Türkmen häkimiýetleri ýene bir gezek ‘nas söweşine' başlady, nas satýan adamlaryň birnäçesi tussag edildi, nas gözleýän adamlar, ýakynda çilim gymmatlanda bolşy ýaly, şäherden obalara gelýärler diýip, ýerli çeşme habar berýär.
Geçen aýyň aýagynda birden çilim gytalanda, habarçymyz Mary şäherindäki dükançylaryň golaýdaky obalara baryp, dükanlardaky 'çilimleri çöpleýändigini' habar beripdi.
Çilim gytçylygynyň nämälim bolup galan sebäbinden tapawutlylykda, nas gytçylygynyň sosial ulgamlara syzdyrylan ‘adalatsyzlyk habarlary' bilen baglydygy aýdylýar.
Nas nokatlary ýapyldy, 'nas aljaklar şäherden oba gidýär'
Lebapdaky habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylar sebitdäki ‘nas operasiýasynyň’ geçen aý, 21-nji oktýabrda başlanandygyny, şondan bäri Türkmenabatda öň aç-açan ýa-da ýaşyryn işleýän nas nokatlarynyň ýapylandygyny aýtdylar.
“Nasa garaşly ýaşaýjylar indi sebit merkezinde, ozal bol bolan ýerinde nas tapman, atar ýaly nas gözläp, şähere ýakyn obalardaky nas söwdagärlerine ýüz tutýarlar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme gürrüň berdi.
Türkmenabadyň şäher polisiýasynda işleýän çeşme habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşip, bu çäreleri AB”-da ýaşaýan türkmen aktiwistiniň 16-njy oktýabrda TikTok-da baýramalyly nas barony barada beren maglumatlary bilen baglanyşdyrýar.
Onuň sözlerine görä, aktiwistiň gozgan meselesi diňleýjileriň arasynda giň seslenme döretdi we Aşgabatdan Lebaba ‘ýörite barlagçylaryň iberilmegine sebäp boldy’.
Azatlyk bu aýdylýanlary resmi ýagdaýda tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär. Aýry-aýrylykda gürleşilen birnäçe ýaşaýjy nasyň 21-nji oktýabrdan soň ‘gytalandygyny’ tassyklady.
Şäher ýaşaýjylarynyň biri Aşgabatdan gelen barlag baradaky habary döwlet edarasynda isleýän tanşyndan eşidendigini, ‘otsuz tüsse bolmaýandygyny’ öňe sürdi:
“21-nji oktýabrda Aşgabatdan Lebaba barlag geldi. Şondan soň şäheriň içindäki gizlin nas satylýan nokatlar hem, bazardaky nasçylar hem ýitirim boldy. Türkmenabadyň her etrapçasynda birnäçe nokat bardy. Häzir olaryň gapysyny kaksaň, gapyny açmaýarlar.”
'Tutuldy gürrüňi ýalan, "Garga" gyra çekildi'
Şu aralykda şäheriň Gök bazarynda aç-açan nas söwdasyny edýän, ilat arasynda “Garga” lakamy bilen tanalýan nas satyjysynyň saklanandygy baradaky gürrüň ýaýrady, emma bu maglumat ygtybarly hasaplanmaýar diýip, habarçymyz ýazýar.
Türkmenabadyň şäher polisiýasyndaky çeşme “Garga” diýilýäniň häzir şäherden çykyp, barlag geçýänçä obada garaşmak kararyna gelen bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.
“Ony hiç kim tussag etmedi” diýip, polisiýadaky çeşme atdy.
Öň nas meselesi bolmadyk, ony islän wagty öz etrapçasynda satyn alyp bilýän ýaşaýjylar indi biri-birinden nas tapyp boljak ýerleri soraýarlar. Ýerli çeşme şäherdäki nas gytçylygynyň ýakyn obalardaky nas söwdasynyň ‘täzeden janlanmagyna’ getirendigini belledi.
“Häzirlikçe nasyň bir kiçijik düwünçegi 10 manat bahalanýar. Onuň içinde 30 grama golaý nas bar. Bulam tapdyrman durmasyn diýip, özüme alty paçka alyp goýdum” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy nasa garaşly adamlaryň alada galandygyny aýtdy.
Nas gytçylygynyň dörän hepdeleri şäherde çilim söwdasynyň hem belli bir derejede çäklendirilen wagtyna gabat geldi. Ýaşaýjylar öň 75 manatdan satylan çilimiň bahasynyň birden 100 manada çenli ýokarlanandygyny, soňky günlerde bolsa nyrhlaryň ýene aşaklap başlandygyny aýtdylar.
Bu gezekki 'nas göreşi' dowamly bolarmy?
Polisiýadaky çeşme Aşgabatdan gelen barlagçylaryň ýerli polisiýa we milli howpsuzlyk işgärleri bilen bile işleýändigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, olar nas satylýan nokatlara müşderi hökmünde baryp, söwda edýänleri ýüze çykarýarlar.
“Olar köne, adaty raýat eşiklerini geýip, hamala nas satyn aljak ýaly bolup aýlanýarlar. Reýdler şeýdip, ýaşyrynlykda geçirilýär” diýip, çeşme bu usulyň has netijeli hasaplanylýandygyny, ýöne nas söwdasyny dolandyrýan adamlara garşy alnyp barylýan göreşiň dowamly, aýgytly çärä öwrüljegine ynanmaýandygyny aýtdy.
Adynyň aýdylmazlygyny soran çeşmäniň we ýerli synçylaryň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, nas söwdasynyň arkasynda duran adamlar hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri bilen bilelikde, ýagny olaryň goragy astynda işleýärler we şonsuz nasyň bir gün hem gorkusyz satylmagy mümkin däl.
“Her welaýatyň öz nas baronlary bar we olaryň döwlet edaralarynda öz adamlary bar. Olar polisiýa, prokuratura we MHM işgärleri bilen baglanyşykly. Häzirki çäreler wagtlaýyn” diýip, polisiýadaky çeşme barlaglary Baýramalydaky bazar söwdagärleri bilen nas söwdagärleriniň arasynda turan dawa we sosial ulgamlarda ýaýradylan şikaýat bilen baglanyşdyrdy.
Azatlygyň ozal hem habar berşi ýaly, türkmen häkimiýetlerine seslerini eşitdirip bilmeýän raýatlar soňky ýyllarda sosial ulgamlaryň üsti bilen pikirlerini, şikaýatlaryny aýdyp, barha kän açyk çykyş edýärler.
'Üsti örtülýän bikanunçylyk' kime gerek?
Birleşen Ştatlarda ýaşaýn türkmen blogçysy Talyb Abasowyň “Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri bikanunçylygyň üstüni ýapýarlar” diýen at bilen taýýarlan göni ýaýlymy iki hepde çemesi wagt içinde YouTube kanalynda 80 müňden gowrak adam tarapyndan görüldi, TikTok-da bols has köp tomaşaçy toplapdyr diýip, polisiýadaky çeşme barlagyň ‘goh-galmagaly ýatyrmak, halky köşeşdirmek üçin geçirilýändigini’ öňe sürdi. Onuň tassyklamagyna görä, Aşgabatdan gelen barlagçylar özlerine berlen tabşyrygy ‘açyk aýdypdyrlar’.
Habarçymyz bu aýdylýanlary resmi taýdan tassykladyp bilmeýär.
Ahaldaky habarçymyz sentýabr aýynda sebitiň nas söwdasyna garşy görlen 'çäreleriň' söwdagärlere 'arzan düşmändigini' habar beripdiler. Şonda bir söwdagär bu gezek '6 müň manat para we 50 kilogram nas bilen gutulandygyny', elinden alnan nasyň yzyna gaýtarylyp berilmändigini aýdypdy.
Azatlygyň habarçylary ýurtdaky çilim, nas meseleleri, bu harytlaryň söwdasynyň töweregindäki gümürtik ýagdaýlar barada yzygiderli habar berýärler, emma olardan uly peýda görýän emeldarlar, ýönekeý adamlara garşy ulanylýan kanun maddalarynyň barly, arkaly adamlara gezek gelende ‘işlemezligi’ ýa düýpden ulanylmazlygy barada döreýän soraglara resmi düşündiriş alyp bolmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum