözegçilik etdi, tankytçylary jezalandyrdy

"Amnesty International" guramasynyň Germaniýadaky bölüminiň Baş sekretary Julia Duhrow 2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Berlinde "Amnesty International" guramasynyň 2025/2026-njy ýyllar üçin ýyllyk hasabaty barada žurnalistlere teswir berýär.
"Amnesty International" guramasynyň Germaniýadaky bölüminiň Baş sekretary Julia Duhrow 2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Berlinde "Amnesty International" guramasynyň 2025/2026-njy ýyllar üçin ýyllyk hasabaty barada žurnalistlere teswir berýär.

Adam hukuklaryny goraýjy "Amnesty International" guramasy 21-nji aprelde ýaýradan täze hasabatynda döwletleri adamzat üçin möhüm pursatda talaňçylykly, hukuklara garşy düzgünleriň güýje girmeginiň öňüni almaga çagyrdy. Guramanyň 2025-2026-njy ýyllarda dünýä ýurtlarynda adam hukuklarynyň depelenmegine baha berýän hasabatynda Türkmenistanda hökümetiň maglumata berk gözegçilik edendigi, tankytçylaryň jezalandyrylandygy we we internetiň senzura astynda saklanandygy bellendi.

Garaşsyz sesler iş ýüzüne yzarlandy, syýahat gadagançylyklaryna we başga jezalandyrylmalara sezewar boldy diýlip, hasabatyň Türkmenistana degişli böleginde aýdylýar. Hökümetiň daşary ýurtlardaky garşydaşlary tussag edilmegine we mümkin deportasiýa töwekgelçiligine duçar boldular diýlip hasabatda aýdylýar.

Halkara guramasy Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilmeleriň dowam edendigi, käbir tussaglaryň türme möhletleri tamamlanandan soň goýberilmändigi aýratyn bellendi.

2021-nji ýylda zor bilen tussag edilen aktiwist Myrat Duşemowyň iýun aýynda dört ýyllyk türme tussaglygyny tamamlady. Emma, boşadylmagyň ýerine, ol başga bir tussagy urup-ýençmek baradaky galplaşdyrylan aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz boldy we 16-njy sentýabrda ýapyk sud prosesinde sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm edildi diýlip maglumatda bellendi.

Hasabatda türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlardaky garaşsyz tankytçylary nyşana almagyna üns berlip, geçen ýylyň maý aýynda aktiwist Umida Bekjanowanyň Türkiýede Türkmenistana deportasiýa etmek maksady bilen tussag edilmegi we deportasiýa yza süýşürilse-de, onuň anyk ýagdaýynyň belli däldigi aýdyldy.

"Aprel aýynda türkmen bloggerleri we aktiwistleri Alişer Sahatov we Abdylla Orusow Türkiýede tussag edilip, deportasiýa merkezine ýerleşdirildi. Olar iýulda ol ýerden ýitirim boldular" diýlip, olaryň gizlinlikde Türkmenistana eltilen bolmagynyň mümkindigi hasabatda bellendi.

Türkiýede dereksiz ýiten Sahatowyň we Orusowyň işi boýunça 16-njy aprelde çap bolan soňky maglumatlara görä, türk prokuraturasy Edirne sebitiniň deportasiýa merkeziniň ýitirim bolan türkmen aktiwistlerine degişli wideoýazgylary özlerine bermegini talap edipdir.

Wideoblogçy Didar Amansähedow etiň bahalaryny tankyt edeninden soň noýabr aýynda ýitirim boldy. Soňra onuň näbelli ýagdaýlarda ölendigi habar berildi, bu bolsa onuň bikanun tussag edilendigi, gynalmagy we bikanun öldürilendigi barada şübhe döretdi diýlip "Amnesty International" guramasynyň täze hasabatynda aýdylýar.

"Tussaglykda gynamalar we beýleki giň ýaýran erbet çemeleşmeler dowam etdirildi, garaşsyz gözegçilik bolmady" diýlip hasabatda bellenýär.

Şeýle-de, maglumatda Türkmenistanda erkekler arasyndaky jynsy gatnaşyklaryň jenaýat hasaplanmagy, energiýa serişdeleriniň önümçiligine garaşly ykdysadyýetiň ýurduň töwerek-daşy goramak boýunça borçnamalaryny bozandygy, suw ýetmezçiligi we azyk howpsuzlygyna degişli problemalar hem agzaldy.

"Türkmenistanyň ykdysadyýeti 2024-nji ýyla garanyňda haýal ösdi, inflýasiýa bolsa, esasan hem pes girdejili gatlaklara täsir etdi" diýlip maglumatda hökümetiň esasy ünsüni energiýa taslamalaryna gönükdirendigi we täze gaz gorlaryny özleşdirmek we Hindistana gazgeçirijisini gormak ýaly uly energiýa proýektlerini öňe sürendigi bellendi.

Hökümete degişli bolmadyk "Amnesty International" guramasy özgerişlikler, häkimiýet başyndaky ýolbaşçylaryň öz wadalaryny ýerine ýetirmegi, halkara kanunlaryna hormat goýulmagy we jogapkärçilik çekilmegi ugrunda göreşýändigini aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG