Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ukraina üçin goşmaça 150 million dollarlyk howpsuzlyk kömegini yglan etdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 26-njy oktýabrda Ukraina üçin umumy bahasy 150 million dollar bolan goşmaça howpsuzlyk kömeginiň beriljekdigini yglan etdi.

Blinkeniň aýtmagyna görä, goşmaça kömek bukjasy mundan ozal iberilmegine ygtyýar berlen we çäklendirilen ýaraglar we enjamlar bilen üpjün edilýär.

Pentagon bu bukjanyň kämilleşdirilen ýerüsti-howa raketa ulgamlary üçin goşmaça ok-därileri, uçarlara garşy stinger raketalaryny we ýokary çeýelikli artilleriýa raketa ulgamlary (HIMARS) üçin goşmaça ok-därini öz içine alýandygyny aýtdy. Şeýle-de, bu kömek sowutly ulaglara garşy ulanylýan Javeline ulgamlarny, 2 milliondan gowrak top oklaryny we sowuk howa şertlerinde zerur bolan enjamlary öz içine alýar.

XS
SM
MD
LG